Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň noýabr aýynyň başynda ştanga taýagyny göterip, döwlet telewidiýesinde düşen wideosy barada Birleşen Ştatlarda efire berilýän HBO kanalynynyň “Last Week Tonight” satira gepleşiginde gürrüň edildi. Millionlarça tomaşaçy çekýän gepleşigi John Oliver alyp barýar.
"Last Week Tonight" satira gepleşiginde Berdimuhamedowyň ştanga taýagyny göterip düşen wideosy görkezildi
Sözümiziň başynda gysgaça ýatlasak, türkmen resmileri 26-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezidente altyn çaýylan ştanga taýagyny gowşurdy. Prezidentiň özüne gowşurylan taýagy göterip düşen wideosy döwlet telewideniýesinde görkezildi. Ýygnakda resmiler ony ör turup, uzak wagtlap, çapak-çalyp gutlady. Ertesi güni Azatlyk Radiosy bu wideony öz websahypasynda paýlaşdy. Şondan soň wideo dünýä “ýaň salyp” başlady, şol bir wagtyň özünde köpler wideony “ýaňsa alyp” başlady.
Şolardan biri dünýä belli “Last Week Tonight” gepleşiginiň alyp baryjysy Jon Oliwer boldy. Ol soňky satira gepleşiginde dünýäde soňky ýyllarda has-da ýoň bolup barýan häkimiýet başyndakylaryň awtoritar meýilleri barada gürrüň edýär.
Ol, hamana, “dile geldi-bile geldi” diýip, awtoritarlykdan söz açylanda türkmen prezidenti barada-da gürrüň gozgamagy makul hasaplapdyr.
“Biz dünýäde awtoritar liderleriň barha sanynyň köpelýändigi barada gürrüň edýäris. Sebäbi, olar gaty köpelmek bilen bolýar” diýip, Oliwer sözüniň başynda aýdýar, soňra Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň, Hytaýyň prezidenti Şi Jin Piniň atlaryny getirýär. Olaryň hataryna öz ýurdunda häli-şindi gaýta-gaýta saýlanýan Rejep Taýýip Erdogany, Wengriýanyň prezidenti Wiktor Orbany görkezýär.
“Awtoritar liderleriň her haýsysy birek-birekden tapawutlanýar. Olara bildirilýän global meýil ynjalyksyz derejä baryp ýetdi. Sebäbi köp ýagdaýlarda adamlar olary uly işjeňlik bilen ýörite saýlaýar. Soňky ýaýradylan hasabatda dünýäniň ilatynyň 3-den 1-iniň yza tesýän demokratiýanyň astynda ýaşaýandygy aýdylýar” diýip, alyp baryjy belleýär.
Jon Oliwer awtoritar liderleriň umumy häsiýetlerini agzaýar, olaryň hatarynda “güýç görkezmek” häsiýetiniň awtoritar liderlere mahsusydygyny belleýär.
“Awtoritar liderler gözleri gamaşdyryp, güýç sergilemegi halaýar”, diýip ol aýdýar.
Soňra rus lideri Putiniň, çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň suwa düşýän, güneşleýän, ýa-da maşk geçýän wideo şekilleri gorkezilýär.
Nobat alyp baryjynyň iň halaýandygyny aýdan wideosyna, Berdimuhamedowyň ştanga taýagyny göterip düşen wideosyna gelip ýetýär.
“Serediň, Türkmenistanyň awtoritar prezidenti kabinet ministrlerini özüniň altyn taýagy nädip göterişine tomaşa etmäge mejbur edýär hem-de şuny näme diýip atlandyrýan bolsaňyz, şony edýär!” diýip, Berdimuhamedowyň Azatlykda köpçülige ýetirilen ştanga taýakly widoesyny efire berýär.
“Ertir irden işe baryp, başlygyňyzyň aýdýan iç gysgynç degişmelerine gülmäge mejbur edilýän bolsaňyz, bir pursat aýak çekip, perde (tuty) taýagyny göterendigi üçin başlygyny aýakda ör turup çapak çalyp gutlamaga mejbur bolýan adamlar hakda oýlanyň!” diýip, Oliwer aýdýar.
Gepleşigiň YouTube ulgamynda goýlan sanyna tas 3 million 300 müň gezek tomaşa edilipdir. Bu san üstüne ýene bir million goşanda tas Türkmenistanyň ilatynynyň sanyna deň bolup barýar.
Azatlyk Radiosy mundan ozal bu wideonyň sosial mediadaky “ýaňy” barada-da gepleşik taýýarlapdy.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda Berdimuhamedowyň şahsyýet kultynyň dabaralanýandygyny, ýurtda adam hukularynyň ýagdaýynyň kemsidilýändigini, metbugat azatlygynyň ýokdugyny aýdýarlar.
Mundan başga-da Berdimuhamedow wagtal-wagtal aýdym aýdyp, saz çalyp, sport ulaglaryny sürüp, ýa-da söküp-düzüp döwlet telewideniýesinde çykyş edýär.