Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berk wiza režimli turistleriň mekany


Hywadaky gadymy Horezm Mamun Akademiýasy, 2006 ý.
Hywadaky gadymy Horezm Mamun Akademiýasy, 2006 ý.

Orta asyrdan galan köşklere, minaraly metjitlere alyp gelýän dar köçeler. Şagalaňly bazarlar, çaýhanalar. Özbegistanda ”Ýüpek Ýolunyň” gyrasynda ýerleşýän şaherleriň haýsysyna barsaň, gözüňe ilýän şular ýaly gadymyýetiň galyndylary.

Günbatarly syýahatçylary özüne çekýän-de şular. Özboluşly mirasyndan gazanç edip boljakdygyna göz ýetiren Özbegistan soňky ýyllarda turizm senagatyny ösdürmek üçin aşa köp çykdajy etdi. Paýtagt Daşkentde-de, beýleki taryhy şäherlerde-de ýokary derejeli myhmanhanalar guruldy, olaryň uçar meýdanlary, howa taransportynyň infrastrukturasy täzelendi.

Özbek mediasynyň habar bermegine görä, diňe üstümizdäki ýylda Hywa şäherini görmäge baran çet ýurtly syýahatçylaryň sany 27000-den agdyk. Bularyň köpüsi Fransiýa, Germaniýa we Ispaniýa ýaly ýurtlardan.

Emma wiza kyn

Londonda ýerleşýän ”Silk Road And Beyond” (”Ýüpek Ýoly we Ondan Aňrylar”) atly syýahat agentliginiň direktory Tanýa Ewans öz agentliginiň soňky ýyllarda ýüzlerçe britaniýaly turistiň Özbegistana saparyny gurnandygyny aýdýar. Ýöne ol wiza işiniň gaty kynlygyndan zeýrenýär.

“Adat boýunça, Britaniýa we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki raýatlary üçin Daşkentdäki Daşary işler ministrliginden ilki rugsat gerek. Olar seniň wizaňy oňlansoňlar, golaýdaky bir konsullyga baryp, pasportyňa möhür urdurýarsyň. Şonsyz, ilçihana baryp, wiza alyp bolanok” diýip Ewans aýdýar.

Zarif Daşkentde bir syýahat agentliginiň eýesi. Ol öz hususy agentliginiň Birleşen Ştatlarda ýerleşýän bir kompaniýa bilen birlikde amerikaly turistleriň Özbegistana saparyny ýola goýýandygyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, müşderileriniň ýüzbe-ýüz bolýan esasy kynçylygy wiza işi. Amerikanlar Özbegistanyň bir turistik wizasy üçin 131 dollar tölemeli we iň bärsinden 10 gün hem garaşmaly bolýar. Kim 5 günüň içinde aljak bolsa, 197 dollar bermeli.

Zarif: “Uly kynçylyk – wiza. Belli bir ýurtlaryň ilatyna özbek wizasyny almak aňsat iş däl. Olar köp garaşmaly bolýarlar. Mysal üçin, biziň amerikaly müşderilerimiz wiza aljak bolsalar, gaty köp kynçylyk çekýärler” diýýär.

Gümrük we serhet kontrollygy

Özbegistanyň berk wiza düzgüninden, gümrük hem serhet kontrollygyndan goňşy ýurtlar-da kynçylyk çekýärler. Duşenbeli söwdagär Jahongir Sabohi her ýyl tomus kanikulyny aýaly we iki çagasy bilen ene-atasynyň dogduk mekany Samarkantda geçirýändigini aýdýar.

“Serhet postlarynda bar bolan kanunsyzlyk, gümrük işgärleriniň özlerini gödek alyp barmagy her ýyl biziň saparymyza awy gatýar. Eliňde özbek wizasy bolsa-da, bu seniň Özbegistana girjekdigiňi aňladanok. Özbek serhetçileri haçan isleseler, serhet postuny ýapýarlar. Saňa bir zat aýdaýyn ýa düşündireýin diýenok. Özbek ilçihanasy-da bu barada maglumat bermeýär. Olaryň arasynda koordinasiýa ýok” diýip, Sabohi aýdýar.

Ol soň hem: “Duşenbe bilen Samarkandyň arasynda uçar gatnanok. Biz maşynly gidýäris. Kä mahallar serhet açylýança ençeme günläp maşynda garaşmaly bolýarys” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.
XS
SM
MD
LG