Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp tarapyndan ýurduň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine hödürlenen Metýu S. Klimowyň (Matthew S. Klimow) Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetine ugradan Beýannamasy komitetiň websaýtynda çap boldy. Onda ýokary wezipä hödürlenen resmi Türkmenistanda alyp barjak işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýär.
16-njy maýda Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde Klimowy Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine belläp-bellemezlik boýunça diňlenişik geçirildi.
Mundan ozal, Azatlyk Radiosy martyň aýagynda Metýu S. Klimowyň Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine hödürlenmegi we onuň baý harby geçmişi barada habar beripdi.
Ol Senata ugradan hatynda Birleşen Ştatlar üçin Türkmenistanyň geosyýasy ähmiýetine ünsi çekýär, ýurduň “oňyn bitaraplyk” syýasatyna salgylanýar.
Klimow Türkmenistanda göz öňünde tutýan işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Türkmenistanyň durnukly Owganystan üçin goşýan goşantlaryny goldajakdygyny aýdýar, hem-de Türkmenistanyň gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyna goldaw berjekdigini belleýär.
Ol Daşary gatnaşyklar boýunça komitete iberen hatynda türkmen hökümetiniň maglumat elýeterliligini çäklendirmegi, ýurtda adam hukuklarynyň meseleleri, şol sanda pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagy, din azatlyklarynyň çäklendirilmegi ýaly meselelerde “tutanýerli hem-de konstruktiw” iş alyp barmagy wada berýär.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti mart aýynda Metýu S. Klimowy ýurduň Türkmenistandaky nobatdaky ilçisi wezipesine hödürläpdi.
ABŞ-da hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Senatyň düzümindäki Daşary gatnaşyklar komiteti Klimowyň Türkmenistandaky wezipesi bilen baglylykda diňlenişik geçirenden soň, ses berişlik geçirýär. Ondan soň Senatda-da ses berişlik geçirilip, ahyrky netije tassyklanýar.
Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky nobatdaky ýokary diplomatynyň harby bilimi we çuň harby tejribesi synçylaryň ünsüni çekýär.
Metýu S. Klimow häzirki wagtda Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departamentiniň baş sekretarynyň dolandyryş işleri boýunça orunbasarynyň edarasynda baýry maslahatçy bolup işleýär. Ol Brýusselde NATO-nyň baş sekretarynyň orunbasarynyň kömekçisi bolup işledi. Klimow 1973-2003-nji ýyllar aralygynda Birleşen Ştatlaryň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk etdi hem-de polkownik harby çini bilen hormatly dynç alşa çykdy. Ol Birleşen Ştatlaryň wise-prezidentiniň harby işler boýunça ýörite maslahatçysy, baş ştabyň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi. Klimow Birleşen Ştatlaryň Harby akademiýasyndan bakalawr, Birleşen Ştatlaryň Goşun komandowaniýasynyň we Baş ştabynyň harby mekdebinden harby ugur boýunça magistr derejelerini aldy, Saud Arabystanynda we Kuweýtde Çöl harasady operasiýalaryna gatnaşdy.
Häzirki wagtda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alan Filip Mastarddyr (Allan Phillip Mustard). Ol 2014-nji ýylyň 25-nji noýabrynda bu wezipä bellenildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.