Lebap welaýatynda Adalat atly bir gelin “Garaşsyzlyk” diýen bir ýerde ýaşaýar. Eýýämden juda wada beriji äheňde ýaňlansa-da, bu gelniň gussaly hekaýasy barha ýaramazlaşmak bilen.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-6-njy maýda Täjigistana sapar edip, bu iki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň gowulandyrylmagyna bat berdi.
«Hereket» hereketi näme bolup biler, Baýhanow ony näme üçin şu wagt yglan edýär we, häzir Türkiýede ýerleşmek bilen, ol öz topary bilen beýlekileriň synanyşmadyk nähili işini edýär?
Demirgazyk Owganystanyň Garkyn etrabyna uzak garaşylan kömek wada berildi we bu işde Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň, Azatlyk radiosynyň mynasyp paýynyň bardygyny aýtsa bolar.
Halkara güýçleriniň Owganystandan çekilmek wagty barha golaýlaýar. Owganystanyň goňşulary bolsa bireýýäm özlerine owganystanly hyzmatdaş tapmagyň ugruna çykdylar.
Aşgabat hiç wagt Olimpiýa oýunlaryna beýemçilik edip bilmez, sebäbi bu ýurduň halkara derejesinde gyşky sport oýunlaryny geçirmek mümkinçiligi ýok. Emma windsörfiň, ýelkenli gaýykda ýaryşmak başga gürrüň.
Orta Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň hökümetleri hüşgärligi elden berenoklar. Sebäbi ýakyn wagtda Halkara güýçler Owganystandan öz goşunlaryny yza çekip başlamaly. Üstümizdäki aýlarda bu hüşgärlik has hem güýçlener.
Putiniň planynda gelýän 10 ýyl içinde harby pudaga 23 trillion rubl, ýagny 770 milliard dollar möçberinde serişde harçlamak göz öňünde tutulýar.
55 ýaşly Almazbek Atambaýewe 6 ýyllyk prezidentlik döwründe ýeňil bolmadyk wezipeler garaşýar.
Täze ylalaşyk azeri gazynyň Ýewropa ýetirilmegine ýol açýar. Muňa türkmen gazynyň hem goşulmagy mümkin.
“YouTube” saýtynda ýaýran wideolar Özbegistanyň edepsiz student gatlagy bilen mugallymlaryň arasyndaky gatnaşyklary görkezýär.
Gyrgyz premýeri Atambaýew ýurduň halkyny GDA-nyň Gümrük bileleşigine girmäge synanyşmak baradaky hökümetiň kararyny goldamaga çagyrdy.
Mundan 20 ýyl ozal Sowet Soýuzy dargansoň, Gyrgyzystana täsir ýetirmek ugrunda daşarky güýçleriň arasynda bäsdeşlik başlandy.
Gazagystanyň indiki prezidenti kim bolar? Bu sorag köpleri pikirlendirmeýän bolsa gerek.
“Alfa” topary geçen ýylyň aprelinde Bişkekde bolan bidüzgünçilikde asuda ýaşaýjylary öldürenlikde aýyplanýar.
Günorta Täjigistanyň pagta we şaly meýdanlarynda işlemäge daşary ýurtdan täze işçiler gelýär. Ýöne ýerli ilat olaryň geljegine begenip baranok.
Bakuda gol çekilen gaz ylalaşygy ÝB-niň energiýa planlaryna uly itergi berer.
Täjigistanda tebigy gaz ýatagynyň özleşdirilmegi netijesinde ýurduň energiýa baglylyk taryhynda düýpgöter özgerişleriň bolmagyna garaşylýar.
Ýakynda Aşgabatda TOPH proýekti boýunça ylalaşyga gol çekildi. Emma bu proýekt heniz bir topar päsgelçiligi ýeňip geçmeli.
Gyrgyzystanyň täze parlamentinde koalisiýa düzmek boýunça edilýän tagallalaryň uzaga çekmegi dürli çaklamalary döredýär.
Ýene-de ýükle