Olaryň hatarynda efirde howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedilýän lebaply Bilbil iş gözleginde duçar bolan kynçylyklaryny Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna 8-nji martda gürrüň berdi.
Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy 25 ýaşly Bilbil ýaşlykdan mugallymçylyga höwes edýär. Ol bu arzuwyny amala aşyrmak üçin iki ýyllap yzly-yzyna ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmäge synanyşýar. Ýöne, onuň öz sözlerine görä, ýuduň ýokary okuw jaýlarynda giň ýaýran korrupsiýa Bilbiliň bu arzuwyna böwet bolýar. Ol ýokary okuw jaýyna girip bilmeýär.
Bilbil arzuwyndan el çekmeýär. Ol iň bolmanda mekdebe çenli çagalar baglarynda işe ýerleşmek arzuwy bilen, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet Mugallymçylyk institutynyň binýadyndaky "terbiýeçilik hünäri boýunça kadr taýýarlaýan 8 aýlyk kurs merkezine" tölegli okuwa girýär. Okuwy üstünlikli tamamlaýar.
Türkmenistanda gysga möhletli orta hünärmen mekdepleri, tehnikumlar we kolležler hereket edýär. Olar terbiýeçi, buhgalter, mehanizator we şuňa meňzeş kärler boýunça hünärmen taýýarlaýar.
Tamamlan okuwy Bilbile peýda getirmeýär. Ol ugry boýunça iş tapmakda kösenýär. Bilbil Türkmenabadyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik müdirliginde, ýagny Zähmet biržasynda okuwy gutaran badyna hasaba durýar. Zähmet biržasynyň işgärleri oňa garaşmagy, iş orny dörände özleriniň habar berjekdigini aýdýar. Ýöne soň olardan belli bir wagta çenli hiç hili habar bolmaýar. Aradan 1 ýyl töweregi wagt geçensoň, biržanyň bir işgäri oňa işe ýerleşdirmek üçin, Bilbiliň Azatlygyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, 1.000 dollar möçberinde para soraýar, hem-de paranyň manatda däl, dollarda tölenilmelidigini aýdýar.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň binýadynda ýurduň her welaýatynda Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik müdirligi hereket edýär.
Türkmenabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik müdirligi Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýär.
Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary şeýle müdirlikleriň örän seýrek ýagdaýda ilatyň iş üpjünçiligine ýardam berýändigini aýdýarlar.
Bilbiliň ejesi şäheriň mekdepleriniň birinde geografiýa mugallymy bolup işleýär. 2-nji derejeli maýyp kakasy Tükmenabadyň köp ugurly bazarynda aýakgap tikmek bilen meşgullanýar. Olar Bilbiliň işe ýerleşmegi üçin talap edilýän parany tölemäge özleriniň güýçleriniň ýetmeýändigini aýdýarlar.
Birleşen Milletler Guramasynyň “Dünýädäki ykdysady ýagdaý we geljekki mümkinçilikler” atly soňky hasabatynda 2018-nji ýylda Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 3.3 prosente deň bolandygyny habar berildi. Ýöne 24-nji ýanwarda Azatlygyň ýurt içindäki çeşmesi hökümetdäki tanşyna salgylanyp, ýurtda işsizligiň derejesiniň azyndan 40-45 % diýlip çaklanýandygyny habar berdi.
2017-nji ýylyň martynda Azatlyk Radiosynyň hökümetdäki beýleki bir ynamdar çeşmesi ýurtda işsizligiň derejesiniň 59 % ýetendigini habar beripdi.
Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteti bu sanlar boýunça resmi hasabat çap etmeýär.
Türkmenistanda martyň başynda umumybilim edaralary hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler girizildi. Ýerli synçylar bu düzgünnamanyň üýtgedilmegi bilen bilim-terbiýeçilik edaralarynda köpçülikleýin ştatlaryň kemeldilmeginden alada galýarlar.