Soňky iki ýüzýyllygyň dowamynda türkmeniň akyl-üşüginiň, dünýägaraýşynyň, ahlak gönezliginiň hem-de ruhy gözýetiminiň kemala gelmeginde beýik akyldar, görnükli şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň aýratyn orny bar.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu günki sanynda Magtymguly Pyragy we onuň türkmen intellektindäki yzlary barada söhbet edýäris.
2017-nji ýylda Türkmenistanda resmi derejede bellenilýän baýramçylyklara we hatyra günlerine üýtgetmeler girizilende ondan ozal her ýylyň 18-nji maýynda bellenilýän Magtymgulynyň şygryýet günleri 27-nji iýuna geçirildi. Şeýle-de bu sene 2017-nji ýyldan ozal Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni bilen bir günde bellenilýän bolsa, soňky üýtgetmeler bilen ol Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe berkidildi.
“Dünýä Türkmenleri” gepleşigi Magtymguly Pyraga bagyşlanýan sanynda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Biz bu günki gepleşigimizde Magtymguly Pyragy we onuň türkmen intellektindäki yzlary barada söhbet edýäris, Hudaýberdi aga. Söhbetdeşligiň başynda ilki bilen gysgaça Magtymguly Pyragy kim bolupdyr? Onuň ömri we döredijiligi barada gysgaça gürrüň beräýseňiz!
Hudaýberdi Hally: Magtymguly Pyragy XVIII asyrlaryň başlarynda (häzirki döwürde onuň doglan ýyly iki gezek üýtgedildi), ýöne XVIII asyryň ilkinji çärýeginde dünýä inipdir. Käbir maglumatlara görä, XIX asyra geçip ýogalypdyr, uzak ýaşapdyr. Beýleki bir maglumata görä gysga ýaşapdyr. Ol türkmeniň gökleň tiresinden. Ol bu barada özi aýdýar: “Soranlara aýdyň, bu garyp adymyz/Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr” diýip. Aýratyn hem Hajygowşan, Aktokaý diýilýän ýerlerde ýaşapdyr. Ol Garrygaladan günortada. Şol ýerde-de aradan çykypdyr. Ýöne onuň uly edebi mirasy, eserleri halkyň içinde galypdyr.
Azatlyk Radiosy: Magtymguly Pyragynyň edebi eserleri barada gysgaça gürrüň etmek, elbetde, mümkin däl. Ýöne beýleki bir sorag bilen gürrüňdeşlige dowam etsek, türkmen ýazyjylary, dilçi alymlary Magtymguly Pyragydan söz açylanda, hususan-da, oňa dakylýan ýöne aslynda onuň ýazmandygy aýdylýan goşgulary baradaky jedelli gürrüňlere salgylanýarlar? Eýsem, siz bu barada nämeleri aýdyp bilersiňiz? Haýsy goşgular Magtymgula dakylýar, näme üçin onuň adyndan goşgy çykarmak zerurlygy ýüze çykypdyr? Şu jedel bilen gönüden-göni ilteşikli sorag, ýagny şeýle jedeliň aradan köp ýyllyklaryň geçendigine garamazdan saklanyp galmagy, Magtymgulynyň özüne degişli goşgularyň gymmatyna nähili täsir edýär?
Hudaýberdi Hally: Owaly bilen Magtymgula dakylan goşgular, şonuň adyna berlen goşgular barada aýdylanda, meselem, birnäçe dini goşgulary Magtymgulynyň adyna beripdirler. Ol soňky goşulan 200-e gowrak goşgudan öň, öňden gelýän düzgündi, öň Magtymgulynyň adyna berlipdir. Soňra, 50-nji ýyllarda 200-den gowrak goşgy gönüden-göni Magtymgulynyň adyna berlipdir. Bu barada Ýazyjylar birleşiginde uly çekişme bolupdyr. Alymlar, aýratyn-da Zylyha Muhammedowa diýip bir dilçi alym bardy, şol bu ýagdaýa berk garşy çykypdyr. Ýöne ony köpçülik bolup ýazgarypdyrlar, hem-de şol Magtymgulynyň adyna berilýän goşgular Magtymgulynyň özüniňki diýip karara gelipdirler. Şol kararyň aşagyna-da gol çekipdirler. Şonuň bilen baglanyşykly bir fakty aýtsam, meselem, Türkmenistanyň Halk şahyry Kerim Gurbannepesow şol goşgular Magtymgulynyňky diýip öz goluny çekenleriň biri. Ýöne şol ölýänçä şol çeken goluna, şol aýdan sözüne şübhelenip geçdi. Şol dogrumy ýa-da dogry dälmi; şol eden işi şonuň mydama wyždanyny ezýärdi. Men şoňa şaýat boldum.
