Golaýda Russiýanyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisi Owganystanyň demirgazyk serhet ýakalarynda “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparynyň 5 müň töweregi söweşijisiniň bardygyny aýtdy. Bu habaryň fonunda, 24-nji maýda Azatlyk Radiosyna Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde özüni türkmenistanly diýip tanyşdyrýan “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri barada maglumat gelip gowuşdy.
21-nji maýda Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) başlygy Aleksandr Bortnikow Täjigistana eden saparyndan soň, Owganystanyň post-sowet Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetleşýän demirgazyk çäklerinde YD-yň şahamçasyna degişli 5 müň töweregi söweşijiniň ýygnanandygyny aýtdy; serhet howpsuzlygynyň güýçlendirilmegine çagyryş etdi.
“Yslam döwleti” ekstremist toparynyň Owganystandaky şahamçasy 2014-nji ýylda “Yslam döwleti Horasan” (YD – H) adyny alypdy.
Metbugat habarlaryna görä, ýokary derejeli rus resmileri soňky bir ýylyň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň owgan serhedine yzygiderli alada bildirip geldi.
Bu maglumatlaryň fonunda, Azatlyk Radiosyna Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň söweşijileriniň hatarynda asly türkmenistanly agzalaryň hem bardygy barada maglumat gelip gowuşdy.
24-nji maýda Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren maglumatynda Owganystanyň demirgazyk sebitleriniň ýaşaýjysy Kudratulla Farýap welaýatynyň çäginde YD toparynyň özüni türkmenistanly diýip tanyşdyran dört söweşijisine duşandygyny gürrüň berdi.
“Biz Farýap welaýatynyň daglyk ýerlerine bardyk. Şol taýda türkmenler bar ekeni, gazaklar, çeçenler – “Daişçylar” (YD ekstremist topary – red.) özbekler hem bar ekeni, Özbegistandan. Olar “Daişçi” ekenler. Kartlaryny hem berdiler bize. “Talybanlardan” ýaman gorkýan ekenler, garawul zat goýupdyrlar” diýip, Kudratulla aýtdy.
Kudratulla özüni türkmenistanly diýip tanyşdyran dört söweşijiniň atlaryny aýtdy. Azatlyk Radiosy olary mälim etmekden saklanýar. Onuň sözlerine görä, söweşijiler owgan-türkmen serhedine barmak üçin ýerli ýaşaýjylardan ýolbelet bolmagy soraýar.
“Ol ýerde Hojagöwher diýen serhet bar [owgan-türkmen serhedi]. Olar şoňa gitmekçi boldular. ‘Şoňa siz beletmi? Biz size günlük hakyňyzy berjek, eger belet bolsaňyz! Motor berjek, öňümizde gitseňiz’ diýdiler” diýip, Kudratulla aýtdy.
Türkmen hökümeti “Yslam döwletiniň” hataryna goşulan türkmenistanly raýatlar barada resmi beýanat bilen çykyş etmän gelýär.
Azatlyk Radiosy demirgazyk Owganystandaky “Yslam döwleti” söweşijileriniň hatarynda türkmenistanly jeňçileriň bardygyny owgan we türkmen resmilerine tassykladyp bilmedi.
Media we metbugat habarlaryna görä, demirgazyk Owganystanda “Yslam döwletiniň” jeňçileri bar, ýöne Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady sebitde ýerli resmileriň “Yslam döwletiniň” söweşijileri baradaky maglumatlary häzirki wagtda ne tassyklaýandygyny ne-de ret edýändigini aýtdy.
“Demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda “Daiş” topary, ýagny “Yslam döwleti” diýilýän toparyň söweşijileri bardy. Olar bilen “Talybanlar” söweşip, olary kowup çykardy. Olaryň bir topary owgan güýçlerine tabyn boldy. Şondan soňra resmiler demirgazyk Owganystanda “Daiş” diýilýän toparyň bardygyny ne ret edýär, ne-de tassyklaýar” diýip, Myrady 24-nji maýda habar berdi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy 24-nji maýda ýerli resmilere salgylanyp, “Yslam döwletiniň” demirgazyk Owganystandaky daşary ýurtly söweşijileriniň ençemesiniň Siriýadan we Yrakdan gelendigini habar berdi.
Şeýle-de resmileriň tassyklamagyna görä, daşary ýurtly söweşijileriň arasynda pakistanly, uýgur, özbegistanly we eýranly jeňçiler bar.
“Owganystanyň Goranmak ministrligi ýurduň dürli künjeklerinde YD söweşijileriniň bardygy barada özlerinde maglumatyň bardygyny aýdýarlar, ýöne olaryň anyk sanyny tassyklamaýarlar” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy 24-nji maýda habar berdi.
22-nji maýda Owganystanyň “Tolo News” habar neşiri Birleşen Ştatlaryň aňtaw hasabatyna salgylanyp, YD – H esktremist toparyna agza söweşijileriň Owganystandaky jemi sanynyň 5 müňden gowrakdygyny habar berdi. Birleşen Ştatlaryň aňtaw hasabatyna görä, YD-yň söweşijileri esasan gündogar Owganystanyň Kunar, Nangarhar welaýatlarynda, şeýle-de demirgazyk Owganystanyň käbir sebitlerinde ýerleşýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.