Orsýet bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Ukraina sebäpli ýüze çykan krizisiň netijesinde rublyň hümmeti pese gaçyp başlady. Eýsem, mundan soň nämeler bolup biler?
Ukrain hökümeti ýurduň harby güýçlerine häzirki wagtda ýurtda dowam edýän syýasy krizisi basyp ýatyrmagy üçin basyş edýär. Ýurduň harby güýçleriniň haýsy pozisiýadadygyna göz ýetirmek üçin bäş sowala jogap bermeli.
Gazagystanda sosial medianyň üsti bilen “ýurduň çägindäki banklar ýakyn wagtda çöker” diýen myş-myşlar halk arasynda giňden ýaýrap başlady.
Dünýäniň enegriýa bazarynda örüsini giňeden “Gazprom”, tankytçylaryň aýtmaklaryna görä, temmisizlikden ýaňa öz ýekemenlik kada-kanunlaryny has hem ösdürýär.
Moldowa şu ýylyň aýagynda Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa we söwda boýunça esasy şertnama gol çekmeklige garaşýar. Emma Orsýet bu hökümetiň öňüni baglamak üçin basyşlaryny artdyrýar.
Eger täze döreýän bazarlara mahsus bir umumylyk bar bolsa, ol belli bir tertip-düzgüniň bolmazlygy, aljyraňňylyk diýse bolar. Eýsem bu başagaýlygyň arkasynda nämeler dur?
Siriýa, Yrak, Owganystan we atom ýaraglarynyň ýaýramagy hem Günbatar hem-de Eýran üçin möhüm krizisler bolup durýar. Waşington bilen Tähran dartgynlylygy aşakladyp, iki ýaran bolup bilermi?
Erdoganyň administrasiýasy ýustisiýa we polisiýa güýçleriniň hatarlaryna el urup, ýüzlerçe prokurordyr aňtawçy polisiýa agentlerini möhüm orunlardan aýryp, başga wezipelere geçirdi.
Türk polisiýasynyň Eýran bilen bagly diýilýän köp milliard dollarlyk gyzyl satyn alýan shema babatda geçirýän derňewi premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň hökümeti üçin uly syýasy krizis döredýär.
Internetde gyrgyzystanly zenanyň Orsýetde öz watandaşlary tarapyndan urlup-ýenjilýändigini görkezýän wideo peýda boldy. Bu wideo gyrgyz migrantlarynyň arasynda howatyrlanmalary güýçlendirdi.
Ženewada dünýäniň alty iri döwleti bilen Tähranyň arasynda ylalaşyga gelindi diýilse-de, Eýranyň pluton ýaragyny öndürmek ähtimallygy indi barybir halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşdi.
Dünýäde öz halkyny yzygiderli “çärelere” çagyrýan döwletleriň sany köp däl. Ýöne, ynha, Türkmenistan şeýle döwletleriň biri.
Soňky ýyllaryň dowamynda resmi Aşgabat pagta meýdanlarynda çaga zähmetiniň ulanylmagyna garşy käbir çäreleri geçirene meňzedi. Emma bu ýyl ýene-de gowaça meýdanlarynda çagalara duş gelmek bolýar.
Waşington bilen Kabulyň ikisi hem, üstümizdäki ýylyň aýagyna çenli halkara güýçler Owganystany terk edenlerinden soň, ol ýerde amerikan esgerleriniň çäkli kontingentiniň galdyrylmagynyň tarapdary.
Geçen hepde rus diplomatiýasy üçin juda başgaýlykda geçdi. Muňa-da belli bir derejede Moskwanyň siriýa krizisini çözmek ugrunda eýeleýän düýpli tutumy sebäp boldy.
Eýranyň täze saýlanan prezidenti Hassan Rohani özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) Bişkekdäki sammitine edýär.
Siriýada hökümete garşy göreşýän toparlar hem ikä bölünen, olaryň arasynda esasanam ýaragly yslamçy toparlar bilen kürt toparlary çaknyşýarlar. Bu bolsa müňlerçe adamyň bosgun bolmagyna sebäp bolýar.
Günorta koreýaly lukmanlar muňa "digital demensiýa" ýagny "digital huşsuzlyk" diýýärler. Aziýanyň bu ýurdy dünýäniň kompýuteri iň köp ulanýan jemgyýetleriniň biri hasaplanýar.
Saud Arabystanynyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady agdarmak isleýändigi bir gizlin syr däl. Ýöne Er-Riýadyň bu maksada ýetmek üçin öz pulundan näçeräk sarp etmäge meýillidigi belli däl.
Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad oňümizdäki ýekşenbe güni häkimiýet başyndan gidýär. Ýöne ýurduň içinde hem daşynda onuň ýagşylykda ýatlanjakdygyny görkezýän alamatlar köp däl.
Ýene-de ýükle