Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB "Gazpromyň" monopoliýasyna garşy


Russiýanyň "Gazprom" kompaniýasynyň emblemasy.
Russiýanyň "Gazprom" kompaniýasynyň emblemasy.
Orsýetiň “Gazpromy” Ýewropada şu wagta çenli ýakasyny tanadyp geldi. Dünýäniň enegriýa bazarynda örüsini giňeden “Gazprom”, tankytçylaryň aýtmaklaryna görä, temmisizlikden ýaňa öz ýekemenlik kada-kanunlaryny has hem ösdürýär. Ýöne indi welin, “tebigy gaz läheniň” Ýewropadaky tarhanlyk döwrüne soňky nokat goýuljak döwri golaýlaýana meňzeýär.

“Gazprom” bilen Ýewropa Bileleşigi ýangyjyň bahasyny kesgitläp bir çukura tüýkürip bilmedi diýen gürrüň bar. Üstesine-de, “Gazprom” Ýewropanyň energiýa bazaryny hemmetaraplaýyn öz erkine tabyn etmek üçin ölüp-öçüp barýar. Bu ýagdaý hem ÝB bilen “Gazpromyň” arasyndaky özara oňşuksyzlygyň ýarasyna duz sepýär.

Sowet Soýuzynyň söwda tejribelerinden görelde alýan “Gazprom” bilen erkin bazar bäsdeşligini maksat edinýän ÝB-niň arasyndaky düşünişmezliklerde “ykbal kesgitleýji” pursatlara gadam basylýar.

"Açyşlar"

Üstümizdäki baharda gürrüňi edilýän “oňşuksyzlygyň” möwjemegine garaşylýar. Soňky iki ýylyň dowamynda “Gazpromyň” alyp barýan işlerine ýakyndan syn edip, olary derňän Ýewropa Komissiýasy öz alyp baran barlaglarynyň netijesinde üstüni açan “açyşlaryny” öňümizdäki aýlarda çap eder. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, çap ediljek “hasabat” “Gazproma” abraý getirmez.

Britaniýanyň hepdelik neşiri bolan “The Economist” gazetiniň halkara redaktory, şeýle-de “Galplyk: Içalylar, ýalanlar ýa-da Orsýet nädip Günbataryň gözüni boýaýar?” atly kitabyň awtory Eduward Lukas soňky ýagdaýlar barada öz pikirini şeýle beýan edýär: “Meniň pkirimçe, “hasabat” çap edilensoň, ilki bilen “Gazprom” gözden düşer. Sebäbi çap ediljek maglumatlar “Gazpromyň” şu wagta çenli baş goşup gelýän ähli pyssy-pyjurlyklaryny öz içine alýar. Ondan soň “Gazproma” jerime tölediler. Şeýle-de “Gazpromyň” gymmat bahadan gaz satan kompaniýalaryna-da käbir mümkinçilikler dörär...”.

ÝB bilen “Gazpromyň” arasyna düşen çiginli düwüni ýakyndan öwrenýän Lukas Ýewrokomissiýanyň üstümizdäki maýda ýagdaý barada hasabat ýaýratmagyna garaşýar. “Hasabaty çap edýän Gýunter Ottinger we Jokin Almuniýanyň noýabr aýynda iş möhletleri tamamlanýar, şonuň üçinem olar, ýagny Ýewrokomissiýanyň Energiýa boýunça komissary Gýunter Ottinger we Bäsdeşlik boýunça komissary Jokin Almuniýa tizden-tiz hereket etmek isleýärler” diýip, Eduward Lukas öz sözleriniň üstüni ýetirýär.

Negatiw hasabat “Gazpromyň” ezenegini agdyryp, çammalagyny çaşyrar. Kompaniýa jerime tölediler, abraýy elden gider we käbir kompaniýalar “Gazpromyň” garşysyna herekete geçerler. Şeýlelikde döwlet eýeçiligindäki bu kompaniýa regionda alyp barýan iş endikleriniň ugruny üýtgetmeli bolar.

Kreml

Gazap atyna atlanan Moskwa Ýewropa Komissiýasy bilen egri oturyp, dogry gepleşmäge meýil edýär. Soňky birnäçe aýyň dowamynda Orsýetiň wekilçilikli toparlary aýak aldygyna Brýusselle gatnaýarlar. Ýöne geçirilýän gepleşikler barada dil ýarýan adam ýok.