Azatlyk Radiosy: Gepleşigiň şu ýerinde Magtymguly Pyragydan “Behem eder” atly bir goşgy efire berilýär.
Behem eder
Kimýany torpaga seçseň,
Torpakdan zer behem eder.
Her närsäni, ýere sepseň,
Sepdigiň ýer behem eder.
Ýagşy-ýaman bolmaz mälim,
Her kim öz bilenne alym,
Munda nobat sürse zalym,
Ýyl-ýyldan şer behem eder.
Ýagşy ýigit ýol ýitirmez,
Jäht kysmatdan köp getirmez,
Müň gaýgy bir iş bitirmez,
Töwekgel — ner behem eder.
Berimiň bolsa her kanda,
Gören saňa bolar bende,
Bethüýnüň — duşman ýanynda,
Ýagşylyk — ýar behem eder.
Magtymguly söýlär sözde,
Gaýrat — ötde, haýa — gözde,
Ýyl-ýyldan bu ýurdumyzda
Zulm artyp, zor behem eder
Azatlyk Radiosy: Indi, garaşsyzlyk döwrüne gelsek, garaşsyzlyk döwründe Saparmyrat Nyýazow Magtymgulyny terkidünýä bolupdyr, göwnüçökgün, pessimist bolupdyr diýdi. Häzirki günlerde Magtymgulynyň Aşgabatdaky heýkeliniň şäheriň çetine göçürilmegi barada gürrüňler edilýär, galyberse-de 2017-nji ýylda her ýylyň maý aýynda bellenip geçilýän Magtymguly günleriniň senesi üýtgedildi. Geçen 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Garaşsyz Türkmenistan Magtymguly Pyragynyň sarpasyny tutup bildimi?
Hudaýberdi Hally: Meniň pikirimçe tutup bilmedi. Sebäbi, Magtymgulyny ýene bulaşdyrdylar. Şol öz aýdyşyň ýaly, Magtymgula täze sözler goşdular. Ony umumy ýygnakda Nyýazow teklip etdi, ýurduň alymlary şony goldadylar. Açykdan-açyk ýoýdular-da Magtymgulyny, dogrulap aýdanyňda. Şonuň bilen birlikde, Nyýazowyň ýene-de bir öňe süren zady, şol dawa-jenjeliňizi goýuň diýdi. Şondan soň hem “Magtymgulynyň özüniňki, ýa-da Magtymgulynyňky däl” diýen gürrüňler aradan aýryldy. Birnäçe ýyl geçenden soň Magtymgulynyň täze goşgular ýygyndysy çap edildi. Şol ýygynda alym Kakajan Ataýew sözbaşy ýazdy. Şol kitapda-da ähli öňki nogsanlyklar bar. Meselem, gülüň ysy bark urar diýen setir bar “Türkmeniň” diýen goşgusynda. Bark diýmek ýyldyrym diýmek, ýagtylyk diýmek. Ol burk bolmaly-da, burk urmak. Burk bilen bark sözüni hem saýgaranoklar-da. Şular ýaly göze görnüp duran ýalňyşlara çenli düzedilmän, ol ýaňadan kitap edildi.
Indi, deňeşdirmek üçin aýtsak, şol ýyllarda, 90-njy ýyllaryň aýagynda hem 2000-nji ýylyň başyna çenli Özbegistanda Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy 5 gezek çap edilipdir. Türkmenistanda diňe bir gezek çap edildi. Başga ýerlerde Magtymgulynyň sarpasy Türkmenistandakydan has ýokary.
