Golaýda Türkmenistan barada habarlary çap edýän garaşsyz neşirler - “Türkmenistanyň hronikasy” we “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýtlary özleriniň daş keşbine üýtgetmeler girizdi. “Dünýä Türkmenleri” gepleşigi “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň esaslandyryjysy we Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin hem-de “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýtynyň baş redaktory Ruslan Mätiýew bilen agzalýan neşirleriň düýni we şu güni barada telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Bu günki gepleşigimizde şol söhbetdeşlikleri siziň dykgatyňyza hödürleýäris. Ilki bilen “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň esaslandyryjysy Farid Tuhbatullin bilen geçirilen söhbetdeşlik bilen tanyş boluň!
Azatlyk Radiosy: “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri haçan we nähili şertlerde döredildi?
Farid Tuhbatullin: Biz bu saýty 2006-njy ýylda döretdik. Ondan ozal biz alyp baran monitoring işlerimiziň netijelerini beýleki dürli çeşmelerde çap edýärdik. Biz faktlary ýygnap, BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetine hem-de beýleki halkara guramalaryna degişli hasabat üçin monitoring işlerini geçirýärdik. Ýöne ynha 2006-njy ýylda welin, ýeterlik derejede materiallarymyz bolansoň, diňe bir adam hukuklary hakyndaky hasabatlary çap etmek üçin däl, eýsem biziň ýurdumyzda bolup geçýän beýleki wakalardan hem habar berýän maglumat çeşmesi hökmünde bir saýt döretmeli diýen karara geldik we 2006-njy ýylda biz bu ugurda işläp başladyk.
Azatlyk Radiosy: “Türkmenistanyň hronikasy” Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy toparynyň neşirimi, ýa-da özbaşyna aýratyn neşirmi, şuňa nähili düşünmeli?
Farid Tuhbatullin: Siz dogry aýdýaňyz, hawa, aýdyşym ýaly ilkibaşda bu Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy toparyna degişli pikirdi, ýagny ýurduň içinde monitoring işleri bilen meşgullanyp, daşary ýurtlar üçin hasabatlary çap edýärdi. Ýöne soňra biz ýurduň içindäki ýagdaýlara has täsirli üns çekmek üçin, bu maglumat çeşmesi hem bolsa has gowy bolar diýen netijä geldik. Şonuň üçin bu saýt bir tarapdan Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy toparynyň işleriniň önümi, beýleki tarapdan, özbaşdak belli-meşhur neşir diýip aýtsa bolar.
Azatlyk Radiosy: Indiki soragymyz şeýle, esasy auditoriýa kim bolup durýar siziň üçin? Siziň üçin Türkmenistanyň içine, Türkmenistanyň raýatlaryna habar ýetirmek baş maksat bolup durýarmy, ýa-da Türkmenistanda bolup geçýän wakalar barada halkara jemgyýetçiligini habarly etmek baş maksat bolup durýarmy?
Farid Tuhbatullin: Biz elbetde ilkibaşda hut türkmenistanly raýatlaryň biziň maglumatlarymyzy okamagyny isledik, ýöne gynansak-da internet bilen bagly problema sebäpli hem-de ýurduň ýapyklygy üçin bu ugurda iş alyp barmak ep-esli kyn boldy, ýöne şonda-da ýurt raýatlary biziň maglumatlarymyzy okaýarlar. Şol bir wagtyň özünde biziň maglumatlarymyzdan daşary ýurtly iri habar serişdeleri hem öz işlerinde peýdalanýarlar. Bu hem biziň üçin gürrüňsiz örän örän peýdalydyr. Biziň üçin diýmek bilen men diňe bir öz guramamyzy göz öňünde tutmaýaryn, eýsem tutuş ýurdy göz öňünde tutýaryn. Sebäbi diňe biziň neşirlerimiz we biziňki ýaly beýleki neşirleriň üsti bilen halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanda nämeleriň bolup geçýändigi, adamlaryň haýsy hukuklarynyň kemsidilýändigi, ýurtda nähili problemalaryň bardygy bilen tanyş bolýarlar. Ýogsam olar bular barada diňe, elbetde obýektiw hasaplap bolmajak, resmi habar çeşmelerden bilmeli bolarlar.