Brýussel eýýäm birnäçe ýyldan bäri Orta we Gündogar Ýewropada “Gazpromy” öz ugruna goýberdi. Sebäbi Ýewropa regionyň taryhy reallyklaryny we bazar gatnaşyklaryndaky görnetinlikleri bir gijede üýtgetmek başartmajakdygy köre hasa, mese-mälim hakykat. Ýagdaý şeýle bolansoň, “Gazpromam” pursatdan tüýs “gözüni çykaryp” peýdalandy we regionda özerkli monopoliýasynyň hökümini rowan etdi.

Sibiriň gazyny Ukrainanyň üsti bilen Günorta Ýewropa akdyrýan esasy gazgeçirji turbalar entek sowet döwründe gurlupdy we oňa dolulygyna “Gazprom” eýeçilik edýär. “Gaz läheňiniň” öz eli - öz ýakasy. “Trans-Ukrain” gazgeçirijisi arkaly kime gaz berjek bolsa, ýa-da “Demirgazyk akym” arkaly Germaniýanyň üsti bilen kimi ýylatjak bolsa, onuň özi çözýär.

Garşy gitmek aňsat däl

“Gazpromyň” regionda hökümini ýöredýän zabun monopoliýasy, ýewropaly müşderileriň gaz üçin tölegleriniň erkin bäsdeşlik esasynda kesgitlenmegine mümkinçilik bermeýär. Onuň garşysyna gitmegem aňsat däl. Sebäbi Ýewropa Bileleşiginiň dörtden bir bölegini tebigy gaz bilen “Gazprom” üpjün edýär.

Diýmek, ýagdaý şeýle bolsa, onda nädip Brýussel ýürek edip, indi “Gazpromy” gysjak bolýarka? Düýbi Warşawada ýerleşýän “Gündogary öwreniş” merkeziniň energiýa syýasaty boýunça bilermeni Agata Lokot-Straçota, Ýewrokomissiýanyň energiýa babatynda bir faktordan ugur alyp, özüne göwni ýetip başlandygyny aýdýar: "Brýussel gaz pudagynda-da öz kanunlarynyň güýje girmegini isleýär. Kanunlaryň öňünde hemme deň. Şonuň üçinem Brýusseliň adam saýlasy gelenok".

Ýewropa Bileleşigi, esasan, 2009-njy ýylda güýje giren “üçünji energiýa paketi” diýen kanunçylygyň has işjeňleşdirilmegine ýykgyn edýär. Agzalýan kanunçylyk gazgeçiriji turbalara “üçünji tarapyň” goşulmak hukugyny kepillendirmegi maksat edinýär. Şeýle-de bu kanunlar “eýeçiligiň bölünişik hukuklaryny” kepillendirmekligi hem maksat edinýär. Ýagny, beýle diýmeklik agzalýan kanunçylyk energiýa üpjünçiligini amala aşyrýan kompaniýa bilen energiýa geçirýän kompaniýanyň aýdyň tapawutlandyrylyp, biri-birinden seljerilmegini maksat edinýär.

Brýusseliň “Gazproma” ýowuz daramagynyň aňyrsynda ykdysady sebäpler hem bar. Sowet Soýuzynyň düzüminde ozallar Orsýet bilen “egindeş” bolup, soňra-da ÝB-niň düzümine giren käbir döwletler, “Gazpromyň” olara “eçilen” monopoliýasy sebäpli, tebigy gazy Günbatar Ýewropadaky ýurtlar bilen deňeşdireniňde 1.5 esse gymmat satyn alýarlar. Günbatar Ýewropanyň dürli tebigy gaz çeşmeleri bar, mysal üçin, Demirgazyk deňzi, Demirgazyk Afrika, Orta Gündogar we Orsýet.

Ýewropa Geňeşiniň Berlindäki Daşary gatnaşyklar edarasynyň orsýetli eksperti Stefan Meýster, ÝB-niň Günorta Ýewropanyň özüni gaz bilen üpjün etjek beýleki taraplara-da mümkinçilik döretmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdýar: “Eger-de erkinlik bolsa, onda regionda beýleki kompaniýalara-da, mysal üçin, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň ýa-da bolmasa “Gazpromyň” gazgeçirijilerini ulanýan islendik orta aziýa ýurtlarynyň kompaniýalaryna-da mümkinçilik dörär. Diýmek, gazgeçiriji ulgamlaryny ulanmak boýunça dürli mümkinçilker bar. Polşada we beýleki baltika ýurtlarynda gürrüňi edilýän LNG terminallary üçin hem ýagdaý şeýle”.

XS
SM
MD
LG