Bu operasiýalar 4 – 5-nji martda geçirilipdi.
Agentligiň berýän maglumatynda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň boýun synan agzalarynyň wideolary görkezilýär. Olaryň hatarynda ele salnanlardan bir erkek adam özüni Ýusup diýip tanyşdyrýar hem-de özüniň aslynyň türkmenistanlydygyny aýdýar.
Azatlyk Radiosyna onuň anyk türkmenistanlydygyny ýa-da däldigini garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.
Wideodan mälim bolşuna görä, özüni Ýusup atlandyrýan adam “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň hataryna Stambuldan baryp goşulypdyr. Ol Stambula Türkmenistandan barypdyr.
Ýusup özüniň ilki 7 ýyllap Stambulda ýaşandygyny, 4,5 ýyllap jeňçi toparyň hatarynda bolandygyny aýdýar.
ANF habar agentliginiň maglumatyna görä, ol toparyň hataryna goşulmagynyň aňyrsynda ýatan sebäpleri, gysgaça, “Allanyň kitabyny okadym we goşuldym” diýip jogaplaýar.
Aslynyň türkmenistanlydygyny aýdýan Ýusup mundan ozal özüniň Stambulyň Awjylar etrabynda ýaşandygyny, Siriýanyň Rakka şäherinde bolandygyny, YD-yň guramagyndaky jeňçi tälim-türgenleşiklere gatnaşandygyny aýdýar.
“Sen YD-yň hatarynda söweşýärmidiň?” diýen soraga Ýusup, “jyhadçylyk bilen meşgullanýardym” diýip, jogap berýär.
Wideodan mälim bolşuna görä, özüni Ýusup atlandyrýan adam, Yslam döwletiniň hataryna goşulmak bilen ilkibaşda diniň kadalaryny berjaý etmäge umyt baglandygyny, ýöne ýagdaýlaryň garaşyşlary ýaly bolmandygyny aýdýar; toparyň hatarynda köp ýalňyş ýollara baş goşulandygyny, özüniň puşmandygyny belleýär.
Ol interwýunyň soňunda özüniň Türkiýä dolanmak isleýändigini aýdýar.
“Bu ýagdaýda dolanyp biljegiňe gözüň ýetýärmi?” diýen soraga, “Men Türkiýä dolanmak isleýärin, sebäbi men ol ýerde rahat” diýip jogap berýär.
Jeňçileri ele salan Siriýanyň demokratik güýçleri harby taýdan ÝPG, ýagny esasan kürtleriň agdyklyk edýän Halkyň gorag birikmeleri tarapyndan goldanýar. Birleşen Ştatlary Yslam döwleti ekstremist toparyna garşy göreşýan Halkyň gorag birikmelerine mundan ozal harby taýdan hemaýat edipdi. Wideony çap eden ANF habar agentligi kürt toparlaryna ýakyn habarlary bilen tanalýar.
Ýatlasak 5-nji martda Reuters habar agentligi Siriýanyň gündogar anklawynda ýüzlerçe jyhadçynyň, şol sanda türkmenistanly söweşijileriň hökümet güýçlerine tabyn bolandygyny habar beripdi.
Habarda Siriýa güýçlerine tabyn bolan söweşijileriň sanynyň 500-e barabardygy, olaryň aglabasynyň daşary ýurtlylardygy hem bellenilýär.
“Söweşijiler dürli ýurtlardan bolup, olaryň arasynda Özbegistan we Türkmenistan ýaly döwletleriň raýatlary hem bar” diýip, “Reuters” neşiri martyň başynda habar beripdi.
2013-nji ýylyň iýun aýynda Siriýada hökümet güýçleri tarapyndan tussag edilen we türkmenistanlydygy aýdylýan söweşijiniň wideo ýazgysy rus metbugatynda peýda bolupdy.
Garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklanmadyk maglumatlara görä, şol wideoda özüni Abu Abdylla lakamy bilen tanyşdyran, hamala türkmenistanlynyň “Al-Kaýda” toparyna degişli bolan Aleppodaky bir toparyň hatarynda komandir bolandygy aýdyldy.
Hökümetleri we halkara guramalary strategiki howpsuzlyk maglumatlar bilen üpjün edýän “The Soufan Group” toparynyň 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda ýaýradan hasabatynda “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşmek üçin Türkmenistandan 400 sany adamyň Siriýa we Yraga gidendigi bellenilýär.
Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.