Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda käbir maldarlar 'ot-iým ýetmezçiligi sebäpli' mallaryny satuwa çykarýar


Lebap welaýatynda meýdanlarda otlaýan mallar, 12-nji noýabr, 2013-nji ýyl. Illýustrasiýa suraty
Lebap welaýatynda meýdanlarda otlaýan mallar, 12-nji noýabr, 2013-nji ýyl. Illýustrasiýa suraty

Gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda mallaryny satmaga synanyşýanlaryň sany köpelýär. Olary ýylyň gurak gelmegi hem-de ot-iým ýetmezçiligi köseýär. Azatyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.

“Welaýatyň beýleki etraplary bilen deňeşdireniňde Köýtendagda maldarçylyk bilen meşgullanýanlaryň sany köp. Bu sebitleriň giň öri meýdanlarynda we dag eteklerinde otlaýan mallaryň eti süýji bolýar. Emma bu ýylky guraklyk sebäpli Köýtendagyň maldarlary öz mallaryny ot-iým ýetmezçiliginden satmaly bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Mallaryny satjak bolýanlaryň aglabasy girdeji gazanmak maksady bilen däl-de, maly gyşdan geçirmegiň oňaýsyzlyklary sebäpli satmaga mejbur bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan sygyr çopanlarynyň biri umuman alanyňda bu ýyl mallaryň geçen ýyl bilen deňeşdireniňde hordugyny, gyşa girjekde mallaryň semredilmelidigini gürrüň berdi. Ýogsa-da, gyşyň sowuk gelmegi hor mallara agyr zarba urýar.

Ot-iým ýetmezçiligi we guraklyk sebäpli mallaryny mejbury satmaga sezewar bolýan hojalyklar, hususan-da ýeke-täk güzeran çeşmesi maldarçylyk bolan maşgalalar, bu ýagdaýdan oňaýsyz täsirlenýär.

“Mallaryny satmaga synanyşýanlaryň sanynyň köpdügine garamazdan, geçen ýyla garanyňda malyň bazardaky bahasy ýokarlandy” diýip, habarçy aýdýar.

Dowarçylyk bilen meşgullanýan adamlaryň Azatlygyň habarçysyna gürrüň bermeklerine görä, kiçi guzularyň bahasy 160-200 manat aralygynda üýtgeýär, boýuny alan dowarlaryň bahasy 300 manatdan başlap, 1000 manada çenli baryp ýetýär; bu nyrhlar beýleki ýerler bilen deňeşdireniňde arzan hasaplanylýar.

Etraba mal satyn almaga gelýänler esasan gassaplar ýa-da mal söwdegärleri bolup, olar hususan-da ýaş goýunlara gyzyklanma bildirýär.

“Mal söwdasy bilen meşgullanýanlaryň agramly bölegi hususyýetçilerdir, ýöne döwletiň “Türkmenmallary” edarasy hem şu ýyl köp malyny satmaly bolupdyr. Olar gyşyň gelmeginden aljyrap, satýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan başga bir çopan gürrüň berdi.

Beýleki bir tarapdan, Daşoguz welaýatynyň maldarlary iým gymmatçylygyndan kösenýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan daşoguzly maldar bugdaý galyndysyndan ýasalan iýmiň 100 kilogramlyk iki haltasynyň bahasynyň 300 manada durýandygyny habar berdi.

“Kepegiň 1 kilogramynyň bahasy häzirki wagtda 1 manat 70 teňňe, ýöne ol ilkibaşda 20 teňňedi” diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

Galyberse-de, düýn 13-nji noýabrda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy welaýatda mallaryň näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG