6-njy martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi; baş prokurora we Migrasiýa gullugynyň başlygyna "käýinç" yglan etdi.
Aşgabatda aýallaryň ulag sürmegine garşy görülýän çäreler güýçlenip dowam edýär.
Iş gözleginde Türkiýä baryp, ol ýerde resmi ýagdaýda galmaga synanyşýan türkmenistanlylaryň duş gelýän dürli kynçylyklary dowam edýär.
Türkmenistanda iş alyp baran Çakiroglu Group kompaniýasynyň dolandyryş geňeşiniň agzasy Oguzhan Çakiroglu türkmen hökümetini tölege ukypsyzlykda aýyplaýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn wagtlarda Lebap welaýatyna sapar etmegine garaşylýar.
"Dünýä Türkmenleriniň" bu sany Eýranda bolup geçen rewolýusiýanyň 40-njy ýyldönüminde eýranly türkmenleriň geçen ýoluna, owgan türkmenleriniň arasynda kämilleşýän syýasy düşünjelilik baradaky söhbete we türkmenistanly migrantlaryň Türkiýedäki medeni durmuşyna gönükdirilýär.
Çoganlynyň ýaşaýjylaryna mal saklamagy we jaýlaryny başga şäherlilere kireýine bermegi gadagan etdiler diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 28-nji fewralda habar berdi.
27-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda hususy telekeçilige degişli desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Ulaglarda gara reňkiň gadagan edilmegi Daşoguz şäherinde güýçlenýär. Aşgabatda gara we goýy reňkli ulag eýeleri polisiýa tarapyndan saklanan ulaglaryny jerime duralgasyna tabşyrmaly; onuň suratyny düşürmeli, güwähat çöplemeli, üç günläp sapaga gatnaşmaly. Ol şondan soň ulagy yzyna alyp bilýär.
Türkmenistanda häkimiýetler soňky iki hepde bäri VPN ulgamlaryna garşy göreşi hem-de Azatlygyň saýtyny petikli saklamak boýunça görýän çärelerini has-da güýçlendirýär.
Lebaply ene-atalar daşary ýurtlarda bilim alýan ogul-gyzlaryna maliýe serişdelerini Western Union arkaly ugratmak üçin telefon üsti bilen banklaryň şahamçylarynda nobata ýazylmaly. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy habar berýär.
Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň Türkmenistandan soraýan dokument talaplaryndan biynjalyk bolýar.
Balkanly kärendeçi daýhanlar meýdanlarda ösdürip ýetişdiren gant şugundyrlaryny 800 kilometr töweregi ýol söküp, "Maryşeker" döwlet kärhanasyna tabşyrmaly bolýar. Serdarda gurulmaly gant zawodyň gurluşygy 3 ýyldan bäri yza çekilýär.
Aşgabatda gurluşyk işçileri agyr şertlerden we güýç edaralarynyň özlerine goşmaça berýän azabyndan şikaýat edýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabadyň demirgazygynda alnyp barylýan ýaşaýyş jaý gurluşyklary bilen tanşydy, drifting bilen meşgullandy. Ol ýekşenbe güni paýtagtyň golf klubynda golf oýnady.
Türkmen dünýäsine bagyşlanýan "Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sany nusgawy şahyrlaryň hem-de sowet türkmen edebiýatynyň wekilleriniň eserleri arkaly häzirki Türkmenistanda ýöredilýän watançylyk wagzynyň synyna gönükdirilýär.
Penşenbe güni Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Taraplar ykdysadyýet, söwda, tranzit ýaly ugrularda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça ylalaşdy.
21-nji fewralda Birleşen Ştatlaryň Merkezi komandowaniýesi (CENTCOM) Özbegistanyň paýtgaty Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa ýurtlarynyň ýaragly güýçleriniň harby serkerdeleri bilen nobatdaky maslahatyny geçirdi.
15-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Ýurtda 2019-njy ýylda bag ekmek hakyndaky” karara gol çekdi.
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana Azerbaýjanyň üstünden Günorta gaz koridoryna goşulyp, Ýewropa gaz ibermegi teklip edýär. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň býujet we adam resurslary boýunça komissary Günter Öttingeriň eden çykyşyny “Interfaks” habar agentligi 20-nji fewralda habar berdi.
Ýene-de ýükle