Onsoň-da ol ýadygärlik barada; ol ýadygärlik bir döräýen zat. Sebäbi, konkurs, bäsleşik yglan edildi. Şol bäsleşikde ýeňen skulptor Magtymgulynyň heýkelini döredip bildi, ýeňiji döretdi ony. Ikinji bir tarapdan, onuň ýerleşişi gowy. Magtymguly äpet-äpet daşlaryň arasynda otyr. Şonuň arasyndan bir çykan, ýagny ýowuz tebigatdan bir gudrat bilen dörän akyl-paýhas diýlen ideýa bar şonda. Özi-de ol tüýs oturmaly ýerinde otyr. Ony gyra çykarmak, ony kesä zyňmak diňe bir gelşikli bolman, eýsem, günä hasap edýärin men-ä.
Azatlyk Radiosy: Taryhy maglumatlara görä, türkmenler ýakyn ýüzýyllyga çenli çarwa halk bolupdyr, göçüp-gonup gezipdirler; şolar ýaly ýowuz şertlerde, mekdep-medreseleriň rolunyň jemgyýetde ejiz döwründe nädip Magtymguly döräp bilipdir? Ýagny Magtymgulyny döreden taryhy şertler barada gürrüň beräýseňiz!
Hudaýberdi Hally: Owaly bilen-ä ähli türkmen çarwa däl, şony göz öňünde tutmaly. Türkmenler Soltan Sanjaryň mawzoleýini gurupdyrlar ahyryn, Tekeşiň mawzoleýini gurupdyrlar. Köneürgençdäki iň beýik diňi gurupdyrlar. Magtymguly barada aýdylanda, Magtymguly oturymly milletden, oturymly halkdan bolan. Şonuň bilen birlikde, şol döwürde Eýranda ägirt uly özgerişlik bolup geçýär. Eýrany Nedir şa dolandyrýar. Eýran bölünýär. Şol bölünişikde her bir millet öz garaşsyzlygyny gazanmaga çalşypdyr. Şol özbaşdaklyk syýasatynyň edil güýçlenen döwründe Magtymguly orta çykypdyr. Ikinji bir tarapdan, Magtymguly Döwletmämmet Azadynyň ogly, gaty sowatly adamyň ogly, gaty bir düşünjeli adamyň ogly. Onuň düşünjesi we taýýarlygy ýeterlik. Şonuň üçin hem şol zerurlykda Magtymguly öňe çykypdyr. Ol öz halkynyň garaşsyz bolmagyny isläpdir. Muny “Türkmen binasy” diýen goşgusynda aýdýar. Onuň erkin bolmagyny isläpdir. Şonuň bilen birlikde, şol zatlary gazanmaga halk içinden gahrymanlaryň ýetişmegini isläpdir. Ine, şol zerurlyklar Magtymgulyny orta çykarypdyr.
Azatlyk Radiosy: Onda Magtymguly Pyragy diňe bir ýazyjy-şahyr, görnükli akyldar, dana filosof hökmünde däl-de, şol bir wagtyň özünde syýasy lider hökmünde, döwrüň syýasy şertlerinde syýasy zehini bilen hereket eden şahsyýet hökmünde-de taryha giripdir, şeýlemi?
Hudaýberdi Hally: Hut şeýle. Eger-de Magtymguly bolmasa, diňe bir ol döwürde däl (XVIII asyrda däl), XIX asyrda-da türkmen döwleti ýa bolardy, ýa bolmazdy. Sebäbi, döwlet bolmak üçin birnäçe şertler bar. Olaryň ilkinji şerti; territorial birlik hasap edilýär, ikinjiden; milletiň ykdysady birligi, üçünjiden; milletiň dil birligi, dördünjiden; milletiň psihologik birligi, ýagny aň-düşünje birligi. Şol meselelerde Magtymguly milletiň aň-düşünje birligini döredip bilen adam bolupdyr. Ol türkmeniň edebi dilini döredipdir. Ol halkyň aň-düşünjesini, pikir birligini emele getirýän ägirt bir uly güýç.
Azatlyk Radiosy: Magtymguly Pyragynyň ahlak arassalygy, watansöýüjilik, ýa-da beýleki terbiýeçilik temalarda ýazan goşgulary türkmen halkynyň arasynda şu günki gün jemgyýetçilik aňyny döretmekde, umumyahlak gymmatlyklaryny wagyz etmekde nähili rol oýnaýar?
Hudaýberdi Hally: Meniň pikirimçe iň esasy rollaryň birini oýnaýar. Sebäbi, Magtymgulynyň sözlerine ynanýarlar. Magtymguly hem öz gezeginde pikirini diňe bir durmuşy şertler bilen bagly däl, eýsem ylym bilen baglanyşdyryp aýdýar. Şonuň üçin hem her bir türkmen bir agyr meselede Magtymgula ýüzlenýär, ýa-da bir mesele ýüze çyksa, kim Magtymgulydan mysal getirip bilse, “Magtymguly ynha şeýle diýipdir” diýip, aýdyp bilse, şol adamyň pikiri ýeňiji bolýar, şol adamyň pikirine uýýarlar. Magtymguly köp babatda halk içinde ýat tutmak arkaly, birem aýdymlar arkaly ýaşaýar. Milletiň aglaba köpüsi Magtymgulyny ýatdan biýär, köp-köp gowy setirlerini, iň möhüm ýerlerini ýatdan bilýär. Şol ýat arkaly Magtymguly olara bir öwrediji halypa hökmünde hyzmat edýär diýip çak edýärin.
Azatlyk Radiosy: Häzirki türkmen intellektinde, akyl-üşüginde Magtymguly Pyragynyň nähili yzlaryny, onuň galdyran täsirini görýärsiňiz, ýa-da görýärsiňizmi, muňa duş gelýärsiňizmi? Şuny anyk mysallar arkaly düşündirip bilermisiňiz?
Hudaýberdi Hally: Indi, düşündirmek kyn. Meniň üçin muny düşündirmek kyn. Sebäbi men ýekelikde ýaşaýan adam. Töweregimde başga türkmenim ýok, öz maşgalam bolaýmasa! Ýöne mundan sähel wagt öňräk, men beýleki jemgyýetler bilen işleşmeli boldum. Meselem, türkmen diline Töwrady, Injili terjime etdiler. Şol ýerlerde gelýän adalgalar, pikirler Magtymguly bilen baglanyşýar. Ýa-da Kurhany Kerimi alyp görsek! Kurhany Kerimde aýdylýan buýruklar Magtymgulyda gelýär. Şonuň üçin hem Magtymgulyny gowy öwrenmek, gowy bilmek adamyň intellektual derejesiniň ösmegine gowy ýardam edýär. Magtymguly öz aýdýan pikirini şol çeşmelere salgylanyp aýdýar. Magtymgulynyň kakasyna, ýagny öz atasy Döwletmämmet Azada bagyşlan goşgusynda şeýle setir bar: “Görmesem, sözlemen, oý bile çenden” diýýär. Ýagny görmesem men çen edip, ýa çak edip gürlemerin diýýär. Şonuň üçin hem Magtymgulynyň aýdan pikirleri hökman bir zada esaslanýan bolmaly. Ol öz goşgularynda-da getirýär ony, nähili kitaplar okandygyny, kimleri özüniň halypasy saýýandygyny, meselem, “Turgul diýdiler” goşgusynda köp-köp belli şahslaryň atlary gelýär. Diýmek, şolardan habarly ol, aýdýan kitaplaryny okap öwrenip, şondan soň şol sözi aýdýandyr diýen netije çykarýaryn. Şonuň üçin hem Magtymgulynyň sözi ýokary bir intellektual dereje.
Azatlyk Radiosy: Hudaýberdi aga, gepleşigimize gatnaşyp beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Hudaýberdi Hally: Siz hem sag boluň!
