Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşýan agtyk: Türkmenistan täze dinastiýa döredýärmi?


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy - Kerimguly.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy - Kerimguly.

Merkezi Aziýada 100 ýyldan gowrak wagt içinde regionyň ilkinji dinastiýasyny döretjek bolýan täze bir dyzmaç tapylana meňzeýär.

Bu idea soňky onýyllyklarda o diýen rowaç tapmady, emma liderler, her neneňsi hem bolsa, bu meýdanda güýç synamagyny bes etmedi.

Dinastiýa gurmak ugrunda at oýnadan bolup görünýän täze lider türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

2006-njy ýylyň aýagynda öňki prezident ýogalyp, lider bolmazyndan öň türkmen halky tarapyndan asla tanalmaýan ozalky dentist Türkmenistanyň prezidenti bolan başky çekinjeň günlerinden bäri uzak ýol geçdi.

Indi Berdimuhamedow öz agtygyny üns merkezine oklaýar. Ozaly biraz bolýan zatlar barada: 26-njy aprel Türkmenistanda Bedew güni bellenildi.

Ruslar 130 ýyl çemesi öň bu sebiti basyp almazyndan ozal, günorta-gündogar Kaspi regionynyň türkmenleri çöl çarwalarydy, köplenç alamançylyk ederdiler, olaryň mekan tutan territoriýalaryndaky uly artykmaçlygy ökde atşynaslyklarydy. Olar ussat çapyksuwarlardy, türkmen seýisleriniň şol sebitde ösdürip ýetişdiren ahal-teke atlary bolsa, rowaýata öwrülipdi.

Hytaýyň taryhy ýazgylarynda aýdylmagyna görä, hytaý imperatorlary baryp 2000 ýyldan gowrak ozal hem şol atlardan edinmek üçin tagalla edipdirler. Türkmenler şu günki günem ata uly hormat goýýar, bu olaryň medeniýetiniň bir bölegi bolup durýar.

Prezident Berdimuhamedow atlaryň barypýatan janköýeri. Birküç ýyllykda uly iliň gözüniň alnynda atyndan agdyrylyp, guma bulaşanyna garamazdan, onuň at höwesi birjigem egsilmedi.

Emma muňa garamazdan, bu ýylyň dabaralarynyň üns merkezini prezident däl-de, onuň agtygy Kerimguly eýeledi. Döwlet telewideniýesi Kerimgulynyň Aşgabat aýlawynda at çapyşynyň wideoýazgysyny görkezdi.

Prezidentiň agtygy ýeňiji boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

“Men Aşgabat şäherindäki 43-nji mekdebiň okuwçysy, 12 ýaşymda – diýip, ol žurnalistlere aýtdy. – Biz [Kerimguly we prezident] atlary görmäge bile gidýäris, şol ýerde atam maňa at çapmagy öwretdi.”

Onsoň, elbetde, Kerimguly döwlet telewideniýesinde görkezilen at çapyşygynda ozdy we onuň atasy bilen soňky wagtlarda beýleki jemgyýetçilik çärelerine gatnaşyşy görkezildi.

Bu ata bilen agtyk hakyndaky ajaýyp hekaýa-da bolup bilerdi, emma bu ýer Türkmenistan we munuň ýaly zatlar ýöne ýerden bolmaýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna, ýa-da Azatlyga ýurt içindäki çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, 27-nji aprel güni Aşgabadyň mekdeplerinde okuw başlanmazyndan öň ähli okuwçylary hatara düzüp, mugallymlar Kerimgulynyň atçapyşykda gazanan beýik ýeňşi barada gürrüň edipdirler, prezidentiň agtygynyň at çapmakdaky ussatlygyny öwüpdirler.

Prezidentiň agtygy Kerimguly
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:09 0:00

Şeýle-de mugallymlar okuwçylara Kerimgulydan görelde almagy, oňa nusga hökmünde seretmegi maslahat beripdirler.

