Bu barada “Interfaks” habar agentligi 16-njy maýda Russiýanyň energiýa ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowksiýniň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Habarda aýdylmagyna görä, täze şertnama esasynda türkmen gazynyň Russiýa iberilmegi 2019-njy ýylyň ikinji ýarymynyň başlaryndan başlanmagy mümkin.
“Häzirki wagtda 5 ýyl möhlete çenli orta möhletli şertnama baglaşmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Şu ýylyň ikinji ýarym ýyllygynyň başyndan başlap [gas ibermek işleri başlap biler]” diýip, “Interfaks” Ýanowskiýniň sözlerini getirýär.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda taraplar iberiljek gazyň möçberini maslahat edýär.
Bu gazyň bahasyna bagly bolar diýip, “Interfaks” resminiň sözlerine salgylanýar.
Ýanowskiý Russiýanyň Türkmenistandan satyn aljak gazynyň möçberini 2016-njy ýyldan öňki derejesine ýetirmegiň mümkindigini aradan aýyrmaýar.
Russiýa Türkmenistandan 2016-njy ýyldan ozal ýylda 4 milliard kub metr gaz satyn alýardy.
“Reuters” habar agentliginiň 16-njy aprelde çap eden habaryna görä, 2009-njy ýyla çenli Türkmenistan Russiýa ýylda 40 milliard kub metr tebigy gazy eksport edýärdi.
“Interfaksyň” habaryna görä, häzirki wagtda taraplaryň arasynda dowam edýän gepleşikler iýun aýynda tamamlanmaly.
Ýatlasak, Russiýa apreliň ortasynda türkmen gazyny täzeden satyn alyp başlady.
15-nji aprelde çap eden beýanatynda Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli 1,155 milliard kub metr gazy satyn almagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.
Ýöne bu ylalaşygyň detallary aýdyňlaşdyrylmaýar.
Galyberse-de, Russiýanyň “Gazprom Eksport” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni gaz dawalaryny arbitraž sudunda çözmek tagallalaryny bes etmek boýunça 2019-njy ýylyň başynda ylalaşdylar.
“Gazprom” 2015-nji ýylyň iýun aýynda Stokgolmyň ykdysady dawalara seredýän arbitraž suduna “Türkmengazyň” üstünden şikaýat bilen ýüz tutup, Türkmenistanyň Russiýa satýan gazynyň bahalaryna seredilmegini sorapdy.
Halkara energiýa synçylary Russiýanyň türkmen gazyna ýiti zerurlygynyň ýokdugyny aýdýarlar.
Türkmen metbugaty rus-türkmen gaz söwdasy bilen bagly habarlarda taraplaryň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyl çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygyň esasy dokument bolup durýandygyny nygtaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.