Ahmedow: “Diniň gymmatlyklaryny öz çagalarynyň öwrenmegini isleýän ene-atalar olaryň aşa dindar bolmagyny islemeýärler. Olaryň ählisi çagalarynyň din barada käbir sowadynyň bolmagyny we yslam bilen bagly möhüm zatlary bilmegini isleýärler. Şeýle-de olar çagalarynyň neşekeşlik, arakhorluk ýaly ýaramaz pişelerden uzakda bolmagyny isleýärler. Ene-atalar ahlagy we onuň gymmatlyklaryny öwretmek üçin dini ulanmak isleýärler” diýýär.
Medresäni tamamlan Ahmedowyň dini mekdeplerde okatmaga we dini kurslary açmaga resmi rugsady bar. Häkimiýetler onuň obanyň uly metjidindäki dini kurslaryny resmi hasaba aldylar.
Häkimiýetiň gözegçiligi
Ýurtda din bilen bagly ähli zady doly gözegçilikde saklamaga çalyşýan häkimiýetler berk liniýany saklaýarlar. Olar hususy öýlerde we metjitlerde rugsatsyz dini kurslaryň ýa-da ýaşyryn medreseleriň açylandygyny güman edip, wagtal-wagtal reýd geçirýärler.
Hukuk goraýjy organlar tarapyndan Isfara, Istaraşan, Penjekent we Gafyrow etraplarynda “medrese” atly reýd geçirilende, resmi taýdan hasaba alynmadyk ýedi sany dini mekdebiň üsti açyldy. Häkimiýetleriň maglumatyna görä, olar hususy öýlerde açylypdyr.
Gallup atly guramanyň iki ýyl mundan öň ýaýradan maglumatyna görä, pikiri soralan raýatlaryň 76%-i gündelik durmuşynda diniň möhüm rol oýnaýandygyny habar berdi. Häkimiýetler dini ekstremizm howpuny çäklendirmek ugrunda elde baryny edýärler.
Emma häkimiýetleriň şeýle hereketleriniň din azatlygyny bozýandygy we dini gurluşlary basyşda saklaýandygy barada tankyt köp. Muhammetjon Ortykow Gafurow etrabyndaky uly metjidiň ymamy. Ol häkimiýetleriň gorky döredýändigine we dini kurslara şübhelenýändigi sebäpli biynjalyk bolýar.
M.Ortykow bu zatlaryň döwrebap musulmanlara ýakmajakdygyny aýdýar. Onuň ogly Muhammedi rugsat edilmedik dini kurslary açandygy üçin oňa häkimiýetler jerime saldylar. Şol bir wagtyň özünde-de, ymam M.Ortykow goňşularynyň haýyşy boýunça oglunyň çagalara dini ders berendigini aýdýar.
“Häkimiýetler bize hüjüm etmek üçin islendik bahanany ulanýarlar. Meselem, olar çagalaryň “Hizbi ut Tehrir” dini toparynyň yzyna eýerijiler boljakdygyny aýdýarlar. Biz çagalara Gurhandan başga zat öwretmeýäris. Ýöne häkimiýetler çagalaryň öwrenýän zatlaryny sorag astynda goýýarlar” diýip, M.Ortykow aýdýar.
Seýitbek Mahmadulloýew din boýunça döwlet komitetinde din hem kanunlar barada ekspert: “Ýurduň kanuny dini kurslara gatnamagy ýa-da dini medreseleri, kurslary açmagy gadagan etmeýär. Ýeke-täk talap olar üçin bilim resmilerinden rugsat almaly. Emma dini liderler döwletiň okuw maksatnamasyna dini sapagy goşmagyny ýeterlik hasaplamaýarlar”.
Hasaba alnanlar ýetenok
Täjigistanda resmi taýdan hasaba alnan 20 çemesi medrese we Yslam uniwersiteti bar. Her bir uly metjidiň dini kursy açmaga rugsady bolsa-da, olar oba ýerlerinde ýetmezçilik edýär. Uly metjidi azyndan 15 müň ilatly obada gurmak mümkin. Mollalar döwlet medreseleriniň ýeterlik däldigini we diniň möhüm taraplaryny öwrenmek üçin çagalaryň birnäçe sagadyny sarp edýändigini aýdýarlar.
Raşt etrabynyň ýaşaýjysy Azizowa Gurhany öwrenmegi üçin 14 ýaşly ogluny ýerli molla berýär: “Meniň oglum iki sagatlap iňlis dili we bir sagatlap matematika kursuna gidýär. Wagty bolanda, hepdede bir ýa-da iki gezek molla gidýär” diýip, Azizowa aýdýar.
Azizowa mollanyň ýa-da beýleki dini mugallymlaryň okatmaga resmi rugsadynyň bardygy bilen gyzyklanmandyr. “Munuň sebäbi köp ene-ata çagalaryny resmi däl dini kurslara iberýär. Çünki bu golaýda uly metjitler ýa-da resmi taýdan hasaba alnan medreseler ýok” diýip, öý bikesi Azizowa aýtdy.
“Meniň oglum uçujy bolmak isleýär. Emma biz ene-atalar üçin iň möhümi oglumyz edepli bolup ýetişmeli. Hut şonuň üçin-de biz oglumyzyň dini, namaz okamagy öwrenmegi üçin molla berýäris” diyip, Azizowa sözüne goşdy.
Din boýunça ekspert Ahmedow bolsa: “Häkimiýetleriň resmi hasaba alynmadyk medreseler baradaky aladasyna düşünýärin. Sebäbi olardaky käbir radikallaryň öz pikirlerini öwrenmäge çagalary mejbur etjekdigini inkär edip biljek däl” diýýär.