Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MTS we Türkmenistan halkara arbitražda araçylaryny kesgitledi


"MTS Türkmenistan" kärhanasynyň bir şahamçasynyň gapysynyň öňündä duran gyz. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
"MTS Türkmenistan" kärhanasynyň bir şahamçasynyň gapysynyň öňündä duran gyz. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

23-nji noýabrda Türkmenistan Orsýetiň MTS telefon operatory bilen aradaky gozgalan işi seljermäge gatnaşjak arbirtr, ýagny araçy boýunça ylalaşdy. Oňa ABŞ-ly wekil Jon Townsend araçylyk eder. Gozgalan halkara kazyýet işinde Türkmenistan günä bildirilýän tarap bolup durýar. Bular barada RAPSI neşiri habar berýär.

Şu ýylyň oktýabr aýynda şweýsariýaly Paolo Mişel Patokki araçylyk boýunça MTS-iň özüne eden teklibini kabul edipdi.

Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän kärhanasynyň 2017-nji ýylda ýurduň telefon ulgamyndan kesilendigini aýdyp, MTS şu ýylyň iýul aýynyň aýagynda Türkmenistanyň üstünden halkara arbitraž edarasyna şikaýat bilen ýüz tutupdy.

MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary 2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda kesilipdi.

Şol gün MTS-iň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekili Dmitriý Solodownikow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Aşgabadyň zerur bolan käbir rugsatnamalaryň möhletini uzatmandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, MTS-iň Türkmenistandaky kärhanasynyň ygtyýarnamasy 2018-nji ýylyň 26-njy iýul güni tamamlandy.

Rus kompaniýasynyň maglumatyna görä, onuň Türkmenistandaky müşderileriniň sany 2017-nji ýylyň 2-nji çärýeginde 1 million 700 müň adama barabar bolupdyr.

Reutersiň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň Türkmenistandaky şahasynyň gazanýan girdejisi onuň umumy gazanjynyň 1 %-e barabardyr.

MTS Türkmenistandaky işini 2010-njy ýylda hem togtatmaly bolupdy. Şonda kompaniýa öz iş ygtyýarnamasynyň togtadylmagynyň “hiç wagt doly esaslandyrylmandygyny” aýdypdy. Ýöne ol soňra, 2012-nji ýylda ýene türkmen bazaryna dolanyp geldi we işi, geçen ýylyň sentýabrynda, ikinji gezek togtadylýança işledi.

2017-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň “MTS Türkmenistany” ýurtdan çykaryp, oňa derek “Aý Nazar” atly öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döretmegi meýilleşdirýändigi habar berildi. Hatda resmi maglumatlara göre, bu plan döwlet baştutanyndan hem goldaw tapdy.

MTS-iň Türkmenistan boýunça 2018-nji ýylyň iýul aýynda ýüz tutan halkara sud şikaýaty barada aýdylanda, ol munuň bilen Türkmenistany ilkinji gezek suda bermeýär. Mundan ozal, 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda, Inwestision dawalary boýunça Halkara merkeziň resmi maglumatyna esaslanyp, Orsýetiň MTS kompaniýasynyň türkmen hökümetini suda bermek boýunça beren arzasynyň 2011-nji ýylyň 5-nji oktýabr güni hasaba alnandygy habar berildi.

2011-nji ýylyň martynda MTS kompaniýasy Türkmenistanda iş alyp barmagyň ygtybarlylygyny sorag astyna alyp, daşary ýurt maýadarlaryna duýduryş häsiýetli Açyk hat bilen ýüzlendi.

2011-nji ýylyň başynda MTS Türkmenistandan çekilmek bilen özleriniň 600 million dollar möçberinde zyýana galandygyny habar beripdi. Ýöne MTS-iň 2011-nji ýylda Türkmenistanyň üstünden ýüz tutan şikaýat arzasy özara ylalaşylyp, ol 2012-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda öz işini täzeden dikeldipdi.

Galyberse-de, MTS goňşy Özbegistanda-da meňzeş täleýe duçar boldy. 21-nji noýabrda Orsýetiň RIA Nowosti habar gullugy “Wedomosti” neşirine salgylanyp, MTS kompaniýasynyň Özbegistanda turan korrupsiýa dawasy bilen bagly 37 milliard rubl zyýana galandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG