Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oba mekdepleriniň mugallymlary ýüpek gurçugyny ýetişdirip, pile öndürmäge mejbur edilýär


Ýüpek gurçuklary
Ýüpek gurçuklary

Ýöne ýurduň dürli künjeklerinden köp sanly oba adamlary özleriniň ýüpek gurçugyny ýetişdirmek bilen zyýana galýandyklaryny aýdyp, onuň önümçiligi bilen meşgullanmakdan boýun towlaýarlar. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri ýerli habarçylaryna salgylanyp, habar berýär.

Neşiriň ýurt içindäki habarçylarynyň gürrüňdeş bolan oba ýaşaýjylary pile önümçiliginiň özüni ödemeýändigini aýdýarlar. Maglumata görä, 2018-nji ýylda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän etraplaryň oba ýerlerinde pile önümçiligi bilen meşgullanýan hojalyklara häkimiýetler döwletiň 1 kilogram piläni olardan 7 manatdan satyn aljakdygyny wada berýär. Ýöne haçan-da hasaplaşyk döwri gelende, meselem, Ýolöten etrabynda pileçilere 7 manadyň diňe ýokary hilli pilä tölenjekdigi aýdyldy.

Neşiriň maglumatyna görä, piläniň hili diňe onuň kabul ediş bazalarynda, ýagny adamlaryň önüm tabşyrýan ýerlerinde kesgitlenilýär; netijede, 2018-nji ýylda piläniň her kilogramy üçin 5 manat töleg tölenildi.

Piläniň hili howa şertlerine, ýüpek gurçugy saklanýan ýeriň temperaturasyna we ol ýeriň çyglylyk derejesine, ýagtylyga, tut ýapragynyň hiline we beýleki käbir faktorlara görä üýtgäp bilýär.

“Türkmenistanyň hronikasynyň” maglumatyna görä, geçen ýyl Türkmenistanda pile öndürijiler bilen hasaplaşyk geçirilende başga-da käbir kemçiliklere ýol berildi. Häkimiýetler tölegi pul bilen däl-de, öndürilen pilä derek mal iýmini bermek arkaly hasaplaşyk geçirmegi teklip etdi. Munuň bilen baglylykda, häkimiýetler barter görnüşinde önüm öndürijilere 10 kilogram pile üçin 100 kilogram kepek bermegi wada beripdi.

Adamlar muňa-da razy boldy, ýöne, meselem “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň pileçilerine wada berlenden iki esse az, ýagny 10 kilogram pile üçin 50 kilogram kepek berilýär.

Ýatlasak, geçen ýylyň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde kepek ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklar hem ýüze çykypdy. 2018-nji ýylyň fewral aýynda Azatlyk Radiosyna gelip gowşan wideoda kepek nobatynda basalaşýan adamlar görkezildi.

Ýöne häkimiýetler pile önümçiliginiň düşewüntsizliginden şikaýat edip, onuň bilen meşgullanmakdan boýun gaçyrýan oba adamlaryna başgaça çözgüt hödürleýär. Ýagny, neşiriň maglumatyna görä, häkimiýetler býujet işgärlerine, aýratyn-da oba mekdepleriniň mugallymlaryna mejbury pile öndürmegi tabşyrýar.

Häzirki wagtda Mary welaýatynyň oba mekdeplerinde mugallymlara eýýäm 5-10 gramdan gurçuk paýlap berdiler diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” ýazýar.

Oba mekdepleriniň mugallymlary hem, öz gezeginde, özlerine mejbury tabşyrylan gurçukdan pile öndürmek işleri bilen meşgullanmak üçin işsiz obadaşlaryny hakyna tutýar.

Pileçiler ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmek üçin tut agaçlarynyň ýetmezçiliginden hem şikaýat edýärler.

Ýatlasak, fewral aýynda geçiren hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow noabtdaky ählihalk ýowarlarynda tut agaçlaryny hem oturtmagy tabşyrypdy.

Ýüpek gurçuklary tut agaçlarynyň ýapragy bilen iýmitlenýär.

XS
SM
MD
LG