Resmi çeşmelerden diýdiňiz Farid, şu ýerde şeýle sorag döreýär, görnüşinde, siziň saýtyňyz esasan ýurtdaky problemalara ünsi çekýär, munuň bilen baglylykda häkimiýetler size zyýan ýetirmek maksady bilen, sizň işiňize päsgelçilik döretmek maksady bilen nähilidir bir çärelere baş goşýarlarmy?
Farid Tuhbatullin: Meniň ozal-da belleýşim ýaly, ilki bilen Internet hakykatdan bloklanýar. Men diňe öz saýtymyz barada däl, eýsem siziň radioňyzyň saýty we başga-da birnäçe saýtlar hem adamlar olara girip bilmez ýaly petiklenen. Beýleki tarapdan VPN ulanyp, ýa-da başga mümkinçilikden peýdalanyp şeýle petikli saýtlara girmäge synanyşýan adamlary ýörite gulluklar yzarlaýar, olaryň üstüni açýar, olara her hili duýduryşlary berýärler. Bulardan başga-da biziň saýtmyza telim gezek DdoS hüjümleri amala aşyrdylar. Iki-üç gezek dagy olara saýty ‘döwmek’ hem başartdy, ýöne biz dessine ony täzeden dikeldýäris. Türkmen häkimiýetleri tarapyndan şeýle basyşlar yzygiderli edilip durulýar.
Siziň pikiriňizçe türkmen häkimiýetleri näme sebäpden şeýle kynçylyklary döredýärler, olar tankytdan gorkýarlarmy?
Farid Tuhbatullin: Haçan-da hem ýurduň içinde, hem halkara arenada garaşsyz habar serişdeleriň Türkmenistan barada çap edýän faktlary olara (häkimiýetlere) görkezilende, bu olaryň degnasyna degýär. Bu olaryň örän gaharyny getirýär. Beýleki tarapdan, belki-de olar adamlaryň hatda ýurduň içinde ýaşap birek-birekden alyp bilmejek maglumatlaryndan habarly bolsalar, onda munuň ilat arasynda nähilidir bir nägelelige ýol açmagyndan ýaşyryn gorkýandyrlar we, belki-de, olar bu barada-da pikir edýändirler.
Onda siziň aýdyşyňyza görä, türkmen häkimiýetleri Türkmenistanda bar bolan problemalara garşy däl-de, problemalar boýunça berilýän habarlara garşy göreşmegi saýlap alýarlar?
Farid Tuhbatullin: Hawa, meniň pikirimçe şeýle, ýöne men adaty bolmaly reaksiýa tersine, başgaça bolmalymyka diýýärin, ýagny biziň çap edýän maglumatlarymyzy derňäp öwrenip, problemalary çözmäge synanyşmalymyka diýýärin. Biz aslynda bu işleri öz ýurdumyzy garalamak üçin alyp barmaýarys, gaýtam tersine "şeýle ýetmezçilik bar, şeýle problema bar we olary çözmeli" diýýäris. Ýöne häkimiýetler, gynansak-da, başgaça hereket edýärler.
Şu wagta çenli siziň ýetiren habarlaryňyzyň we hasabatlaryňyzyň türkmen häkimiýetlerine täsir ýetiren wagty boldumy, olaryň şol hasabatlardan ugur alyp herekete geçen wagty boldumy?
