Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzlar täze Konstitusiýany goldaýar


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmadaşlyk guramasy täze baş kanun barada “Esasan aýdyň hem aç-açan referendum geçirildi” diýip, Gyrgyzystany öwdi. Ýöne Orsýet täze syýasy sistemanyň ekstremistik toparlaryň häkimiýet başyna gelmegine ýol açmagy mümkin diýip, iňkis edýär.

Gyrgyz resmileri referenduma gatnaşanlaryň 90 prosentiniň täze esasy kununy oňlandygyny aýdýarlar. Şeýlelikde iň bärsinden 270 adamyň başyna ýetip, 400 muň töweregi adamyň öý-öwzaryndan jyda düşmegine getiren çaknyşyklardan iki hepde soň, Merkezi Aziýada ilkinji parlamentar demokratiýa ýol açyldy.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmadaşlyk guramasynyň ýerli gözegçileri berlen sesleri sanamakda goýberilen nädogrulyklar ýaly käbir kemçilikleriň bolandygyny bellediler. Ýöne bu gurama hemmeleriň, aýratyn-da öý-öwzaryndan jyda düşen adamlaryň ses bermegi üçin ähli tagallalaryň edilendigni aýtdy.

“Referendumyň Oşda we Jelalabatda bolan çaknyşyklardan diňe iki hepde soň kynçylykly ýagdaýda geçendigni göz öňüne getireniňde, wagtlaýyn hökümet we beýleki häkimiýetler bu täsin, parahatçylykly prosesi guranlygy üçin öwgä mynasyp” diýip, ÝHHG-niň “Demokratik institusiýalar we Adam hukuklary” baradaky edarasynyň gözegçi toparynyň başlygy Boris Frlek aýtdy.

“Tehniki hökümet”

Roza Otunbaýewa
Kurmanbek Bakyýew ýurtdan kowlup, aprel aýynda häkimiýet başyna gelen wagtlaýyn hökümet referendum arkaly kanunylyk gazandy. Roza Otunbaýewa ses berişlikden soň metbugat konferensiýasynda öz etjek işleri barada gysgaça maglumat berip: “Uly bolmadyk bir dabaradan soň maňa prezidentlik ygtyýarlylygy berler. Onsoň 2007-nji ýylyň baş kanunyna laýyklykda, men täze hökümeti gurmaga başlaryn. Muňa wagtlaýyn hökümet diýilmez. Ol bir tehniki hökümet bolar. Iňlisçede muňa ‘caretaker government’ diýilýär” diýdi.

Täze esasy kanunda prezidentiň ygtyýarlylygy ep-esli çäklendirilýär. Bu iş awtokratik prezidentleri bilen ýaramaz at alan Merkezi Aziýda bir täze zat. Otunbaýewa: “Saýlawçylar öňki iki prezidentin ýolbaşçylygynda bir maşgalanyň awtoritarçylykly höküm sürmegi soňlanmaly diýip, ses berdiler” diýdi.

Bu ýerde göz öňünde tutulýan Bakyýew bilen Askar Akaýew. Ýöne rus prezidenti Medwedew täze Konstitusiýa arkaly girizilýän syýasy sistemanyň aýak üstünde durup biljekdigine şübheli garaýar.

Medwedew: “Men, dogrymy aýtsam, Gyrgyzystanda parlamentar respublikanyň nädip ýol aljakdygyna düşünip bilemok. Bu üznüksiz problemalara, parlamentde garym-gatymlyga, belli bir toparlaryň häkimiýet başyna gelmegine, häkimiýetiň bir adamdan başga bir adama kontrolsyz geçmegine, iň soňunda hem ekstremistik pikirlileriň häkimiýet başyna gelmegine getirmezmi?” diýen soragy orta atýar.

Goňşy Täjigistan Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ilkinji bolup, Gyrgyzystanda geçen referendumyň netijelerini gutlady. Referendumyň gutarnykly netijeleri üstümizdäki hepdede belli bolar.
XS
SM
MD
LG