Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Montenegroda bolan atyşykda 12 adam, şol sanda iki çaga öldi


Montenegronyň Setine şäherinde 1-nji ýanwar güni bolan atyşyk netijesinde 12 adam, şol sanda iki çaga öldi.

Azatlyk radiosynyň Balkan gullugynyň habaryna görä, bu hadysada dört adam ýaralandy we olaryň ýagdaýlarynyň agyrdygy aýdylýar.

Adamlaryň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan oklary Aso Martinowiç atdy. Soň ol özüni öldürmäge synanyşdy we hassahana barýan ýolda jan berdi.

Derňewçileriň sözlerine görä, ol şäheriň barlarynyň birinde bolan dawa-jenjelden soň dört adamy öldüripdir, soň ýene dört ýerde bolup, adamlary oka tutupdyr.

Oka tutulan adamlaryň arasynda onuň öz garyndaşlary we dostlary hem bar eken.

Polisiýa adamlaryň öldürilmeginiň sebäbiniň entek anyklaşdyrylmandygyny, ýöne atyşygyň guramaçylykly jenaýat toparlarynyň arasyndaky dawa bilen baglanyşykly däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG