Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Digital huşsuzlygyň" howpy


Digital enjam
Digital enjam
Günorta koreýaly lukmanlar muňa "digital demensiýa" ýagny "digital huşsuzlyk" diýýärler.

Aziýanyň bu ýurdy dünýäniň kompýuteri iň köp ulanýan jemgyýetleriniň biri hasaplanýar. Bu ýerde ilatyň 95 prosentiniň internet baglanyşygy bar. Günorta Koreýa şol bir wagtyň özünde-de 20-30 ýaşlaryndaky ýaşlaryň, garry adamlara mahsus akyl-huş näsazlygynyň simptomlary bilen baglanyşykly keselhanalara dowamly ýüz tutýan ýurdudyr.

Bu simptomlar köp zatlary ýatda saklamakda kynçylyk çekmeklik, ünsüňi belli bir zada gönükdirip bilmezlik we ukusyzlyk ýaly problemalary öz içine alýar.

Lukmanlar ýaş näsaglaryň problemalarynyň telewideniýeden tutup, tä kompýuter we smart telefonlaryna çenli bolan digital ekran mediasyndan gözbaş alýandygyny aýdýarlar.

Howp

Koreýaly ýaşlaryň näçesiniň bu näsaglykdan ejir çekýändigi belli däl. Ýöne bu waka digital medianyň saglyga salýan howplary barada newrologlaryň arasynda ozaldan gelýän çekeleşigi güýçlendirdi.

Alymlaryň käbiri kompýuteriň köp ulanylmagy çagalaryň beýnisiniň ösmegine zyýan ýetirýär diýen pikirde. Olaryň biri Germaniýanyň Ulm uniwersitetiniň psihiatriýa bölüminiň başlygy Manfred Spitzer.

"Men günde bäş minutlap internete girmegiň gürrüňini edemok. Men günde 7 1/2 sagadyň gürrüňini edýärin. Bu medianyň ortaça hasap bilen Germaniýada ulanylýan wagty. Onsoň bu täsirsiz bolup bilmeýär. Sebäbi munuň ulanylmagy bilen biziň beýnimiz birsyhly üýtgeýär. Ony digital media bilen ulansaňyz, siziň beýniňiz üýtgär, özi-de erbetlige tarap" diýip, Spitzer aýdýar.

Spitzeriň aýtmagyna görä, ösüp gelýän beýnä hakyky dünýä bilen iş salyşmakdan gelýän birgiden stimullar gerek. Bular fiziki bökdençlikler bilen konfrontasiýadan tutup, tä jemgyýetçilik gatnaşyklarynda döreýän problemalara çözgüt tapmaga çenli bolan synanyşyklardan gelip bilýär. Ýöne kompýuter we internet dünýäsiniň hödürleýän stimullary köp däl, olaryň beýniniň ösüp, özüniň doly potensialyny gazanmagy üçin hödürleýän mümkinçilikleri-de köp däl.

Spitzer muny şeýle düşündirýär: "Siz bir zady ellemegiň, ony ulanmagyň deregine oňa diňe syçan bilen yşarat etseňiz, bu obýekti öwrenmekde beýniňiziň takmynan üçden birini ulanmarsyňyz. Bu beýniniň siziň hereketiňizi we siziň bir zady etmek baradaky planlaryňyzy dolandyrýan bölegi. Onsoň beýniniň üçden biri öwreniş prosesinde ulanylman, [bir çetde] galýar. Ol ulanylmasa-da, siz soňra şol zat barada oýlananyňyzda, beýniňiziň üçden birinden peýdalanyp bilmeýärsiňiz".

Maslahat

Spitzer şu delillere görä, ýaşlaryň digital mediany ulanmagynyň çäklendirilip, iň aşaky derejä getirilmegini ündeýär.

Ol 17 ýaşdan aşakdaky çagalaryň mekdeplerde kompýuter ulanmagyna berk garşy.

Käbir newrologlar digital media adamyň beýnisine ýaramaz täsir edýär diýse, käbirleri ol ýiti zehinliligi güýçlendirýär diýýär.

Ýöne iki tarap-da kompýuteri we interneti köp ulanmazly maslahat berýär.

Digital media barada newrologlaryň arasyndaky pikir tapawutlaryndan iki hili netije çykaryp bolýar.

Birinjiden, digital mediany öwreniş entek bir täze ylym. Ol 1950-nji ýyllarda telewideniýäniň, 1970-nji ýyllarda hem şahsy kompýuterleriň çykmagyndan başlandy.

Ikinjiden, geljekde digital medianyň artmagy bilen täze ylmyň-da ähmiýeti artar.
XS
SM
MD
LG