Hökümet adatça polisiýa resmilerini, korrupsiýa derňewini açanlarynda, «syýasy dildüwşikde» aýyplamaýar. Ýöne Türkiýede häzir edil şeýle zatlar bolýar.
Türk polisiýasynyň Eýran bilen bagly diýilýän köp milliard dollarlyk gyzyl satyn alýan shema babatda geçirýän derňewi premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň hökümeti üçin uly syýasy krizis döredýär.
Bu çylşyrymly iş şu hepde (18-nji dekabr) Erdogan polisiýa resmilerini öz hökümetine garşy «hapa operasiýa» başlamakda aýyplanda aýan boldy. Olar, ýagny polisiýa hökümet agzalarynyň üçüsiniň ogullaryny we 80 çemesi biznesmeni, döwlet emeldarlaryny para almak we gapllyk aýyplamalary esasynda derňemäge başlady.
Erdogan bu derňewi başlanlaryň hökümetiň aýagyny köwmäge hem-de «döwlet içinde döwlet bolmaga» çalyşýan bir gurama degişlidiklerini ýaňzytdy.
Erdogan ol guramanyň adyny agzamady, emma ulanýan sözlerinden türk diňleýjilerine belli bolmagyna görä, ol bu ýerde täsirli musulman ruhanysy, Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Fethulla Güleniň yzyna eýerijileri aýyplaýar.
"Döwlet içindäki döwlet"
Stambulda çykýan «Hürriýet» gazetiniň syýasy synçysy Barçin Ýinanç Erdoganyň Güleniň sud we polisiýa güýçleriniň arasynda täsirli wezipeleri eýelän tarapdarlaryny ilkinji gezek aýyplmaýandygyny aýdýar:
"Premýer-ministr ýa-da onuň ministrleri parallel bir gurama ýa-da döwlet içindäki döwlet barada gürrüň edende, jemgyýetçilik kim hakda gürrüň edilýändigini bilýär, sebäbi bu türk premýer-ministriniň we onuň kömekçileriniň şeýle bir guramanyň bardygyndan ilkinji gezek zeýrenişleri däl."
Korrupsiýa derňewi üstündäki tutluşyk polisiýanyň sülçülerini we käbir prokurorlary Erdoganyň ýakyn töweregini düzýän ministrleriň garşysyna goýýar.
Sülçüler güman edilýänleriň öýlerini dökenlerinde, öz tapan zatlary barada metbugata maglumat syzdyrdylar. Olaryň iň sensasiony köwüş gapyrjaklaryna dykylyp goýlan 4.5 million dollar baradaky habar boldy. Bu pullar döwlet eýeçiligindäki «Halkbankyň» ýerine ýetiriji direktorynyň öýünden tapyldy. Başga bir ministriň oglunyň ýatyş otagyndan bolsa, pul sanalýan maşyn bilen depe bolup ýatan nagt pul çykdy.
Metbugat habarlarynda aýdylmagyna görä, derňew Türkiýäniň Eýrandan import edilýän nebit we gaz üçin eden tölegleri, nagt pullaryň altyna öwrülişi we Dubaýyň üstünden Eýrana getirilişi bilen bagly korrupsiýa üns berýär.
Pul ýuwmaga, ýagny bikanun pullary kanunlaşdyrmaga türk hökümetinden kimiň gatnaşandygy, Eýranyň hökümetiniň bu işe ilteşiginiň bardygy ýa ýokdugy belli däl, emma korrupsiýa işinde esasy güman edilýän eýranly biznesmen Reza Zarrab, ol Türkiýede ýaşaýar we türk pop ýyldyzyna öýlenen. Şeýle-de onuň hem Türkiýede, hem Eýranda täsirli tanyşlary bar.
Altyna öwrülýän lira
Türkiýe, halkara sanksiýalaryna garamazdan, Eýrandan energiýa import edýär, sebäbi ol öz ykdysadyýetiniň nebit-gaza mätäçdigini aýdýar. Ankara bu import üçin resmi taýdan türk lirasynda töleg edýär, çünki sanksiýalar onuň tölegi ýewroda ýa dollarda etmeginiň öňüni alýar.
Emma muňa garamazdan, habar serişdeleri eýranlylaryň «Halkbankdaky» hasapda saklanýan şol liralary Türkiýede altyn satyn almakda ulanýandyklaryny, soň kurýerleriň millionlap dollara durýan altyn plitalaryny çemodanlap Dubaýa alyp gidýändiklerini, ol ýerde bolsa ýa daşary ýurt puluna öwürýändiklerini, ýa-da Eýrana iberýändiklerini aýdýar.
Bu işiň täsirleri Türkiýeden we Eýrandan has aňyrlaryk çykýar, sebäbi Birleşen Ştatlaryň resmileri, ýadro programmasy sebäli girizilen Günbatar sanksiýalary netijesinde global bank sistemasyndan köp babatda gyrakladylan Tährana maliýe halas ediş mümkinçiliginiň döredilmezligi üçin, Türkiýäniň altyn eksportlarynyň öňüni almaga çalyşdy. Bu altyn satyn alyş shemasy Birleşen Ştatlaryň Tährana gymmatbaha metallaryň eksport edilmeginiň gadaganlygy baradaky sanksiýalaryna hem ters gelýär.
Ulalyp barýan galmaga jogap hökmünde, hökümet penşenbe güni uly polisiýa ofiserleriniň altysyny işden aýyrdy. Işden aýrylanlaryň arasynda Stambulyň polisiýa başlygy Huseýin Çapkin hem bar. Erdogan bu derňewiň geçirilmegine kömekleşmek üçin özüniň iki sany prokorury belleýändigini yglan edip, metbugatda onuň tutuşlygyna bassyr-ýussur edilmek islenýän bolmagynyň ahmaldygy barada gürrüň döretdi.
"Arassa" gelen hökümet
Bu korrupsiýa derňewi hususan-da Erdogan üçin oňaýsyz, sebäbi onuň Adalat we Galkynyş partiýasy 2003-nji ýylda häkimiýete «arassa el» bilen gelipdi we saýlawçylaryň uly goldawyny alypdy. Häzirki korrupsiýa derňewi hökümetiň ab-abraýyny şeýle derejede synaga salýan ilkinji barlag bolup, indiki ýyl Türkiýede geçiriljek ýerli saýlawlaryň we prezident saýlawlarynyň birnäçe aý öňünden amala aşyrylýar.
Ýinanç derňew üstünde barýan tutluşyk Erdogana ygrarly adamlar bilen Gülene eýerijileriň arasynda görnetin bir bölünişgiň emele gelendigini aňladýar, ýogsa olar, Güleniň tarapdarlary dini konserwatiw AKP-nyň häkimiýete gelmegine ýardam edipdiler diýýär:
"Bu iki güýç ozal umumy duşmana, durnukly kemalçylara hem-de harby we sud elitasyndaky dünýewilere esaslanýan düzgüne garşy göreşmek üçin birleşdiler. Indi bu ikisi hökümet dolandyryş stili üstünde söweşe başlady, aslynda bu häkimiýeti bölüşmek, belli meselelerde kimiň sözüniň geçmelidigi baradaky dawa."