Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde atyň iň uly kellesiniň heýkeli oturdylan Aşgabat ýaşaýyş-durmuşyň hili boýunça 211-nji orunda


Aşgabatda oturdylan atyň kellesiniň heýkeli
Aşgabatda oturdylan atyň kellesiniň heýkeli

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Mercer” kompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinde ýaşaýyş-durmuş şertleriniň amatlylygy we hili boýunça barlag geçirip, 13-nji martda 2019-njy ýyla degişli barlagyň netijelerini çap etdi.

230 şäheriň arasynda geçirilen barlagda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hili we amatlylygy boýunça dünýäde 211-nji orunda ýerleşdirildi.

Dünýäniň ýaşamaga iň amatly şäheri, barlag netijelerine görä, Awstriýanyň paýtagty Wena bolup durýar.

Barlagyň netijelerinde aýdylyşy ýaly, Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki şäherlerinden Özbegistanyň paýtagty Daşkent 203-nji orunda, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek 206-njy orunda, Täjigistanyň paýtagty Duşenbe 215-nji ýerde ýerleşdirilipdir. Baralagda Gazagystanyň paýtagty Astana däl-de, ýurduň iň iri şäheri bolan Almaty şäherindäki ýaşaýyş-durmuşyň hiline baha berilýär. Ol ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň paýtagtlary bilen deňeşdirilende ýaşaýyş-durmuş şertleri biraz amatly. Almaty sanawda 177-nji orny eýeläpdir.

Reýting düzülende şäherleriň syýasy we sosial howasyna, medeni we jemgyýetçilik sferanyň işjeňligine, ykdysady pudaga, sarp edijileriň önümlere elýeterliligine, tebigy şertlere, bilim we saglyk pudagynyň hödürleýän mümkinçiliklerine, hojalyk hyzmatlaryna, şäherleriň transport mümkinçiliklerine hem-de ol ýerlerdäki ýaşaýyş jaýlaryň amatlylygyna baha berilýär.

Awstriýanyň paýtagty Wena soňky 10 ýyl bäri yzly-yzyna ýaşaýyş-durmuş şertleriniň amatlylygy boýunýa geçirilýän bu barlagda iň öňdäki orny eýeläp gelýär.

“Merceriň” barlagyna görä, Aşgabat howspzulyk babatda dünýäde 206-njy orunda ýerleşdirilýär.

Kompaniýanyň mundan ozalky ýyllarda çap eden degişli barlaglarynda-da Aşgabat pes orunlarda ýerleşdirilipdi.

2015-nji ýylda Aşgabat durmuşyň hili boýunça Merseriň geçiren barlagynda 230 şäheriň arasynda 210-njy orunda ýerleşdirilipdi. Şondan bäri geçen dört ýylyň dowamynda Aşgabat ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hili boýunça 1 basgançak pese gaçyp, bu ýyl Afrika materiginde ýerleşýän Zimbabwe döwletiniň paýtagty Harareniň yzýany 211-nji orunda ýerleşdirilipdir.

Türkmen paýtagty şäherde gurlan binalaryň ýüznüdäki ak mermerleri bilen tanalýar.

Aşgabat 2013-nji ýylda ak mermer bilen örtülen binalarynyň gürlügi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Munda başga-da Aşgabatda bu ýyl dikilen täze ýyl arçasy Merkezi Aziýanyň beýleki paýtagtlarynda dikilen arça agaçlarynyň arasynda iň beýigi bolup çykdy. Paýtagtda dikilen ýaşyl türkmen baýdagy belli bir döwür dünýäniň iň beýik baýdagy hökmünde tanaldy. Şeýle-de Aşgabat suw çüwdürimleriň sany boýunça dünýäde iň öňdäki şäherleriň arasynda orun alýar. Dünýäde atyň iň uly kellesiniň heýkeli oturdulan stadion Aşgabatda ýerleşýär. Şeýle-de dünýäniň iň uly ak öýi Aşgabatda ýerleşýär.

Türkmen hökümeti paýtagt Aşgabatda gymmatbahaly kaşaň myhmanhanalaryň gurluşyklaryny alyp barýar.

Türkmen media serişdeleri ak mermerli Aşgabadyň waspyny ýetirýär.

Güýç edaralary baýramçylyk çärelerine gabatlap, welaýat beligili awtoulaglary Aşgabada salmaýar. Hojalyk gulluklarynyň işgärleri wagtal-wagtal Aşgabatda ykmanda it-pişikleri zorlukly ýygnap durýar. Ýöne şonda-da, soňky halkara barlagda Aşgabat ýaşaýyş-durmuşyň hili boýunça iň yzdaky şäherleriň arasynda orun alypdyr.

Sanawa görä, Yragyň paýtagty Bagdada, Siriýanyň paýtagty Damaska, Ýemeniň paýtagty Sanaa, şeýle-de Madagaskaryň paýtagty Antananariwo, Sudanyň paýtagty Hartuma we beýleki az sanly käbir şäherlere garanyňda Aşgabatda ýaşaýyş-durmuşyň hili ýokary.

XS
SM
MD
LG