Beýleki prezidentleriň mirasdüşerleri

Täjigistanda-da şuňa meňzeş bir zatlar bolup geçýär, ýagny prezident Emomali Rahmonyň 28 ýaşyndaky ogly Rustam Emomali hökümetiň wezipe basgançaklary boýunça ýokary galmagyň tagallasyny edýär. Rustam Emomali 2013-nji ýylyň aýagyndan bäri Täjigistanyň Gümrük gullugynyň başlygy bolan bolsa, şu ýylyň martyndan bäri Maliýe gözegçiligi we korrupsiýa garşy göreş boýunça döwlet agentiliginiň direktory bolup işleýär.

Gazagystanyň we Özbegistanyň liderleriniň ikisiniň hem gyzlary bar we olaram ahyrynda öz uly çagalaryna ýolbaşçylyk roluny ynanmagy karar edene meňzeýär. Emma bu iki maşgalanyň ikisinde-de uly gyzlaryň şahsy durmuşy gykylyk-galmagala sebäp boldy we olaryň ýokary derejä göterilmeginiň öňüni aldy.

Emma Merkezi Aziýada dinastiýa gurmak synanyşygynyň howp-hatarynyň iň gowy mysaly Gyrgyzystana degişli. Ozalky prezident Askar Akaýew 2005-nji ýylyň başynda häkimiýeti terk etmeklige göwünsiz göründi. Onuň iki çagasy - Bermet we Aýdar - 2005-nji ýylda parlament saýlawlarynda dalaşgärlik etdi we Bermetiň saýlaw uçastogynda bir kandidatyň şübheli esaslarda bäsleşige goýberilmezligi erbet başlangyja ýazdy.

Ol kandidat biraz soň Gyrgyzystanyň prezidenti bolan Roza Otunbaýewady. Ol 2005-nji ýylda, ýurduň daşary işler ministri bolanyndan we BMG-dä işläninden soň, parlamentde orun almak üçin bäsleşige goşuldy.

Bermet we Aýdar saýlawda ýeňiş gazandy, emma olaryň kakasy saýlawlaryň görnetin adalatsyz geçirilenligi sebäpli turan gozgalaň netijesinde işden gyrakladyldy.

Olaryň hiç biri indi on ýyl bäri Gyrgyzystanda ýaşamaýar.

Akaýewiň mirasdüşeri Kurmanbek Bakiýew öz eline has kän häkimiýet jemlemekden başlady we 2009-njy ýylyň ahyrynda öz 32 ýaşly ogly Maksimi täze döredilen ösüş, inwestisiýa we innowasiýa agentligine direktor edip belledi. Bu gurama hakykatda ýurduň maliýe edaralarynyň üstünden garaýardy. Maksim gyrgyz hökümetinde has uly wezipelere hem taýýarlanana meňzeýär, emma ol akylsyzlyk edip, rus karzynyň serişdelerini nädogry ulandy we öz haýryna geçirdi.

Kreml öz mediasyny Bakiýewlere küşgürdi we bu ýerde Ukrainada 2014-nji ýylda boljak zatlar bolup, Bakiýew we onuň maşgalasy 2010-njy ýylyň aprelinde turan we barha möwjeýän halk gozgalaňy zerarly ýurtdan gaçdy.
Olar şondan soň yzlaryna dolanmadylar.

Gyrgyzystan we Türkmenistan Merkezi Aziýanyň syýasy spektriniň hersi bir gyrasynda ýerleşýän, düýpden gapma-garşylykly ýagdaýdaky ýurtlar.

Türkmenistan Demirgazyk Koreýa deňelýär, şonuň üçin bu ýerde dinastiýanyň kök tutmagy üçin iň gowy mümkinçilikler bar. Emma Merkezi Aziýada emirleriň we hanlaryň hökmürowanlyk eden wagtyndan bäri köp ýyllar geçdi we maşgala dolandyryşy zamanynyň şolar bilen giden bolmagy mümkin.

Makala AÝ/AR-nyň Türkmen gullugynyň direktory Muhammad Tahiriň hyzmatdaşlyk etmeginde ýazyldy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG