Abu Umar Ahmedow Täjigistanyň Sogd welaýatynyň Ponghoz obasynda Yslamyň prinsipleri we ahlagy baradaky kurslary gurnady.
Gyrgyzystanyň günortasynda ýüz beren soňky etniki çaknyşyklardan soň, indi bu regiondaky etniki toparlar birek-birek bilen kadaly durmuşda ýaşap bilerlermikä?
Azyndan 270 adamyň başyna ýeten çaknyşyklardan iki hepde soň, Merkezi Aziýada ilkinji parlamentar demokratiýa ýol açyldy.
Birleşen Milletler Guramasy Gyrgyzystanyň günortasynda täze dartgynlylygyň döremeginden ätiýaç edýär.
Anna güni Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Roza Otunbaýewa ýurduň konfliktli regionlaryna sapar etdi.
Bir ýurduň köp adamlary iş orny bilen üpjün edýän hususy kompaniýany näme üçin ýapýandygyny biläýmek aňsat däl.
Gyrgyz häkimiýetleri ýurduň ätiýaçdaky harby güýçlerini Jelalabat we Oş şäherlerine iberdi we esgerlere raýatlary goramak üçin ok atmaga ygtyýar berdi.
Duşenbede resmiler 24-nji maýdan bäri Täjigistana gelýän 2500 töweregi demirýol wagonynyň Özbegistanda ýatandygyny aýdýarlar.
Gyrgyzystanyň geçiş hökümeti turuwbaşdan bir zady, Merkezi Aziýa dolandyryjylarynyň tas ählisine mahsus bolan çäklendirilmedik häkimiýete dalaş etmeýändigini belli etdi.
Özbegistanyň Fergana jülgesinde mundan bäş ýyl ozal bolan we onlarça adamyň heläk bolmagyna getiren ganly wakanyň ýyl dönümi, elbetde, Andijanda bellenilmeýär. Sebäbi hökümete garşy gurnalan şol protest barada bu regionda dil ýarmak mümkin däl.
Garaşsyz Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti Askar Akaýewiň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegine getiren “Çigildem rewolýusiýasyna” bäş ýyl doldy. Emma gyrgyz raýatlarynyň, syýasatçylarynyň köpüsi bu wakanyň kän bir netije bermändigini aýdýarlar.
Geçen hepde Gyrgyzystanyň prezidenti Bakyýew ýurduň medeniýet boýunça döwlet agentliginiň başlygy Sultan Raýewi wezipesinden boşatdy. Muňa Sultan Raýewiň asly orsýetli amerikan fotosuratçysy Sergeý Melnikowa Bişkekde öz surat sergisini gurnamaga rugsat bermegi sebäp boldy.
Täjik hakimiýetleri ýurtda höküm sürýän elektrik energiýa ýetmezçiliginiň öwezini doldurmak üçin uly proýekti durmuşa geçirmegi maksat edinýärler.
Özbek mediasynyň habar bermegine görä, diňe üstümizdäki ýylda Hywa şäherini görmäge baran çet ýurtly syýahatçylaryň sany 27000-den agdyk.
Bazar güni Eýranyň ynkylaby sudunda reňkli rewolýusiýany amala aşymaga synanyşyk etdi diýilýän 25 çemesi adamynyň sudunyň üçünji tapgyry başlandy.
Russiýa Federasiýasynyň Gyrgyzystandaky ikinji harby bazasy üçin Fergana jülgesiniň Oş hem Batken şäherleriniň golaýyndaky günorta bölegi saýlanyldy.
Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndaky dürli ýokary okuw jaýlarynyň we kollejleriniň resmi bolmadyk öz bahalary bar.
Gyrgyzystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy prezidentlik saýlawlarynda Kurmanbek Bakiýewiň ýeňiş gazanandygyny tassyklady.
Owganystanda aýallaryň mekdebe, işe, ýa-da doktora gimegine päsgelçilik berýänleriň tiz wagtda agyr jezalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy ähtimal. Bu “Aýallara garşy zorluklary ýok etmek” boýunça kanuna laýyklykda amala aşyrylar.