20-nji martda syýahatçylyk habarlaryny çap edýän “RATA News” rus neşiri Türkmenistanyň 60 ýaşa ýetmedik turistlere syýahat wizasyny bermegi dilden gadagan edendigini habar berdi.
Türkmenistanyň goňşusy Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň öz arzasy bilen wezipeden çekilmegi bilen bagly türkmen döwletiniň köpçülikleýin media we habar beriş serişdelerinde hiç hili habar berilmeýär.
Türkmenistan ýüpek gurçugyny ýetişdirip, pile öndürmek möwsümine girişýär.
Siriýanyň demokratik güýçleriniň Deir ez-Zoruň Baguz etrapçasynda Yslam döwleti (YD) ekstremist toparyna garşy amala aşyran operasiýalarynda toparyň boýun synan agzalarynyň köpüsi türki respublikalardan diýip, ANF habar agentligi martyň başynda habar berdi.
17-nji martda Bahreýniň patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa resmi sapar bilen Aşgabada bardy.
Bahreýin Patyşalygynyň patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň Aşgabada amala aşyrýan resmi sapary bilen baglylykda, soňky iki günüň dowamynda Aşgabadyň köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendirilýär.
Türkmen ýörite gulluklarynyň Rohde & Schwartz nemes kompaniýasynyň howpsuzlyk enjamlaryndan peýdalanýan bolmak ähtimallygy barada Azatlygyň çap eden derňewinden soň, türkmen häkimiýetleri Azatlyk Radiosyny ýurtda çäklendirmek boýunça görýän çärelerini ýene-de güýçlendirdi.
Geçen hepde Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk-günbatar sebitlerinde owgan hökümet güýçleri bilen jeňçileriň arasynda çaknyşyk boldy.
"Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň bu sany geçen asyryň 20 - 30-njy ýyllarynda türkmen topragyny terk edip, Owganystana bosup çykan türkmenlerden söz açýar. Köpçülikleýin migrasiýanyň taryhy sebäpleri, onuň täsiri we netijeleri nämelerdi?
Russiýada bilim alýan türkmenistanly studentler türkmen banklaryndan berlen kartlaryndaky maliýe serişdelerini 2 aý bäri düýbünden nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini habar berýärler.
sng.today neşiri Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýewropaly syýahatçylyk kompaniýalary bilen hayzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklara gol çekendigini habar berýär.
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Mercer” kompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinde ýaşaýyş-durmuş şertleriniň amatlylygy we hili boýunça barlag geçirip, 13-nji martda 2019-njy ýyla degişli barlagyň netijelerini çap etdi.
Türkmen-özbek serhediniň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýeleşýän gümrük geçelgesinde reňkli metal önümlerini alyp barýan 8 ýük ulagy türkmen serhetçileri tarapyndan saklandy.
Daşoguzda dollaryň gara bazardaky bahasy 19 manat 50 teňňä çykdy. Aşgabatda 1 dollar 18 manat 60 teňňeden satyn alynýar hem-de 18 manat 80 teňňe - 19 manatdan satylýar.
11-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň başlygy we beýleki käbir ýokary wezipeli resmiler gatnaşdyryldy.
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy raýatlaryň ýurda erkin girip çykmagyny berk gözegçilikde saklaýar.
Geçen ýylyň güýz aýlarynda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda düýeleriň arasynda dörän keselçilik welaýatyň Türkmenbaşy hem-de Bereket etraplarynda täzeden ýüze çykyp başlady.
"Dünýä Türkmenleriniň" bu sanynda Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin hem-de "Türkmenistanyň alternatiw habarlary" neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew bilen geçirilen söhbetdeşligi siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Köp sanly türkmenistanlylar üçin işsizlik ýiti problema bolmagynda galýar. Ýaşlar iş tapmakda dürli kösençlikleri başdan geçirýär.
6-njy martda Trend habar agentligi türkmen metbugatyna salgylanyp, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň daşary ýurtlara 79.4 million sany towuk ýumurtgasyny eksport edendigini habar berdi.
Ýene-de ýükle