Farid Tuhbatullin: Şeýle birnäçe waka boldy, ýöne biziň hukuk goraýjy hökmünde nukdaýnazarymyza görä, elbetde, iň wajyby biziň türkmen türmelerindäki ýagdaýlar barada ýaýradan ilkinji dokladymyza görkezilen reaksiýa boldy. Ol hasabat çap edildi hem-de men ony ýörite özüm adaty poçtanyň üsti bilen, Prezidentiň diwanyna, Mejlise, Adalat ministrligine, Içeri işler ministrligine, Milli howpsuzlyk ministrligine we beýleki strukturalara ýolladym. Olar, görnüşinden hasabaty kabul eden ýaly. Sebäbi şondan edil 1 hepde soň prezident Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi we ýurduň jenaýat kodeksini reformirlemegiň zerurdygyny, düzediş sistemasyny reformirlemegiň zerurdygyny aýtdy. Dogrusy ol bu zatlary hamana öz ideýasy ýaly hödürledi. Ýöne bu biziň üçin möhüm däl, biziň üçin möhüm zat biziň bu meseleleri häkimiýetlere ýetirip bilmegimizdir. Şonda bu hakykatdan-da häkimiýetleriň pozitiw reaksiýasy boldy. Ýöne gynansak-da häkimiýetleriň gören iri çäreleri barada aýdylanda, şol olaryň her niçik hem bolsa görkezen ýeke-täk pozitiw reaksiýasy boldy. Ýöne haçan-da biz aýdaly, mysal üçin, ýeter-ýetmezçilik barada, bahalaryň gymmatlamagy ýa-da haýsydyr bir etrapda ýa-da şäherde bolup geçýän nähilidir bir waka barada ýazanymyzda, häkimiýetler problemany çözmegiň deregine, şol maglumaty bize ýetiren çeşmäni tapjak bolýarlar, ýa-da nädip hem bolsa muny ýaşyryp, bassyr-ýussur etjek bolýarlar.
Okyjylaryň reaksiýalary, kommentariýalary barada gürrüň beräýseňiz, şeýle-de okyjylaryň ýurtdaky ykdysady krizisden öňki we soňky teswirlerinde mazmun taýdan tapawut göze ilýärmi?
Farid Tuhbatullin: Haçan-da krizis ilki başlanda biz çörek, ýag nobatlary ýa çilimiň satuwdan ýitirim bolmagy we şuňa meňzeşler barada habar çap edenimizde, nähilidir bir ynamsyzlyk boldy. Hususan-da bir wagtlar Türkmenistanda ýaşap, häzirki wagtda daşary ýurtlarda ýaşaýan adamlar, ýa-da bolmasa, aýdaly, Türkiýede, Russiýada, Belarusda okaýan studentler bu habarlara ilki ynamsyzlyk bilen çemeleşdiler, bize ‘sensasiýa kowalaşýar’ diýdiler, ýöne soň haçan-da bu habarlar, suratlar, wideolar beýleki çeşmelerde-de bizde-de peýda bolup başlansoň, olar biziň mamladygymyzy, ýagdaýlaryň ýaramazlaşýandygyny gördüler. Şeýle ýagdaýlarda biz hakykatdan-da yzarlap, ýagdaýyň anygyna ýetmäge synanyşýarys. Biz elbetde biziň garşymyza çykyş edýänleriň hem kommentariýalaryny çap edýäris. Biziň üçin gaýtam bize berilýän bahany obýektiw görmek zerur. Ýöne biz hiç kim bilen "polemika" girmeýäris, hiç kim bilen jedelleşmeýäris. Biz ýöne bir bize gowuşýan maglumatlary her gün ýetirmäge synanyşýarys. Adamlaryň bu habarlary nähili kabul etjegi, elbetde, olaryň öz şahsy işleri.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde prezident Berdimuhamedowyň sport ulagyny sürüp, ýa-da at çapyp, daş göterip, tigir sürüp, sport bilen meşgullanyp ýa-da aýdym aýdyp düşen wideolaryndan "Türkmenistanyň hronikasy" gysga hronometražly wideo taýýarlap çap edýär welin, bu wideo Internetde giňden paýlaşylýar. Şular barada näme aýdyp bilersiňiz?
Farid Tuhbatullin: Dogrudan-da, bu wideolar örän uly meşhurlyk gazanýar hem-de Internet torunda örän çalt ýaýraýar we olardan iri media guramalary peýdalanýar. Ýöne Türkmenistan barada düýbünden hiç zat bilmeýänleriň köpüsi bu wideolarda, men goşa dyrnagyň içinde aýdaýyn, nobatdaky “telbe diktatory” görýärler. Olar ýöne bir gülüp geçýärler, şeýdibem gutarýar. Ýöne muňa garamazdan, beýleki bir tarapdan, elbetde Türkmenistandaky ýagdaýlardan habarly adamlar bu wideolara örän çynlakaý çemeleşýärler. Olar türkmen media serişdeleriniň gün-günden degradirlenýändigini aňýarlar. Bu bolsa eýýäm masştaby we derejesi boýunça başgaça problemadyr. Biz ýöne bir geçiriji halka ýalydyrys. Adamlar oturyp sagatlap, resmi wideo reportažlara seretmeýärler. Haçan-da olary sykyp, biraz ýumor bilen, biraz sarkazm bilen ýetirseň, bu meniň pikirimçe has täsirli bolýar. Biziň alyp barýan işlerimiziň şu ugry prezidentimiziň we resmi medianyň özlerini alyp baryşlarynyň “saýasynda” üstünlikli ösýär.
