Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzlar Täjigistandan sapak alyp bilermi?


Hökümetiň harby güýçleri Täjigistanyň Kabodien etrabynda, 16-njy awgust, 1997-nji ýyl.
Hökümetiň harby güýçleri Täjigistanyň Kabodien etrabynda, 16-njy awgust, 1997-nji ýyl.

Gyrgyzystanyň günortasynda ýüz beren soňky etniki çaknyşyklardan soň, indi bu regiondaky etniki toparlar birek-birek bilen kadaly durmuşda ýaşap bilerlermikä diýen sorag ýüze çykýar. Eýsem, bu ugurda regionda nähili oňyn tejribiler bar?

Göz öňüne getirip görüň: gahar-gazaba münen adamlaryň bir topary siziň ýakyn dogan-garyndaşlaryňyzy öldürýärler. Siziň öýňüzi otlaýarlar. Siziň ähli goş-golamlaryňyz bir gijäniň içinde doly ýok edilýär. Munuň-da üstesine, şeýle rehimsizlik size garşy siziň «öz dogduk diýarym» diýip hasaplaýan şäheriňizde, özi-de siziň öz goňşularyňyz tarapyndan amala aşyrylan bolsa, şol wakadan soň siz şol ýerde özüňiz üçin kadaly durmuşy göz öňüne getirip bilersiňizmi?

Ýakynda Gyrgyzystanyň günortasynda ýüz beren gyrgynçylyklardan gaçyp gidip, indi yzlaryna dolanyp barýan adamlaryň köpüsiniň öz-özlerine şeýle sowaly berýändikleri öz-özünden düşnükli.

Elbetde, Gyrgyzystanyň hökümeti bu bulagaýçylyklarda ejir çeken etniki özbekleriň we gyrgyzlaryň öý-öwzarlaryny gaýtadan dikeltmeklige söz berýär. Ýöne, beýleki tarapdan, azyndan 275 adamyň ölümine we 400 müň töweregi adamyň bolsa öz ýaşaýan ýerlerini terk etmegine sebäp bolan şeýle gyrgynçylygyň gaýtadan ýüze çykmazlygy üçin hem hökümet zerur çäreleri görmeli bolar.

Ýerli ilatyň arasynda barlyşyk prosesini amala aşyrmak meselesinde Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti tejribe öwrenmek üçin uzaga gidip oturmaly däl. Bu meselede goňşy Täjigistanda sapak alarlykly tejribiler az däl.

Bäş ýyla çeken graždanlyk urşunyň yzy bilen, 1997-nji ýylda Täjigistan hem hut şular ýaly synag bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Köpsanly bökdençliklere we kynçylyklara garamazdan, geçen 13 ýylyň içinde Täjigistanda amala aşyrylan barlyşyk prosesi, umumy alnanda, üstünlikli proses diýlip hasaplanylýar.

Edil birmeňzeş däl

Elbetde, Täjigistandaky wakalar bilen Gyrgyzystandaky wakalar edil birmeňzeş häsiýetdäki wakalar däl. Çünki, Täjigistandaky graždanlyk urşy etniki duşmançylyk esasynda däl-de, aglaba Moskwa arka dirän resmi hökümet bilen Yslam Dikeldiş partiýasynyň öňbaşçylygyndaky oppozision güýçleriň arasyndaky syýasy garşy durmalar sebäpli döräpdi.

Ýöne, netijede, täjik urşy ýurduň adaty raýatlaryny-da biri-birine garşy goýdy. Hususan-da, ol ýurduň günortasyndaky Kulob regionynyň ýaşaýjylary bilen gündogar Raşt jülgesiniň ýaşaýjylaryny biri-birleri bilen garpyşdyrdy.

Resmi hökümetiň tarapdarlary diýlip hasaplanylýan kulobiler bilen oppozisiýanyň tarapdarlary hasaplanylýan raştlylaryň arasynda ýüze çykan şol çaknyşyklarda azyndan 50 müň töweregi adam ölüpdi. 1 million 200 müň töweregi adam, ýagny, ýurduň 20 prosent ýaşaýjysy bolsa 1992-97-nji ýyllaryň şol graždanlyk urşunda öz ýaşaýan ýerlerinden gaçyp gitmäge mejbur bolupdy.

Biri-birlerine duşmançylykly dürli regionlardan bosup çykan şol adamlardan şu günki gün dostlukly goňşuçylykda ýaşaýanlary az däl.

Aňsat bolmandy

Ýöne Täjigistandaky bu barlyşyk prosesi aňsat bolmandy. Bu proses Täjigistanyň hökümetiniň, oppozisiýanyň we halkara guramalarynyň özara hyzmatdaşlyklarynyň üsti bilen başa bardy. Ol bolsa öz gezeginde uly çykdajylary, tagallalary we wagty talap etdi.

Şol döwürde Milli Barlyşyk Komissiýasynyň agzasy hökmünde iş alyp baran Ibrohim Usmonow taraplaryň arasynda ynamy dikeltmek meselesiniň iň bir esasy kynçylyklardan biri bolandygyny aýdýar. Ol bu meselede hökümetiň tutýan pozisiýasyna we ýöredýän syýasatyna örän köp zatlaryň baglydygyna ünsi çekýär.

Ibrohim Usmonow «Adaty adamlar parahatçylyk prosesiniň amala aşýandygyny we hökümetiň hem wadalarynyň ýerine ýetirilýändigini sözde däl-de, iş ýüzünde öz gözleri bilen görmeli» diýip, belledi.
XS
SM
MD
LG