Türkmenistanda häkimiýetler raýatlaryň saç-sakgal we murt goýbermegini berk gözegçilikde saklaýar.
Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçylary paýtagtyň bazarlaryndaky käbir iýmit önümleriniň soňky bahalaryny öwrendi.
Gepleşigimiziň bu sanynda dünýä türkmenleriniň arasyndaky özboluşly Oraza däpleri barada gürrüň edilýär.
Şu günler Russiýa göçmek üçin Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde uzyn nobatlara durýan türkmenistanlylary görse bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 10-njy maýda habar berdi.
9-njy maýda Aşgabadyň A. S. Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebinde “Bessmertnyý polk”, ýagny “Ölümsizler polkunyň” ýörişi geçirildi. Bu barada Russiýanyň RIA Nowosti habar agentligi habar berýär.
9-njy maýda Türkmenistan II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 74-nji ýyldönümini belleýär.
Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi. Türkmen prezidenti rus wekiliýetiniň ýolbaşçylaryny kabul etdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly mejlisini geçirdi.
Türkmenistanyň müftüsi şu ýyl adamlaryň bermeli oraza pitreleriniň möçberi barada fetwa çykardy.
Ýewropa Bileleşiginiň Azerbaýjandaky ilçisi Kestutis Jankauskas geljekde zerur bolan halatynda başga ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň hem Günorta gaz koridoryna goşmagyň mümkinçiliklerini aýdyp, metbugatda çykyş etdi. Bu barada Trend habar gullugy 5-nji maýda habar berdi.
“Ýekşenbe güni Türkmenistanyň milli howa ýollary kompaniýasy Ýewropanyň awiasiýa häkimiýetleriniň 1-nji iýundan başlap özlerine Ýewropa gatnawlaryny täzeden dikeltmäge ýol açandygyny aýtdy” diýip, Fransiýanyň “Agence France-Presse” (AFP) döwlet habar gullugy 4-nji maýda habar berdi.
“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu sanynda türkmen prezidentiniň aýdan soňky aýdymyna tomaşaçylaryň görkezen reaksiýalary, türkmen aýdym-saz senedi we rep barada umumy gürrüň edilýär.
Türkmen häkimiýetleriniň hususy taksi sürüjilerine garşy görýän çäklendirme çäreleri indi Daşoguz welaýatyna baryp ýetdi.
Türk hökümetiniň ýaýradan statistiki maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylyň diňe mart aýynda Türkmenistandan Türkiýä sapara giden türkmenistanlylaryň sany 23 müň adama baryp ýetdi.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurluşygy tamamlanýan täze ýaşaýyş jaýlary wagtynda şäher häkimliginiň hasabyna geçirilmeýär.
30-njy aprelde Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça (NESA) strategiki barlaglar merkezi Günorta Aziýa we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça Aşgabatda okuw maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi Wolodymyr Zelenskiýni bu ýokary derejeli wezipä saýlanmagy mynasybetli heniz gutlamady.
Türkmenistanyň dürli künjeklerinde bahar aýlarynda ýagan dowamly ýagyşlar Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynda gowaça meýdanlaryny hatardan çykardy.
Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy Türkmenistandaky din azatlygynyň ýagdaýyna pes baha berdi.
Türkmenistanda un we çöregiň ýeter-ýetmezçiligi dowam edýär. 29-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde bu barada maglumat berdi.
Ýene-de ýükle