Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalist et habary üçin sorag edildi


Aşgabatdaky et nobaty
Aşgabatdaky et nobaty

Türkmenistan bir geň ýer. Köp adam bu ýerdäki hökümetiň metbugata o diýen dost däldigini bilýär, emma käbir halatlarda sosial meseleler barada ýazmak bolýar, hususan-da bu käbir gowulaşmalaryň göze ilýän mahaly mümkin.

Elbetde, Türkmenistandan habar, maglumat bermek meselesinde kabul ederlik we kabul ederlik däl ýagdaýlaryň arasyndaky çyzygyň nireden çekilendigini hiç kim anyk aýdyp bilmeýär. Onsoň muny köplenç diňe habar, maglumat bermäge synanmak arkaly, ýagny şol habary beren wagtyň polisiýanyň ýa-da howpsuzlyk gulluklarynyň goşulyp-goşulmazlygy bilen bilip bolýar.

Türkmenistandan yzydirer ýagdaýda habar berip bilýän metbugat guramasynyň kän däldigi dogry. RFE/RL-iň «Azatlyk» radiosy diýip bilinýän Türkmen gullugy bolsa ýurt içinden yzygiderli habar berýär we golaýda onuň habarçylary,, bir säwlik bilen, ýurt içinden maglumat çykarmagyň çäk-çelgileriniň üstüni açdylar.

Aýdyň bolmadyk sebäplere görä, türkmen hökümeti golaýda elin etiň, hususan-da sygyr we goýun etiniň her kilosynyň bahasyny 12 manatdan geçirmezlik barada buýruk berdi we ony ýurduň bazarlarynda we dükanlaryndan giňden elýeterli etdi.

Bu waka BMG-niň Türkmenistana «bitarap ýurt» diýen resmi durumy beren wagtynyň ýyl dönümine we Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanlaryna gabat geldi.

Görlüp oturylsa, ýurtda adatça elin et tapmak kyn eken we bu ýagdaý adamlaryň, tapylýan wagty, elin et satyn almak üçin uzyn nobatlara durmagyna alyp geldi. Onsoň ol eti her alyja, etiň satylýan regionyndaky ýagdaýyna görä, näçe mukdarda, ýagny bir wagtyň özünde iki-bäş kilogram aralygynda satmak boýunça hem çäklendirme girizildi.

«Mir» bazaryndaky ýagdaýdan peýdalanmaga howluganlaryň arasynda Azatlygyň habarçysy Soltan Açylowa hem bardy. Emma et nobatynyň uzynlygy 13-nji dekabryň ir säherinde, sagat 9-da hem esli ýere ýetýärdi. Ýöne muňa garamazdan, elin, ýagny adatdakydan arzan bahadan doňdurylmadyk et aljak adamlaryň keýpi kökdi.

Açylowa adamlaryň et üçin uzyn nobata durşy, et satyn alyşlary barada maglumat, habar taýýarlamak mümkinçiligini görýär. Emma ol bu nobatdan surat almaga başlaýar welin, özüniň aýtmagyna görä, «birden raýat eşikli bäş-alty adam peýda bolup, oňa topulyp, kamerasyny elinden aljak bolýar».

Olar habarçynyň kamerasyny alyp, onuň üstüne sorag köküni ýagdyrmaga başlaýarlar. Şol aralykda hem onuň şahsyýetini kesgitleýän dokumentlerini talap edýärler. Açylowa olaryň biriniň polisiýa nyşanyny çala görkezip, derrrew yzyna ýygnandygyny aýdýar.

Açylowa özüni tanadýar, Azatlyk radiosynyň habarçysydygyny aýdýar. Ol töwerekdäki adamlaryň özüniň adyny bilýändigini aýdýar we olaryň biri «Hä, sen Azatlygyň Soltanymy?» diýip, onuň adyny aýdýar hem-de beýle gurama üçin işlemekden utanmaýarmyň diýip soraýar.

