78 ýaşly prezident Yslam Kerimow keselhana düşeli bäri Özbegistan howsalaly ýagdaýy başdan geçirýär. 29-njy awgustda kiçi gyzynyň Instagramda bildirmegine görä, Kerimow beýnä gan inmeden ejir çekýär.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 3-nji awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň bäş daşary işler ministrini, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň baş diplomatlaryny kabul edýär.
1997-nji ýylyň 27-nji iýuny Täjigistanyň 25 ýyla golaý bolan garaşsyzlyk taryhynda dabaraly günleriň biri bolup durýar.
Gazagystanda “Milli birlik” güni üçin niýetlenilen dabaralaryň hökümetiň ekerançlyk ýerlerini hususylaşdyrmak planyna garşy protestlere öwrülip, ýurtda barýan demonstrasiýalar hepdäniň ahyrynda has-da beter ýaýbaňlandy.
Şu günler Türkmenistanyň prezident administrasiýasynyň başlygy Şamuhammet Durdylyýewiň we Aşgabat şäher häkimliginiň resmileriniň ýagdaýynyň örän dartgynly we başagaý bolmagy ähtimal.
12-nji dekabrda Türkmneistanda BMG-niň bu ýurduň «hemişelik bitaraplyk» durumyny resmi taýdan ykrar etmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, uly baýramçylyk dabarasy geçirilýär.
Noýabr aýynyň başynda "Özbegistanyň yslam hereketiniň" (ÖYH) söweşijileri Owganystanyň günortasynda “Talybandan” aýrylan bir topar bilen bilelikde urşa gatnaşdylar.
Türkiýäniň Orsýetiň uçaryny urup ýykmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aglabasyny örän oňaýsyz pozisiýada goýdy. Bu ýurtlaryň hiç biri Orsýet bilen arasynda kynçylyklaryň bolmagyny islemeýär.
Türkmenistanyň hökümeti paýtagty täzeden oňarmak we ony "ak mermerli ajaýyp şähere" öwürmek üçin pul gaýgyranok. Ýöne bu ugurda barybir esasy ýitgini Aşgabadyň ilaty çekýärler.
Türkmen-owgan serhediniň golaýynda tutaşan dowamly söweşler Aşgabady ahyrsoňy öz günortasyndaky goňşusy meselesinde degişli syýasaty kabul etmäge iterene meňzeýär.
Waşingtonda 15-nji oktýabrda geçiriljek iktaraplaýyn amerikan-türkmen gepleşiklerine gatnaşjak türkmen delegasiýasyna Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär.
Gyrgyzystanda ýurduň 5.8 million ilatynyň ýarysyna golaýynyň gatnaşmagynda 4-nji oktýabrda geçjek milli saýlawlaryň öň ýanynda resmi kampaniýa togtadyldy.
"Sen problema döredýärsiň, öz gelejegiňi, maşgalaň gelejegini töwekgellige salýarsyň." "Edenli adamlar" tarapyndan dolandyrylýan ýurtlarda häkimiýetler žurnalistlere şu hili sözleri aýdýarlar.
Oraza aýynda agyz beklemegiň gadagan edilmegi uýgur halkynyň ozal gören ýa eşiden zady däl.
Özbegistanda 2005-nji ýylyň 13-nji maýynda bolan Andijon gandöküşliginden bäri 10 ýyl geçdi. Şonda, Andijonyň Babur meýdançasyna proteste çykan adamlaryň, resmi habara görä, 187-si heläk boldy.
Merkezi Aziýada 100 ýyldan gowrak wagt içinde regionyň ilkinji dinastiýasyny döretjek bolýan täze bir dyzmaç tapylana meňzeýär. Ol lider türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow 10-njy aprelde Daşkentde dördünji möhlet prezidentlige kasam kabul etdi. Ol öz inagurasiýa sözi mahalynda käbir «garrylyk» alamatlaryny görkezdi.
Adatça, häzire çenli 12-nji ýanwar garaşsyz Türkmenistanda Hatyra güni hökmünde bellenilýärdi. Emma bu ýyl ýagdaý üýtgedi.
Türkmenistan bir geň ýer. Köp adam bu ýerdäki hökümetiň metbugata o diýen dost däldigini bilýär, emma käbir halatlarda sosial meseleler barada ýazmak bolýar, hususan-da bu käbir gowulaşmalaryň göze ilýän mahaly mümkin.
“Talyban” söweşijileri Owganystanyň Hamýab etrabyny öz gözegçiligine geçirip, 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýene-de Türkmenistanyň gabat-garşysyndaky goňşusy boldy.
Ýene-de ýükle