Şu işleriň hemmesini näçe adam bolup ýerine ýetirýärsiňiz? Toparyňyz barada biraz maglumat beräýseňiz, eger mümkin bolsa!?
Farid Tuhbatullin: Türkmenistanda biziň birnäçe synçy-habarçymyz aýdaly 10-dan gowrak adam bar, aslynda ýurtda bolýan wakalar barada yzygiderli ýa-da wagtal-wagtal habar ýollap durýan we biziň habarlaryny çap edýän adamlarymyzyň sany ondan-da köpräk welin, gönüden-göni ştatda, ýagny ofis diýýänimizde işleýänler 9 adam. Biziň saýtymyz üç dilde çap edilýär; redaktorlar bar, terjimeçiler bar we gönüden-göni saýt bilen işleşýänler bar. Materiallaryň taýýarlanmagynda 4 adam işleýär.
Wagt tapyp, beren gürrüňleriňiz üçin minnetdarlyk bildirýäris, Farid. Siziň goşmak isleýän zadyňyz barmy, belki men möhüm bir mesele barada soran däldirin!?
Farid Tuhbatullin: Men biziň resurslarymyza girip, maglumat alýan adamlaryň hemmesine, öz kommentariýalaryny iberýän adamlara, goý ol hatda negatiw kommentariýa bolsun, minnetdarlyk bildirýärin. Biz hut adamlar üçin işleýäris. Haçan-da adamlar bular bilen gyzyklananda, biz öz maksatlarymyza ýetilýän hasaplaýarys we geljekde-de bu işleri alyp bararys diýip umyt edýäris.
Indi bolsa, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary saýtynyň baş redaktory Ruslan Mätiýew bilen geçirilen söhbetdeşligiň mazmuny bilen tanyş boluň!
Azatlyk Radiosy: “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” haçan we nähili şertlerde, näme maksat bilen döredildi?
Ruslan Mätiýew: Biziň saýtmyz 2010-njy ýylyň fewral aýynda döredildi. Bilişimiz ýaly, ol wagtlar Türkmenistanda bolup geçýän wakalar barada habar çap edýän diňe sanaglyja websaýt bardy, olaryň hemmesi-de Türkmenistanyň içinde petiklidi. Men hem ol wagty Bişkekde ýaşaýardym, işleýärdim. Şonda bir pikir döredi, ynha bu saýtlar işleýärler, makala ýazýarlar! Ýagdaýlar hem şol wagtlar howpludy, häzirem howply, bilişiňiz ýaly, korrespondentler üçin, habar berýän adamlar üçin, ýöne kim üçin ýazýardy şolar, şol makalalary, şol analitiki işleri!? Daşary ýurtda ýaşaýan türkmenler üçin ýa-da daşary ýurduň Türkmenistan bilen gyzyklanýan raýatlary üçin. Men hem şol problemany düzetjekdim.
Azatlyk Radiosy: Siziň saýtyňyzyň auditoriýasy kimler bolup durýar? Saýtyň maglumatlary halkara jemgyýetçiligine niýetlenenmi ýa-da Türkmenistanyň öz raýatlaryna niýetlenenmi?
Ruslan Mätiýew: Ol ikisi üçin hem niýetlenendir, sebäbi meniň saýtymyň ilkinji maksady Türkmenistanyň raýatlaryna habar bermek.
Sosial mediadan peýdalanýarsyňyzmy? Sosial mediadan nähili peýdalanýarsyňyz, sosial mediada auditoriýadan nähili reaksiýa görýärsiňiz, reaksiýa görýärsiňizmi?
