Siriýada hökümete garşy göreşýän toparlar hem ikä bölünen, olaryň arasynda esasanam ýaragly yslamçy toparlar bilen kürt toparlary çaknyşýarlar. Bu ýagdaý bolsa müňlerçe adamyň bosgun bolup, öýlerini terk etmegine sebäp bolýar.
Şeýle-de, bu ýagdaý araplar bilen kürtleriň arasyndaky etniki konfliktlere öwrülip, bu hem Siriýanyň ikä bölünmek howpy baradaky aladalara täze sebäpleri goşýar.
Geçen aýyň ortalaryndan bäri Siriýanyň demirgazygynda belli bir derejede etniki esaslarda turan söweşlerden soň on müňlerçe siriýaly bosgun Yraga bardy. Siriýaly bosgunyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Yrak gullugyna beren maglumatynda yslamçy arap toparlar kürtleri öldürmegiň “halaldygyny” ýa-da dini taýdan makullanýandygyny aýdýarlar diýip gürrüň berdi.
Siriýaly bosgun: “Kürtleriň ýaşaýan territoriýalarynda ýowuzlyk bar, adamlary alyp gaçýarlar, olary öldürýärler. Olar kürtleriň ganyny dökmegi “halal” diýip hasaplaýarlar. Ýowuzlyklar Siriýanyň demirgazygyndaky Rmaýlan, Derik, Kamişili, Amuda we Ras al Ain şäherlerinde bolup geçýär” diýip gürrüň berýär.
“Gyrgynçylygy öz gözlerimiz bilen gördük”
Adynyň efirde agzalmagyny islemedik bu siriýaly bosgun, 15-nji awgustdan bäri Yraga geçen on müňlerçe adamyň diňe biridir. Şol siriýaly bosgunlardan ýene biri özüni Gülüstan diýip tanadan zenan bolsa kürtleriň, araplaryň we hristianlaryň bilelikde ýaşaýan şäheri Kamişilide kürtleriň öldürilenini öz gözi bilen görendigini aýdýar.
“Biziň hiç hili problemamyz ýokdy. Biziň öz öýümiz bardy we meniň kakam bilen erkek doganym hem işleýärdi. Ýöne adamlary öldürýändikleri, olaryň kellelerini çapýandyklary, ýagny şeýle ýagdaýlar sebäpli [Siriýadan] gaçyp gaýtdyk. Biz Kamişilidäki gyrgynçylygy öz gözlerimiz bilen gördük.” diýip, Gülüstan gürrüň berýär.
Siriýaly bosgunlaryň köpüsiniň aýtmagyna görä, “Al-Nusraf fronty” ýaly ekstremist sünni araplardan ybarat toparlar kürt raýatlaryny gorkuzmak maksady bilen bilkastlaýyn alyp gaçýarlar we kellelerini çapýarlar.
“Al-Nusrah fronty” “Al-Kaýda” bilen ilteşiklidir. Garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassykladyp bolmaýan we Siriýada amala aşyrylandygy aýdylýan soňky ganly wakalar yslamçy toparlaryň kürt söweşijileri bilen dowam edýän çaknyşyklarynyň has gyzyşan döwrüne gabat geldi. Şol çaknyşyklaryň Siriýanyň demirgazygynda Türkiýe bilen serhetleşýän territoriýalary ele geçirmek synanyşygy bilen bagly ýüze çykandygy aýdylýar.
Tebigy baýlyklar
Hakykatda Siriýanyň demirgazygyndaky bu krizis başda etniki gapma-garşylyklar sebäpli däl, regionda ýerleşýän baýlyklara eýe bolmak üçin iki garşydaş toparyň arasynda başlanypdy.
Häzirki wagt Dohada ýaşaýan analitik we Damaskyň Kalamun uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar fakultetiniň öňki dekany Marwan Kabalan agzalýan territoriýanyň ençeme mümkinçiliklere eýedigini aýdýar.
Kabalan: “Ilki belläp geçmeli zadymyz, Siriýanyň demirgazygy nebite we gaza örän baý. Siriýanyň nebit resurslarynyň aglabasy şol territoriýada ýerleşýär. Bu meseläniň ykdysady tarapy. Beýleki faktor hem, bu territoriýanyň Türkiýeden gelýän ýükler üçin esasy ýoluň ugrunda ýerleşmegidir” diýip gürrüň berýär.
Siriýanyň hökümet güýçleri ýurduň günortasynda we merkezinde ýerleşýän uly şäherlerdäki söweşijiler bilen bolan uruşlara ünsi artdyryp, agzalýan territoriýalary ünsden düşürdi. Şeýlelikde, Siriýanyň az ilatly demirgazyk territoriýalaryna eýýäm bir ýyla golaý wagt bäri Başar Al-Assadyň režimi tarapyndan kontrollyk edilmeýär.
Häkimiýet boşlugyny eýelemek
Siriýanyň demirgazygyndaky az sanly hökümet goşunynyň täsiriniň pes bolmagy, kürtleriň agdyklyk edýän bu territoriýasyndaky häkimiýet boşlugyny Siriýanyň iň güýçli kürt partiýasyna, ýagny “Demokratik bileleşik” partiýasyna we kiçeňräk “Kürt milli geňeşine” eýelemäge mümkinçilik döredýär.
Ýurduň garyşyk ilatly territoriýalarynda kürtler bilen yslamçy toparlaryň arasynda häkimiýet ugrunda dowam edýän çaknyşyklar soňky aýlarda dartgynlylygy hasam möwjedýär.
Kürt partiýalary yslamçy toparlaryň şerigat kanunyny ornaşdyrmak baradaky tagallalaryny ret edýärler. Şol bir wagtyň özünde yslamçy toparlar hem kürtleri Damasky goldamakda aýyplaýarlar. Kürtler bolsa bu aýyplamalary ret edýärler.
Siriýada etniki dartgynlygyň möwjemeginiň ýene bir sebäbi - siriýaly kürt liderleriniň, ýurtda graždanlyk urşy tamamlanýança, öz wagtlaýyn häkimiýetini yglan etmegidir.
Emma kürtleriň: “Siriýanyň bölünmegine sebäp bolup biläýjek garaşsyz Kürdüstany döretmek maksadymyz ýok” diýýändigine garamazdan, bu ýagdaý ýurduň oppozisiýasyny howatyrlandyrýar.
Netijede Siriýanyň demirgazygynda dowam edýän uruşlaryň soňy ýok ýaly bolup görünýär. Taraplaryň hiç biriniň hem beýlekisini basyp ýatyrmaga ýeterlik güýji ýok, şol bir wagtyň özünde-de olaryň ikisi-de uzak wagtlaýyn partizanlyk urşuny alyp barmaga ukyply.