Ukrain hökümeti ýurduň harby güýçlerine häzirki wagtda ýurtda dowam edýän syýasy krizisi basyp ýatyrmagy üçin basyş edýär. Ýurduň harby güýçleriniň haýsy pozisiýadadygyna göz ýetirmek üçin bäş sowala jogap bermeli.
Ukrain armiýasy häzir haýsy pozisiýada?
Bu soraga şeýleräk jogap berip bileris, ýagny Ukrainanyň armiýasy şu hepdä çenli oňşuksyzlykdan çetde durdy. Ýurtda ozalky kabul edilen syýasta görä, munuň bolmalysy hem şeýledi.
Ýaňy-ýakynda, has takygy 26-njy ýanwarda, ýurduň goranmak ministri Pawel Lebedew ýene-de bir gezek goşunyň bitarapdygyny we syýasy düşünişmzeliklere goşulmaýandygyny gaýtalap aýtdy.
Ýöne, ynha, 19-njy fewralda Ukrainada “terrorizme garşy” operasiýa başlandy. Ýagdaý şeýle bolansoň, hökümet aç-açan armiýany krizise goşulmaga çagyryp başlady.
Çarşenbe güni Ukrainanyň goranmak ministri hem goşunyň ýurtdaky ýurt boýunça “terrorizme garşy” operasiýa gatnaşmagy ahmal diýip çykyş etdi. Agzalýan operasiýany Ýörite howpsuzlyk agentligi (ÝHA) geçirmelidi. Ýöne häli bu güne çenli armiýanyň çaknyşyklara gatnaşandygy ýa-da gatnaşjakdygy barada jikme-jik maglumat ýok.
Ýaragly güýçleriň serkerdebaşysyny işden boşadyp, onuň ýerine täzesiniň bellenmegi armiýany krizise gatnaşdyrmaga synanyşykmy?
Çarşenbe güni, 19-njy fewralda, Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysyny işinden boşadýandygyny we onuň ornuna ýurduň Deňiz goşunlarynyň serkerdebaşysy Ýuriý Ilýini belleýändigini habar berdi.
Ozalky serkerdebaşynyň näme üçin işinden boşadylýandygy barada anyk sebäp aýdylmady. Ýöne onuň haçan-da prezident Ýanukwoç ýurtda “adatdan daşary ýagdaý” yglan edende, prezidente garşy gidendigi aýdylýar.
Armiýa ýokardan krizise goşulmak buýrugy berilse, ol muňa gulak asarmy?
Ukrain armiýasyny içgin tanaýan synçylaryň aýtmaklaryna görä, goşun gullugynda-da hökümte garşy bolan harbylaryň bar bolmagy mümkin.
Ýaragly güýçlerde ozal naçalnik ştab bolup işlän general-polkownik Anatoliý Lopata 20-nji fewralda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna bu barada şeýle gürrüň berdi: “Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň, ýagny polisiýa gullukçylarynyň arasynda buýrugy ýerine ýetirmeýän adamlaryň bolşy ýaly. harbylaryň arasynda-da şeýle adamlaryň tapylmagy mümkin. Haçan-da harbylardan olaryň öz halkyny, dogan-garyndaşlaryny, ene-atalaryny ýençmeklik, olara garşy jenaýat işini etmek talap edilse, şübhesiz, olar mundan boýun gaçyrarlar”.
Aslynda ukrain armiýasynyň pozisiýasy halkyň pozisiýasyndan üzňe däl. Sebäbi resmi maglumatlara görä ukrain goşunynda gulluk edýänleriň 60 göterimi çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler.
Eger-de ukrain goşuny krizise goşulsa, ýurtda regional bölünişigiň ýüze çykmagy ahmalmy?
Şeýle howp bar. Sebäbi ukrainaly esgerler öz ýaşaýan şäherleirnde gulluk etmek isleýärler.
Moskwada ýaşaýan Nýu-Ýork uniwersitetiniň professory Mark Galeotti bu barada şeýle diýýär: “Ozallar Ukrainanyň harby edaralary goşun gullugyna çagyrylýan esgerleriň öz ýaşaýan ýerlerinden uzak şäherlerde gulluk borjuny berjaý etmekleri üçin degişli çäreler görerdiler. Ýöne soňky döwürde olar bu ugurda iş alyp barmaýarlar. Şonuň üçinem häzirki wagtda köp sanly esgerler öz ýaşaýan şäherlerine golaý birikmelerde gulluk edýärler”.
Ýöne Galeottiniň pikirine görä, ýurduň goşuny milli edara hökmünde kabul edilýär, şonuň üçinem regional dartgynlylyk meselesine gezek geleninde, halk jebisleşer.
Mark Galeotti öz sözlerinde ýurduň armiýasynda “belli bir hökümete däl-de, döwlete gulluk etmek” düşünjesiniň kämilleşendigini nygtaýar. Şeýle düşünje ukrain harbylaryny 1991-nji ýyldan bäri ýurtda bolup geçen syýasy tolgunyşyklardan çetde saklady diýilýär.
Armiýa krizise goşulan ýagdaýynda ýurtda graždanlyk urşy turmagy ahmalmy?
Ynha, şu soragyň jogaby gaty kyn. Şeýle ähtimallyk bar sebäbi häzirki wagtda
polisiýa bilen protestçileriň arasynda bolup geçýän dartgynly çaknyşyklar raýatlaryň ýaraglanmagyna getirýär.
Sişenbeden çarşenbä geçilen gijesi Lwowdaky protestçileriň harby binalara çozup, talaňçylyk etmekleri muňa aýdyň mysal bolup biler.
Lwowly protestçileriň ellerine agyr ýarag almaklary krizisiň näderejede gyzyşandygyny görkezýär. Günbatar Ukrainada ýerleşýän Lwow şäheriniň ýaşaýjylary ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmegini goldaýarlar. Munuň tersine, Ýanukowiçi goldaýanlaryň aglaba bölegi günorta Ukrainada ýaşaýarlar. Günorta ukrainalylar suwara rus dilinde gepläp bilýärler we olar ýurduň Orsýet bilen has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyny isleýärler.
Eger-de Ukrainadaky dartgynly ýagdaý mundan beýläk hem güýjese, üstesine harby güýçler hem krizise goşulsa, onda duşmançylykly gatnaşyklar has hem möwjär. Sebäbi Kiýewde bu krizise ýurduň ykbalyny kesgitleýän waka hökmünde garaýan adamlar köp.