Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda güýç edaralarynyň wekilleri Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň ýakyn dogan-garyndaşlarynyň öýlerine aýlanyp, olaryň sim kartlaryny we telefonlaryny toplaýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy innowasion tehnologiýalara bagyşlap, halkara ylmy-amaly maslahat geçirýär.
Paýtagt Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän “Teke bazaryň” döwlete degişli azyk haryt dükanlarynda şeker we tüwi döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan diňe çäkli möçberde satylýar. Olary satyn almak üçin ýerli ýaşaýjylar ir ertirden nobata durýarlar.
"Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň bu sany Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde içerki bosgunlykda ýaşaýan etniki türkmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky maglumatlara bagyşlanýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şekeriň çäkli söwdasy, nyrhy gymmatlan elýeterli ýumurtga we gaýtarga derek berilýän ýerli önümçilige degişli sakgyç barada habar berýär.
Ýokary derejeli rus howpsuzlyk resmisi Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde "Yslam döwleti" (YD) ekstremist toparynyň 5 müň töweregi jeňçisiniň bardygyny aýdýar. Ýerli ýaşaýjylar Owganystandaky YD jeňçileriniň hatarynda özüne türkmenistanly diýýän söweşijilere-de duş gelýär.
22-nji maýda Birleşen Ştatlaryň bäş senatory Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat ýazyp, tussaglykdaky dissident Gulgeldi Annanyýazowyň boşadylmagyna çagyrdy.
Türkmen hökümeti paýtagt Aşgabadyň günorta çägini kesip geçýän Arçabil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň täze “Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumyny” gurdurýar.
Demirgazyk Türkmenistanyň administratiw paýtagtynda polisiýa işgärleri agşam sagat 9:00-dan soň köçä çykýan adamlary soraga çekýär.
Russiýada Türkmenistanyň bir raýatyna terrorçylyk häsiýetli jenaýat işleri boýunça günä bildirilip höküm çykaryldy.
Türkmenistanyň dürli künjeklerinde käbir iýmit önümleriniň hususy söwdadaky bahalarynyň gymmatçylygy we olaryň döwlet dükanlaryndaky gytçylygy täzeden güýçlenýär.
Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly bir student Moskwadan Aşgabada dolanan güni, paýtagtyň Halkara aeroportundan göni çagyryş boýunça harby gulluga ugradyldy.
Birleşen Ştatlaryň Senatynyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky nobatdaky ilçisi wezipesine hödürlenýän Metýu S. Klimowyň diňlenişigi geçirildi.
"Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň bu günki sanynda Magtymguly Pyragy we onuň türkmen intellektindäki yzlary barada söhbet edilýär.
Russiýa türkmen gazyny satyn almak üçin Türkmenistan bilen möhleti 5 ýyllyk täze şertnama baglaşmagyň mümkinçiliklerini maslahat edýär.
Türkmenistan Internet tizliginiň derejesi boýunça geçirilen barlagda 179 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeldi
Russiýanyň “Gazprom Eksport” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni gaz dawalaryny arbitraž sudunda çözmek tagallalaryny bes etmek boýunça 2019-njy ýylyň başynda ylalaşdylar.
Kreml tankytçysy Alekseý Nawalny 14-nji maýda “Buz üstünde sirk ýa-da Putiniň lagşamagy ýurda wehim salýar” atly çykyşyny YouTube kanaly arkaly köpçülige ýetirdi, onda türkmen prezidentiniň wideosyna salgylandy.
Ýewropa Komissiýasy Merkezi Aziýada ýerleşýän öňki sowet respublikalaryna degişli täze strategiýa kabul etdi.
13-nji maýda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
Ýene-de ýükle