Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň owgan syýasaty belli boldy


Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum, Jowzjan, 24-nji oktýabr, 2015
Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum, Jowzjan, 24-nji oktýabr, 2015

Türkmen-owgan serhediniň golaýynda tutaşan dowamly söweşler Aşgabady ahyrsoňy öz günortasyndaky goňşusy meselesinde degişli syýasaty kabul etmäge iterene meňzeýär. Emma iş ýüzünde bu Owganystandaky hiç bir tarapy kanagatlandyryp bilmejek syýasat bolup çykdy.

Türkmenistan öz serhediniň golaýynda, Owganystanyň Farýap we Jowzjan welaýatlarynda söweşler dowam edýärkä, owgan problemasyna reaksiýa bildirmäge mejbur boldy.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk problemasy barada 15-nji oktýabrda çykyş edende, türkmen hökümeti muňa berk reaksiýa görkezdi. Aşgabat bu ýerdäki problemalary ret etdi, emma şondan bir hepde soň “Talybanyň” söweşijileri Jowzjan welaýatyny terk edip, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndan akýan Amyderýadaky adada ýerleşdiler. Gepiň gerdişine görä aýtsak, bu ada Türkmenistanyň öz territoriýam diýip dalaş edýän giňişligidir.

Owganystanyň birinji wise-prezidenti Abdul Raşid Dostumyň söweşijiler topary talyban jeňçilerini Jowzjan welaýatynyň Hamýap etrabynyň obalaryndan gysyp çykardy we olary adadan hem ýok etmegi wada berdi.

Dostum “Talybanyň” resmileri bilen habarlaşandygyny we “Talybana” garşy hüjüm etmek hem topary ýok etmek boýunça Türkmenistandan ýardam gözleýändigini olara duýdurandygyny aýtdy.

BMG tarapyndan ykrar edilen bitaraplyk statusyna eýe bolan Türkmenistan üçin ýaňy-ýakynda türkmen serhetçileriniň owgan raýatlaryny kowup, käbir halatlarda olary tussag edip ýören adasynda, owgan mediasy tarapyndan güýçli ýaraglanan diýlip häsiýetlendirilen 80 çemesi “Talyban” jeňçisiniň ýerleşmegi ägirt uly problemany döretdi. Bu fakt , dogrusy, türkmen häkimiýetleriniň agzalýan serhediň asudadygy baradaky howaýy çykyşlaryny doly puja çykardy.

Çykalga tapmak mejburlygy

Öz serhedinde jeňçiler bilen ýüzbe-ýüz bolan türkmen häkimiýetleri ikirjeňlenýärler. Başda Dostum we onuň güýçleri bilen ýola goýlan gatnaşyklar türkmen tarapyndan birden kesildi. Dostumyň metbugat wekili Sultan Faizi we beýlekiler özleriniň Türkmenistan tarapyndan jogaba garaşýandyklaryny aýtdylar. Ýagny, Türkmenistan “Talyban” jeňçileriniň türkmen serhedinden geçmeginiň öňüni almakçymy ýa-da ýok? Türkmenistanyň harby we serhet güýçleri jeňçilere garşy göreşe goşulyp bilermi?

Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanyň harbylary ada gözegçilik etmek üçin dikuçar iberdiler we uzak wagtlap dawaly bolan bu adanyň ýarpysyny Türkmenistanyň bölüp alandygy belli boldy. Türkmenistanyň harbylary bu ýerde haýat gurdular. Adanyň demirgazyk böleginde Türkmenistanyň serhetçileri ýerleşýärler.

Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň herekete gelip, adanyň üstünden harby dikuçarlaryň uçmagy Dostumyň güýçleriniň hüjüme taýýarlanyp, adany oka tutmagyna päsgel berdi.

24-nji oktýabrda Dostum Türkmenistanyň bilelikde harby hereketlere girişmejegini boýun alana meňzedi we ol öz owgan güýçleriniň ada gabalan “Talyban” jeňçileriniň ajykmagyna garaşjakdygyny bildirdi.

Ol köp garaşmaly bolmady. “Talyban” jeňçileriniň köpüsi, belki-de ählisidir, derýadan geçip, yzlaryna Owganystana dolandylar we ýüzugra-da söweşe uçradylar.

AÝ/AR-nyň Türkmen gullugy Azatlyk Radiosy ýerlileriň “Talybanyň” söweşijileriniň atylyp öldürilýänçäler we ýesir düşýänçäler Dostumyň saýlama goşunlaryndan 10-12 adamyny öldürendiklerini aýtdylar.

Owganystanyň “Tolo” TW-si ele salnan käbir söweşijileri görkezdi, olaryň biri geň ýagdaýy gürrüň berdi. “Olar [türkmen serhetçileri] şeýle diýdiler: ‘biz size bu ýerde ýer bermeris. Biz bitarap”.

”Muny kim aýtdy?” diýlen sowala ýesir söweşiji: “Türkmenistanlylar. Olar biz ’size çörek bereris, çöregi iýiň-de, gidiň’ diýdiler”.

Türkmenistan öz problemalaryndan tiz çykalga tapana meňzeýär, emma bu ”çykalganyň” iş ýüzünde Dostumyň güýçleri tarapyndanam, “Talyban” tarapyndanam duşmançylyk gazanan bolmagy ahmaldyr.

Türkmenistanyň serhetçileri we dikuçarlary Dostumyň güýçleriniň ada çozup giren “Talyban” toparyny oka tutup ýok etmeginiň öňüni aldylar we jeňçileriň amala aşyran hüjüminiň netijesinde Dostumyň goşunyndan ondan gowrak esger öldürildi.

Türkmen serhetçileri ada aralaşan “Talyban” jeňçilerine hüjüm etmediler, tersine, olary belli bir derejede azyk bilen üpjün edip, soňra-da olaryň yzyna Owganystana gitmegini gazandylar.

Bu ýagdaýyň bir geň tarapy - “Talybanyň” güýçli ýaraglanandygy aýdylan jeňçileri Türkmenistanyň serhetçilerine hüjüm etmändirler, olaryň ýaraglaryny almandyrlar we adany eýelemändirler. Şol bir wagtda-da olar Hamýaba dolanmagyň özleri üçin ölüme barabardygyna hem göz ýetirýärdiler.

XS
SM
MD
LG