Türkmenistanyň regionlarynda döwlete degişli dükanlarda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň möçberi ýene-de azaldyldy.
23-nji noýabrda Türkmenistan Orsýetiň MTS telefon operatory bilen aradaky gozgalan işi seljermäge gatnaşjak arbirtr, ýagny araçy boýunça ylalaşdy. Oňa ABŞ-ly wekil Jon Townsend araçylyk eder. Gozgalan halkara kazyýet işinde Türkmenistan günä bildirilýän tarap bolup durýar.
23-nji noýabrdan başlap Aşgabadyň uly bazarlarynyň administrasiýalary öz ýetişdiren gök-bakja önümlerini bazarlara getirip, söwdegärlere satýan daýhanlaryň söwdasyna gadagançylyk girizdi.
Türkmenabadyň merkezinde ýerleşýän “Gök bazaryň” golaýynda käbir ýaşaýjylar gün-güzeran aýlamak üçin, ulanylan köne harytlary satyp başlady. Bu barada “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” (TAH) neşiri 22-nji noýabrda maglumat çap etdi.
Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän çäklerinde güýçli ekstremist toparyň döremek howpy bar diýip, Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) ýolbaşçysy Waleriý Semerikow GDA-nyň çarşenbe güni Moskwada geçiren duşuşygynda aýtdy.
Welaýatlaryň azyk-haryt ýetmezçiliginden ejir çekýän ýaşaýjylary arzan bahadan un, çörek we ýag satyn almak üçin indi Aşgabada gatnap başlady. Bu ýagdaýlar barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 21-nji noýabrda maglumat berdi.
21 – 22-nji noýabrda Azerbaýjan respublikasynyň prezidenti Ylham Alyýew Aşgabada resmi sapary amala aşyrdy. Ol saparyň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Azerbaýjan wekiliýeti bilen türkmen tarapynyň arasynda 20-ä golaý resminama gol çekildi.
Demirgazyk Türkmenistanda internetde edilen söwdanyň soňy jenaýata ýazdy. Güman edilýänler öz pidalaryny ganhorlyk bilen öldürip, olaryň jesetlerini howla gömdi. Güman edilýänleriň biri ýurtdan Türkiýä gaçyp çykjak bolanda aeroportda saklandy.
Türkmen prezidentiniň altyn çaýylan ştanga taýagyny göterip düşen wideosy, dünýä belli satira gepleşiginiň soňky sanynda görkezildi. Gepleşigiň bu sany awtoritar häsiýetli liderlere bagyşlanýar, olar ýaňsa alynýar.
Saud Arabystany TOPH-yň gurluşygyna niýetläp, Türkmenistana bahasy 40 million dollarlyk 35 müň metrden gowrak geçiriji polat turbalaryny iberýär. Ýöne has ozal türkmen resmileri taslamanyň türkmen böleginiň tamamlanandygyny aýdypdylar.
Türkmenisanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky (TDDYIB) ýurduň banklaryndan berlen halkara bank kartlaryny Özbegistanda petikledi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk sebäpli atlandyrylmazlyk şerti bilen 19-njy noýabrda maglumat berdi.
Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministri Öwezmyrat Enermyradow wezipesinden boşadyldy. TDH-nyň maglumatynda onuň başga işe geçýändigi habar berilýär.
16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýanat ýaýradyp, Orsýetiň “RIA Nowosti” habar agentliginiň türkmen-owgan serhedi baradaky habary boýunça beýanat ýaýratdy
Türkmenistanyň dürli regionlarynda, hususan-da Daşoguz we Lebap welaýatlarynda häkimiýetler býujet işgärlerini heniz hem pagta ýygymyna çekýär.
Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “RIA Nowosti” habar agentligi GDA-nyň Serhet goşunlarynyň serkerdeler geňeşine salgylanyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedinde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň barha ýaramazlaşýandygyny habar berýär.
Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça maslahatçysy Ýagşygeldi Kakaýew “Abu Dabi Halkara nebitgaz maslahatynda” (ADIPEC) eden çykyşynda Türkmenistanyň Ýewropa gaz ibermek mümkinçiliklerine seredýändigini aýtdy.
Gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda mallaryny satmaga synanyşýanlaryň sany köpelýär. Olary ýylyň gurak gelmegi hem-de ot-iým ýetmezçiligi köseýär. Azatyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.
Daşoguz welaýatynda heniz doly anyklanmadyk keselden mallar köpçülikleýin gyrylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, mallara mama keseliniň ýokaşandygyndan güman edilýär.
Türkmenistanda kärendeçileriň döwlete tabşyrýan bugdaýynyň döwlet satyn alyş nyrhy iki esse ýokarlandyryldy. Bu barada türkmen hökümeti bilen ugurdaş habarlary çap edýän ýarym resmi orient.tm saýty ýurduň Oba we suw hojalygy ministrligine salgylanyp, 11-nji noýabrda habar berdi.
Düýn 11-nji noýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde bu ýylky pagta plan borçnamasynyň berjaý edilmegi mynasybetli Hasyl toýy toýlandy.
Ýene-de ýükle