Owgan türkmenleriniň arasynda Magtymguly Pyragynyň sarpasy nähili tutulýar!? Bu barada beren jogaby bilen owgan türkmenleriniň wekillerinden Abdul Reşit 16-njy maýda “Dünýä Türkmenleri” gepleşigine gatnaşdy:
“Owgan türkmenleriniň arasynda ýaşkiçiden ýaşululara çenli Magtymgulyny ýatlap, onuň kitaplaryny elden ele geçirip okaýarlar. Biz hatda toýlarda-da şonuň şygyrlaryny okaýarys, kitaplaryny okaýarys. Magtymgulynyň sarpasy owgan türkmenleriniň arasynda belent. Ýöne belläp bir güni biz “Magtymguly güni” diýip heniz geçiremizok. Ýaşulularymyz we ýaşkiçilerimiz toýlarda, baýramlarda Magtymgulynyň kitabyny okaýar, şygyrlaryny okaýar. Magtymgulynyň sarpasy belent” diýip, ol aýtdy.
"Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň ses ýazgysy efir üçin taýýar bolandan soň, "Magtymguly Pyragynyň türkmen intellektindäki yzlary" atly açan forumymyza anna güni aşakdaky teswir gelip gowuşdy. Ony bolşy ýaly okyjylarymyz bilen paýlaşýarys:
"Magtymguly Pyragy atasy Döwletmämmet Azadynyň ýalňyşyny gaýtalaman, goşgularyny halky dilde ýazmak bilen, ozaly öz edebi mirasyny ýitip ýok bolmakdan halas etdi, soň türkmen tireleriniň bir-birine tas aňrybaş derejede düşünişmegini üpjün edýän häzirki zaman diliniň esaslaryny goýdy. Ýok, ol täze dil döretmedi, halkyň dilini halkdan alyp, dür dänesi ýaly sünnäläp ulanmak bilen, öz döwrüniň iň ýokary dini-ahlak, dünýewi ýörelgelerine ýugrup, ony geljek nesillere geçirdi. Magtymguly diňe bir bitewi döwlet gurmagy, türkmenleriň birleşmegini ündemedi, eýsem adamkärçilik çelgilerini, ynsan bolmak ýörelgelerini häzirki zaman dilinde kesgitläp, yzyndan gelýän nesliň bir gün türkmen döwletini döretmeginiň ruhy-ahlak esasyny, binýadyny gurup gitdi. Eger basmaçylyk hereketi diýlip at berlen herekete gatnaşyjy türkmenler, öz azatlygyny goran adamlar bolşewikler tarapyndan öldürilende, olaryň goşhaltasyndan Magtymgulynyň diwany çykan bolsa, soň II Jahan urşunyň frontlarynda faşizme garşy söweşen türkmen esgerleriniň käbiriniň ýanyna göteren Magtymguly diwany eýesini okdan halas etdi. Eger biz, ganym urşa Magtymgulyny ýanyna alyp giden esgerler ýaly, şu günki durmuş synaglaryna garşy ýola çykamyzda hem Magtymgulyny, onuň goşgularyny ýoldaş edinsek, hiç wagt azaşmarys, köp beladan gutularys, muňa hem özümiz ynanmaly, hem çagalarymyzy ynandyrmaly. Bu ynanç biziň özümizi halas etmek, çagalarymyzy, geljegimizi halas etmek missiýamyzdaky esasy sütünlerimiziň biri diýip düşünýärin. Magtymguly biziň halkymyzyň okaýan böleginiň aňyna oglanlyk ýyllaryndan girýär, soň ömürboýy ahlak çelgisi, garaňky gijede, durmuşyň kyn günlerinde ýol görkezýän parlak ýyldyz bolýar. Men türkmen bolup, Magtymgulyny okamaýanlara, çagasyna Magtymgulyny okamagy öwretmeýänlere gaty gynanýaryn. Sebäbi türkmen intellekti - akyl-üşügi Magtymguly arkaly şu günki halyna geldi. Magtymguly "Berimsiz beglerden, bahyl baýlardan, çöle çyksaň, erkek çopan ýagşydyr" diýip, adam bolmagyň nämedigini gaýtalap bolmajak derejede aýdyp gitdi. Magtymgulyny türkmen intellektindäki yzlary diýlende, muny sanap aňyrsyna çykyp bolar öýtmeýärin. Şeýle soragy goýanyňyza taňry ýalkasyn"
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.