Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurda aralaşan sowuk howa akymy golaýda ekilen ýazlyk ýeralmalaryna zyýan ýetirdi


Bezeg suraty. 16-17-nji fewralda Türkmenistana sowuk howa akymy arlaşady.
Bezeg suraty. 16-17-nji fewralda Türkmenistana sowuk howa akymy arlaşady.

16-17-nji fewralda Türkmenistana aralaşan sowuk howa akymy ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde ýaňy-ýakynda ekişi tamamlanan ýeralma ekinine zyýan ýetirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

Mary welaýatynyň Guşlyoba geňeşliginiň bir ýaşaýjysy özüniň dört gektar meýdana eken ýeralmasyny sowuk howa akymynyň ösüşden goýandygyny aýdýar.

“Dört gektar meýdana eken kartoşkamy tutuşlygyna sowuk urdy. Men şu gün, edil ýüregim syzan ýaly, ekin meýdanyna baryp, ekilen kartoşkalary barlap görsem, şine ýaryp başlan ýerleri garalypdyr. Diňe bir ýerinde däl, hemme ýerde şine ýaran kartoşkalar garalypdyr, sowuk urupdyr. Ýöne diňe meniň ýerimi däl, goňşy geňeşliklerdäki kartoşkalary-da sowuk urdy” diýip, maryly daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Goňşy daýhan birleşiklerde ekilen ýeralmalaryň hem, sowuk howa zerarly, zaýa bolmagyndan gorkulýar.

Türkmenistanda birnäçe hepde bäri dowam edýän maýyl howa, 16-17-nji fewralda birden sowady, käbir sebitlere gar ýagdy.

Biraz öň, 15-nji fewralda 25 gradusa çenli maýlan howa, bir gije-gündiziň dowamynda minusa düşdi, gündogar sebitlerde doňakçylyk boldy.

Azatlygyň habarçylary biraz öň, sowuk howa akymynyň aralaşmagynyň yz ýany, Guşlyoba geňeşliginde daýhanlaryň ýyladyşhanalardaky oba hojalyk ekinlerini, şeýle-de mellek ýerlerindäki ýeralmalaryny sowukdan halas etmek ugrunda eden aladalary barada habar berdiler.

"Biz ekin meýdanlaryna we öz işigimizdäki mellege ýanwaryň 9-na howa gowy gyzdy diýip, ýeralmany ekmek netijä geldik, sowuk dolanar öýtmedik, emma şu gije -10 gradusa çenli sowajagy howa maglumatynda aýdyldy. Biz işikdäki mellek ýerimize ekilen ýeralmamyzyň üstüne sygyr ýatakdan çykan dersi düşedik. Ýöne köp hojalykda ders hem problema, şol sebäpden yzgarly topraga aýazyň gelmegi köp hojalyklaryň we daýhan birleşikleriniň gekdarlap eken ýer almalaryny sowuk urmak ähtimallygyny döredýär" diýip, şonda bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Sowuk howa akymyndan has ozal, fewralyň ikinji hepdesinde Azatlygyň habarçylary garaşylýan sowuk howa we pyntyk açan miweli baglary ösüşden galdyrmazlyk babatda balkanly ýaşaýjylaryň başdan geçiren aladalary barada habar berdi. Gidrometeorologiýa gulluklary, 17-nji fewralda günbatar welaýatyň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasynyň ymykly peseljekdigini çakladylar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan maryly daýhanlar käbir hojalyklaryň maýyl howada sogan hem ekendiklerini, häzir bolsa, soganlary sowuk urup, olaryň ösüşden galmagyndan gorkulýandygyny gürrüň berdiler.

“Häzir mellek ýerlerine sogan eken hojalyklar hem aladaly. Olar hem ekilen soganlary sowuk urar öýdüp, alada galýarlar” diýip, ýerli daýhan gürrüň berdi.

“Ýene 3-4 günüň içinde bellisi bolar” diýip, ol aýdýar.

Türkmenistanyň resmi metbugatyna görä, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary fewralyň ortasynda ýazlyk ýeralma ekişine badalga berdiler.

Şu ýyl ýurt boýunça 30 müň gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, ýurt boýunça 106 müň gektar meýdanda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek meýilleşdirilýär.

Baýramaly etrabynyň ýaşaýjylary sowuk howanyň duýdansyz gelendigini, 20-nji fewralda irden howanyň temperaturasynyň -9 gradusa çenli sowandygyny aýdýarlar.

Awtomobil ulaglarynda antifriz suwuklygynyň ornuna adaty suw ulanýan awtoulag eýeleri sowuk howada radiatorlardaky suwlarynyň hem doňandygyny aýdýarlar.

Meteožurnal neşirine görä, 16-17-nji fewralda Türkmenistanyň çägine Günbatar Sibirden sowuk howa akymy arlaşdy. Balkanabatda sekuntda tizligi 24 metre çenli ýetýän şemal boldy, gum syrady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG