Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejadyň "mirasy"


Mahmud Ahmedinejad
Mahmud Ahmedinejad
Eýranyň möhleti tamamlanyp barýan prezidenti Mahmud Ahmedinejad oňümizdäki ýekşenbe güni (4-nji awgustda) häkimiýet başyndan gidýär. Ýöne ýurduň içinde hem daşynda onuň ýagşylykda ýatlanjakdygyny görkezýän alamatlar köp däl.

Onuň galdyran mirasy sekiz ýyllyk prezidentlik döwründe Eýranyň problemalarynyň çözgüdi ugrunda köp iş bitirmedik, käwagtlar hem bu problemalaryň artmagyna gös-göni sebäp bolan bir ýolbaşçynyň mirasy bolsa gerek.

"Iň uly üstünlik"

Ahmedinejady Günbatar dünýäsinde giňden ýatlatjak zat - onuň Eýranyň duşmanlaryna, aýratyn-da Ysraýyla gezek gelende, sogünçli äheňde gürlänligi bolar.

Londonyň "Royal United Services" institutynyň synçysy Şaşank Joşynyň aýtmagyna görä, Ahmedinejad muny özüniň uly üstünlikleriniň biri hasaplaýar.

"Ahmedinejadyň galdyran mirasynyň nämedigini, onuň iň uly üstünliginiň nämedigni sorasaňyz, dogrudanam, bu häkimiýet başyndan aýrylmagyna bir hepde galanda ondan soraldy. Onuň beren jogaby gaty gyzykly. Ol özüniň, bar zatdan öň, holokosty üstünlikli inkär edendigi üçin ýatlanjakdygyny aýtdy" diýip, Joşy nygtaýar.

Mahmud Ahmedinejadyň parlament bilen bolan konfrontasiýalarynyň köpüsi ykdysady syýasat barada boldy. Ol 2005-nji ýylda prezidentlige saýlananda, ýurda nebitden gelýän baýlygy adaty halka paýlamagy wada etdi. Ýöne onuň Eýranyň ykdysadyýetini gowulandyryp, iş orunlaryny döretmegiň deregeine garyplara pul paýlamagy giň gerimli tankytlara uçrady.

Jorj Waşington uniwersitetinde halkara söwda we halkara syýasaty barada Eýran boýunça professor Hoseýn Askary muny şeýle düşündirýär: "Dogry, ol nebitden gelýän girdejini ulandy, ony garyplara berdi. Ýöne berenleri köp pul däldi. Ol obalara baranda, adamlar 'bize şu gerek, bize bu gerek' diýende, onuň puluny biz töläris diýýärdi. Hökümet hem, elbetde, onuň syýasy goldawyny artdyrjak bolup, gowudygy ýa erbetdigi belli bolmadyk we öňünden oýlanyp planlaşdyrylmadyk işleri edýärdi".

Askary Ahmedinejadyň ykdysady teoriýa barada ýokary düşünjesiniň bolmandygyny, oňat düşünjeli maslahatçylaryň pikirlerini-de, öz ornundan peýdalanyp, ret edendigini aýdýar: "Jenap Ahmedinejad özüniň merkezi bankçylarynyň birini inflýasiýa ýokarlanda wezipeden boşatdy. Ahmedinejad onuň ykdysadyýete köpräk pul goýbermegini, soňra hem prosent derejesini aşaklatmak isleýärdi. Bu işi, bilşiňiz ýaly, edip bolanok. Sebäbi sen iki sany biri-birine ters gelýän işi edýärsiň. Men ykdysadyýete pul üstüne pul goýbersem, inflýasiýany güýçlendirerin. Inflýasiýany güýçlendirsem hem, prosent derejesi ýokarlar".

Wagtyň geçmegi bilen Ahmedinejadyň öz populistik güýç bazasyny döretmek baradaky islegi Eýranyň ruhanylardan durýan häkimiýet eýelerinde şübhe döretdi. Ol howply bäsdeş bolar diýip pikir edildi. Hameneýi 2009-njy ýylda onuň täzeden saýlanmagyny goldasa-da, Ahmedinejadyň lageri bilen ýokary ruhy lideriň töweregindäkileriň gatnaşygy ýaramazlaşyp ugrady.

Ahmedinejadyň abraýyna zyýan ýetiren ol ikinji gezek saýlanandan soňraky wakalar boldy. ”Ýaşyl hereketiň” ýolbaşçylygynda ýüz müňlerçe adam ”saýlaw galplaşdyryldy” diýip, köçelere dökülende, hökümet muňa protestçileri urup-ýenjip, türmä dykmak, gynamak, hereketiň esasy ýolbaşçylaryny öý tussaglygyna salmak bilen gaýtawul berdi.
XS
SM
MD
LG