Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Galagoply suduň üçünji tapgyry başlandy


Reňkli rewolýusiýany amala aşymaga synanyşyk etdi diýilýän 25 çemesi adamynyň sudunyň üçünji tapgyry, 16-njy awgust, 2009 ý.
Reňkli rewolýusiýany amala aşymaga synanyşyk etdi diýilýän 25 çemesi adamynyň sudunyň üçünji tapgyry, 16-njy awgust, 2009 ý.
Şu günler, Eýranda tussag edilenleriň gynalandygy hakynda maglumatlar ýaýraýan hem-de Tährana garşy halkara tankytlaryň artýan wagtynda, bazar güni Tähranda 25 çemesi adamynyň garşysyna sud başlandy. Reňkli rewolýusiýany amala aşyrmaga synanyşyk etdiler diýip, häkimiýetler olara aýyplama bildirýärler.

Düýn şeýle aýyplama bilen tussag edilenleriň sudunyň indi üçünji tapgyry başlandy. Baş sudýa olara bidüzgünçilikleri amala aşyrmak maksady bilen prowokasiýa etmekde aýyplama bildirdi.

Ýurduň köpçülikleýin habar serişdeleri, şol sanda IRNA habar agentligi, garşylaryna sud işi gozgalanlaryň kimlerdigini mälim etmän, diňe olaryň käbirleriniň bikanun protestlere we ýykan-ýumrançylykly hereketlere baş goşup, yslamy düzgüni agdarmaga synanyşyk edenlerdigini öňe sürdi.

Habarda olaryň elde ýasalan bomba we granat bilen proteste çykandyklary-da öňe sürüldi. Prokuror režime oppozisýada duranlary hem-de halkara jemgyýetçiligini bidüzgünçiliklere sebäp bolanlykda aýyplap çykyş etdi.

Suda çekilýänler kimler?

Suda çekilýänleriň arasynda belli reformaçylar, şol sanda ozalky prezident Hateminiň orunbasary we onuň ýakyn maslahatçysy Muhammet Ali Abtehi we esasy oppozision Yslamy Ortak frontunyň lideri Mohsem Mirdamady dagylar-da bar.

Adam hukuklary boýunça görnükli aklawçy, tussag edilen žurnalist Isa Sahehyzyň aklawçysy Nesrin Sotoudeh Radiomyzyň pars gullugy Radio Farda bilen söhbetdeşlikde žurnalistleriň gynalyp hem urlup-ýenjilendigini, öz müşderisiniň gapyrgasynyň döwlendigini, oňa däri-derman kömeginiň berilmänligini aýtdy.

Žurnaliste bir aýlap haýsy sebäpden tussag edilendiginiň aýdylmandygyny, kanun boýunça tussag edilen adama 24 sagadyň dowamynda günä bildirilmelidigini-de, aklawçy Sotoudeh sözüne goşdy.

Protestlerde tussag edilen student aktiwist Şiwa Nazar Ahari-de, Ewin türmesinde, aklawça beýle-de dursun, hatda ene-atasy bilen-de duşuşmaga rugsat berilmändir. Onuň ejesiniň sözlerine görä, iki aýdan bäri türmede oturan gyzy bilen duşuşmaga-da, hatda gyzyna öýlerine telefon etmäge-de rugsat berilmeýär.

Protest ýörişlerinde azyndan 30 adamynyň ölendigi aýdylýar, tussag edilenleriň sany bolsa, resmi maglumata görä, üç müňden gowrak.
XS
SM
MD
LG