Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk-rus dartgynlylygy we Merkezi Aziýa


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we onuň gazak kärdeşi Nursultan Nazarbaýew.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we onuň gazak kärdeşi Nursultan Nazarbaýew.

Türkiýäniň 24-nji noýabrda Orsýetiň uçaryny urup ýykmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aglabasyny örän oňaýsyz pozisiýada goýdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hiç biri öňki kolonial hojaýyny Orsýet bilen arasynda kynçylyklaryň bolmagyny islemeýär, emma şol bir wagtyň özünde gazaklar, gyrgyzlar, türkmenler we özbekler türki dilli milletlerdir.

Şeýle-de, Sowet Soýuzy dargaly, ýagny 25 ýyla golaý wagt bäri Türkiýe medeni we dil meňzeşliklerini ulanyp, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Özbegistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge synanyşdy.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi 25-nji noýabrda Türkiýe tarapyndan Orsýetiň “Su-24” kysymly uçarynyň urlup ýykylmagy barada beýanat ýaýradyp, onda bu hadysa “heläkçilikli waka” diýlip atlandyrylýar we onuň “gynandyryjy” bolandygy beýan edilýär.

Çagyryş edilýär

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň harbylarynyň, ýagny uçaryň pilotynyň we ekipaž agzasynyň ölümine gynanç bildirenden soň, beýanaty dessine dowam etdirip, onda: “Häzirki günlerde terrorizme garşy halkara göreş dowam edýär. Orsýet we Türkiýe bu ugurda hereket edýärler. Gazagystan hem bu göreşi goldaýar” diýilýär.

Şeýle-de, beýanatda Orsýete we Türkiýä dartgynlylygyň gerimini azaltmaga we ünsi halkara terrorizmine garşy göreşe gönükdirmäge çagyryş edilýär.

Häzirki wagtda bu Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üstünden ýöreýän dartylan ýüpüniň bir mysaly bolup görünýär. Orsýet Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uly söwda partnýorydyr we bu döwletleri heniz hem Moskwa bilen baglanyşdyrýan, sowet döwründen galan köp aragatnaşyklar bar.

Tebigy dost

Şol bir wagtyň özünde Türkiýe hem, Merkezi Aziýa ýurtlaryna tebigy dost bolup, ol hem bu dört döwletiň iň uly söwda partnýory boldy. Eýýäm iki onýyllykdan gowrak wagt bäri Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan gelen studentler Türkiýäniň uniwersitetlerinde oňat garşy alynýar. Türkiýä gitmek isleýän gazak, gyrgyz we özbek raýatlaryndan wiza talap edilmeýär.

Türkiýäniň gurluşyk firmalarynyň Merkezi Aziýanyň dört ýurdunda hem gurluşyk işlerini alyp barýandygyna garamazdan, Türkmenistanda olaryň hakyky manyda monopoliýasy bar. Bu ýurtda türk gurluşyk firmalaryndan başga yzygiderli iş alyp barýan ýeke-täk daşary ýurt firmasy Fransiýanyň “Bouygues” kompaniýasydyr.

Orsýetiň Merkezi Aziýadaky uzak taryhyndan daşgary, edil häzirki wagtda onuň Gyrgyzystanda harby bazasy bar (Orsýetiň Täjigistanda hem harby bazasy bar, emma täjikler türki dilli halk däldir) we Gazagystan bilen Orsýetiň 7 müň kilometre golaý umumy serhedi bar.

Şol bir wagtda Merkezi Aziýanyň dört ýurdunyň metbugat serişdeleri Orsýetiň uruş uçarynyň urlup ýykylmagy we onuň yzýany Moskwa bilen Ankaranyň arasynda emele gelen diplomatik dawa barada seresaply we gysga maglumat çap etdiler.

Gazagystanyň “Tengrinews.kz” habar gullugy 25-nji noýabrda tanymal syýasy analitik Dosym Satpaýew bilen geçirilen söhbetdeşligi çap etdi. Satpaýew öz interwýusynda: “Gazagystan Orsýetiň güýç syýasatyna zamun bolmaly däldir, sebäbi Orsýetiň hereketleri onuň partnýorlaryna gitdigiçe has köp özboluşly problema döredýär” diýýär.

XS
SM
MD
LG