Eýýäm soňky birnäçe aý wagt bäri ýurduň regionlarynda dowam edýän un-çörek gytçylygy we gymmatçylygy indi paýtagt Aşgabatda-da ýiti duýulýar
Baku türkmen gazyny satyn almagy bes edýär diýip, “Natural Gas World” neşiri 6-njy noýabrda habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet metbugatynda pagta plan borçnamasyny dolan etrapdyr welaýatlar barada yzly-yzyna habarlaryň çap edilýän wagty, býujet işgärleriniň ýurduň dürli künjeginde henizem pagta meýdanlaryna mejbury çekilýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.
6-njy noýabrda käbir iri döwletleriň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň baştutanlary hem-de az sanly halkara guramalaryň ýurtdaky wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän bir düzediş edarasyna baryp gördi.
30-njy oktýabrda Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynda düýeleriň arasynda dörän kesel we munuň bilen baglylykda welaýatyň çäginde düýe etiniň gadagan edilmegi barada maglumat beripdi. Bu habar Türkmenistanda häkimiýetleri herekete geçirdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň altyn çaýylan ştanga taýagyny göterip düşen soňky wideosy käbir daşary ýurt media serişdelerini we sosial media ulanyjylaryny gyzyklandyrdy. Köper onuň bu hereketine kinaýaly garady.
Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna (AABDÇ) öý eýesi Türkmenistandan dört türgeniň ýaryşlara “kadadan çykma goşmaçalaryň hatarynda” gatnaşdyrylmagy Halkara agyr atletika federasiýasynyň düzgünnamasyna gabat gelmeýär.
5-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow käbir ýokary wezipeli hökümet resmileri bilen wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda prezident “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işine nägilelik bildirdi.
2-nji noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew ýurtda güýzlük bugdaý ekişiniň tamamlanandygy barada prezidente hasabat berdi.
1 – 10-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty bilen baglylykda türkmen-özbek serhet geçelgeleri ýapyldy
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň “Gorjaw” geňeşligine sapar edip, ol ýerde Ahal welaýatynyň çäginde guruljak täze dolandyryş merkeziniň gurluşyk taslamalary bilen tanyş boldy diýip, TDH 31-nji oktýabrda habar berdi.
Düýn 1-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy. Munuň bilen baglylykda häkimiýetler paýtagtyň protokol köçeleriniň ählisinde awtoulaglaryň hereketini togtatdy.
“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” (TAH) proýekti ýurtdaky pagta möwsüminiň alnyp barlyşy barada maglumat çap etmäge dowam edýär.
Bu gün 1-nji noýabrda Türkmenistan milli pul birliginiň – türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygyny belleýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow ýurduň günortasynda gurulýan täze obalaryň düýbüni tutumak boýunça geçirilen dabaralara gatnaşdy
Balkan welaýatynyň käbir etraplarynyň kärendeçi daýhanlary özleriniň himiki dökün üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýändiklerini gürrüň berýärler.
Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hökümetara topar Duşenbede maslahat geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet metbugaty 26-njy oktýabrda habar berdi.
Türkmenistan ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän wagty, ýurduň Döwlet haryt-çig mal biržasynda iýun aýynda import edilen ýarym milliondan gowrak ýewrolyk “Mini Cooper” awtomobiliniň ralli görnüşi hasaba alyndy.
Türkmenistanda jemi 117 müň 774,9 gektar möçberde oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasy döredildi. Bu barada 26-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer prezidente hasabat berdi.
Gazagystan Hytaýa iberýän tebigy gazynyň göwrümini 2019-njy ýylda iki esse ýokarlandyrýar.
Ýene-de ýükle