Ruslan Mätiýew:Elbetde sosial media ulgamlaryndan peýdalanýarys. Gynansak-da, olaryň köpüsi häzirki wagtda Türkmenistanyň içinde petikli, emma Odnoklassnikini alsak, şol ýerde 23 müňe golaý yzarlaýjymyz bar. Adamlar ýurduň içinde bir usulyny tapyp, VPN ýükläp, şol ulgamlara girip, biziň makalalarymyzy okaýarlar, elbetde.
Okyjylar haýsy temalara has içgin gyzyklanma bildirýärler?
Ruslan Mätiýew: Iň bir gyzyklanma bildirilýän temalar, gynansak-da, prezidentiň töweregine degişli temalar. Ýadyňyzda bolsa, prezidentiň körekeni Ibabekir Bekdurdyýew barada, şonuň kaşaň sagatlary barada, gymmat bahaly sagatlary barada wideo çykaranymyzda şol iň bir meşhur bolup çykdy diýsek hem bolar. Başga-da ýene, mysal üçin, bilim ulgamyna degişli temalar ýa-da saglyga degişli temalar, mysal üçin, welaýatlarda ýa-da oba ýerlerinde hassahanalaryň şertleri mekdepleriň şertleri, çagalar baglarynyň şertleri, ýaramaz ýollar, suw, tok, gaz ýetmezçiligi ýaly temalar hemişe il arasynda gürrüň edilýär, şol makalalar köp okalýar.
Şu meseleleri gozganyňyzda häkimiýetlerden nähilidir bir reaksiýa görýärsiňizmi, ýa-da siziň gozgan temalaryňyzdan, makalalaryňyzdan ugur alyp, şolaryň netijesinde häkimiýetleriň herekete geçen wagty bolýarmy?
Ruslan Mätiýew: Elbetde, bolýar! Meniň 9 ýyllyk tejribämde şuňa meňzeş birnäçe waka boldy, birnäçe çäre görüldi.
Şolara mysal berip bilersiňizmi?
Ruslan Mätiýew: Elbetde! 2014-nji ýylda Çelekeniň (Hazar şäheri – red.) kenary barada ýazypdyk. Şol wagty, ol döwürler deňziň suw derejesini saklamak maksady bilen de[iz kenarynda galyň-galyň, uly trubalar goýlan ekeni, sowet döwründen bäri. Şol barada ýazdyk , aradan 2-3 aý soň şol kenar dolulygyna arassalandy, Çelekende. 25 ýyllap oňa hiç kim, sereden adam ýokdy. Biz çap etdik, 2-3 aýdan soň ony dolulygyna arassaladylar, kenary. Ynha, ýakynda mysal üçin Tejeniň bazary barada makala çap edip, bir suratam goýduk. Palçyk, geçer ýaly däl. Adamlar şolar ýaly şertlerde bazar söwdalaryny etmeli bolýarlar. Şondan 3-4 gün soň habarçymyz täzeden surat goýberdi. Edil şol ýerde alnan surat, ýöne 3-4 soň täze asfalt “plitka” düşeldi şol ýere. Netijesini gördük şonuň.
Ruslan, siz saýtyňyza turkmen.news diýen täze ady dakdyňyz. Indi nähili üýtgeşikliklere garaşmaly? “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” diýen at dowam edýärmi, saýtyň diňe domeýn ady üýtgedildimi?
Ruslan Mätiýew: Domeýni üýtgedildi, ýuridiki taýdan biz heniz hem “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” bolup durýarys. Saýtyň domeýn adyny üýtgetdik. Sebäbi, mysal üçin, daşary ýurtdakylar üçin has-da manyly bolar ýaly turkmen.news etdik. Indiki maksadymyz habarlarymyzyň, maglumatlarymyzyň sanyny köpeltmek.
Bu söhbetdeşligiň mazmunyna düzediş girizildi. Interwýunyň ozalky wersiýasynda "Türkmenistanyň hronikasy" neşiriniň esaslandyrjysy we Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin neşiriň baş redaktory hökmünde tanyşdyrlypdy.