Açylowa özüni sorag edýänlerden özüniň nähili ters iş edendigini soraýar. Şol wagt bazardaky adamlaryň olara üşerilişip seredýändikleri, bu ýagdaýyň köpleriň ünsüni özüne çekip barýandygy gös-görtentin bolýar we sorag edýänler Soltany bazaryň daşyndaky köçä alyp gidýärler.

Habarçynyň kamerasyny alan adamlar ahyrynda bir-biri bilen hümürdeşip, polisiýa maşynyny çagyrýarlar. Ýarym sagat soň polisiýanyň maşyny gelýär we Açylowany Köpetdag etrap polisiýa bölümine alyp gidýärler. Ol ýerde hem habarçy bir sagat garaşdyrylýar we şondan soň bir resmi gelip, gaýtadan sorag edilýär.

Oňa berilýän soraglaryň arasynda çaglarynyň näme işleýändigi, adamsynyň näme işleýändigi baradaky soraglar hem bolupdyr. Ol adamsynyň 16 ýyl ozal aradan çykandygyny aýdandan soň hem, resmi ondan adamsynyň ýogalmazyndan öň näme işländigini sorapdyr. Açylowa ol resminiň ähli jikme-jiklikleri ýazyp alandygyny aýdýar.

Bozulan suratlar

Açylowa soragdan boşadylandan soň, polisiýa ofiseriniň ýanyna baryp, özüne bazarda gödek çemeleşendiklerini aýdyp, arz edýär. Polisiýa ofiseri ondan bazarda saklan adamlaryň hereketleri üçin ötünç soraýar we oňa kamerasyny gaýtaryp berýär.

Elbetde, et nobatyndan düşürilen suratlaryň hemmesi öçürilipdir.

Açylowanyň bazardaky nobaty surat düşürip, nähili ters iş edendigi entek hem anyk däl. Ýöne bu ýerde çaklama etmäge, yz çalmaga tutaryk bar.
Azatlyk radiosynyň başga bir habarçysy birden elin et satylyp başlanmagy bilen bagly täzeligi başga bir tarapdan beýan etmekçi boldy.

Men bu habarça näme bolandygy barada bar zady aýdyp bilmeýärin, muňa ygtyýarym hem ýok, emma olaryň öwrenen temalary barada aýdyp biljek.

Bu ýerde iki element bar. Birinjisi elin et peýda bolanda Türkmenistanyň köp ýerinde 20-30 adamdan başlanan, gürrüň ýaýrandan soň bolsa birden 70-80 adama ýeten uzyn nobatlar.

Elin etiň arzan bahadan satylmagy dogrudanam uly bir wakadymy? Adamlar şu geçen ýyllaryň dowamynda adatça diňe doň et satyn alyp bilýän wagty nämeler bolýardy?

Ikinjisi, şol satylýan etler barada näme aýdyp bolar? Hökümet ol etleriň bahasynyň emeli ýagdaýda aşakladylmagyny boýurdy. Bu ýagdaý käbir söwdagärleriň biznesine ýaramaz täsir ýetirdi we azyndan käbiriniň, bahalar kadalaşýança, işlerini ýitirmän girdeji alar ýaly bolýançalar, dükanlaryny ýapmagyna getirdi.

Et satylýan ýerlerde henizem dowam edýän uzyn nobatlaryň sebäbi şu ýagdaý bilen bagly bolsa-da bolar.

Meniň ýokarda ýaňzydyşym ýaly, Türkmenistan babatda nämäniň we haýsy temanyň gozgalmagynyň adalatly boljagyny bilmek aňsat iş däl. Men bu barada şu ýylyň başynda hem bir makala ýazypdym we şondan bäri ýagdaýyň gowulaşmandygy anyk görünýär.

Azatlyk radiosynyň müdiri Muhammmad Tahiriň hyzmatdaşlygynda ýazyldy. Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG