Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Roza Otunbaýewa Oşa bardy


Anna güni Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Roza Otunbaýewa ýurduň konfliktli regionlaryna sapar etdi.

Gyrgyz lideri Oşa bardy
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:49 0:00

Gyrgyz lideri Oş şäherine ýeten zyýanlary görensoň, regiony täzeden dikeltmegi, bosgunlaryň yzlaryna dolanyp gelmegini wada etdi.

“Biz bu şäheri täzeden gurmak barada perspektiwa umyt bermek isleýäris. Bosgunlary yzlaryna hökman getireris. Muňa gerekli ähli şertleri dörederis. Bütin dünýä bizi goldar, sebäbi biziň niýetimiz bu iki halkyň bilelikde asuda we dostlukda ýaşamagy” diýip, Otunbaýewa aýtdy.

Resmi maglumatlarda bu çaknyşyklarda ölenleriň sany 190 töweregi, ýarlananlar hem 2000-e golaý diýilýär. Otunbaýewa şu gün beren intewýusynda özüniň ölenleriň sany aýdylandan 10 esse köpdür öýdüp gorky edýändigini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasy Oş we Jelalabat regionlarynda öý-owzaryny taşlap, konfliktden gaçyp giden adamlaryň sanyny 400 müň töweregi diýip çaklaýar. Goňşy Özbegistana sygynan özbekleriň sany hem iň azyndan 75 müň.

Anna güni Andijanda bosgunlaryň lagerlerine baryp gören Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta we Orta Aziýa boýunça kömekçisi Robert Blake: “Günorta Gyrgyzystanda ýüz beren etniki konflikt barada garaşsyz topar tarapyndan barlag geçirilmegi möhüm” diýdi.

Ol şeýle hem gyrgyz häkimiýetlerini gazaply hereketleri togtatmaga çagyrdy.

Häzirki ýagdaýlar

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Janarbek Akaýew anna güni Oşda uly märekäniň ýagdaýdan närazydyklaryny bildirmek üçin şäheriň merkezine ýygnanandyklaryny habar berdi.

“Edil şu wagt Roza Otunbaýewa häkimlikde. 200 töweregi adam hem daşarda, edaranyň öňünde dur. Olar Otunbaýewa garaşýarlar. Ýöne ol daşary çykyp, bu märeke bilen gürleşenok. Adamlar, umuman, wagtlaýyn hökümetiň işinden närazy. Mysal üçin, bir aýal öz oglunyň özbekler tarapyndan şindi-de zamun saklanýandygyny aýdýar” diýip, Akaýew belleýär.

11-nji iýunda başlanan konfliktde Oş şäherinde köp ýerler weýran edilip, köp binalar, şol sanda medeniýet we söwda merkezleri, dukanlar we restoranlar otlandy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň häzir Oşdaky habarçysy Brus Panniýeriň aýtmagyna görä, anna güni juma namazyna ýygnanan adamlaryň arasynda barlyşyk alamaty göze ilýär.

“Namaza ýygnanan märekäniň arasynda hem özbek hem-de gyrgyzlar bar. Ymam namazdan soň eden wagzynda ‘özbekler we gyrgyzlar musulman. Olar musulmandyklary üçin hem dogan. Olar prowokasiýa we beýleki zatlara goşulmaly däl’ diýip, öwüt-ündew etdi. Metjitden çykyp gelýän özbekler we gyrgyzlar özara gürleşip gelýärler, gürrüň bolan wakalar barada. Arada duşmançylyk ýa ýigrenç göze ilenok” diýip, Panniýer aýdýar.
XS
SM
MD
LG