Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB başlygy Ukraina gyşyň öňüsyrasynda sapar edip, kömek hödürleýär


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýene (çepde) Russiýa bilen bolan söweşde wepat bolan ukrain esgerleriniň hatyrasyna Kiýewdäki diwarda goýuljak gül çemeni gowşurylýar.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýene (çepde) Russiýa bilen bolan söweşde wepat bolan ukrain esgerleriniň hatyrasyna Kiýewdäki diwarda goýuljak gül çemeni gowşurylýar.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen Kiýewe geldi. Russiýanyň howa zarbalarynyň ýurduň energiýa infrastrukturasyny nyşana almagyny dowam etdirmegi bilen, bu ýerde onuň Ukraina gyşyň öňüsyrasynda Ýewropa Bileleşiginiň dowamly goldawyny wada bermegine garaşylýar.

"Kiýewe edýän 8-nji saparym ýyladyş möwsüminiň hä diýmän başlanýan wagtyna gabat gelýär we Russiýa energiýa infrastrukturasyny nyşana almagyny dowam etdirýär" diýip, Fon der Leýen 20-nji sentýabr güni irden X-da ýerleşdiren hatynda aýtdy.

ÝB başlygynyň Ukrainanyň energiýa üpjünçiligine kömek meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşmagyna garaşylýar.

"Biz Ukraina onuň edýän batyrgaý tagallalarynda kömek ederis. Men bu ýere Ýewropanyň berjek goldawyny ara alyp maslahatlaşmak üçin geldim. Gyşa taýýarlykdan goranyşa çenli, G7 karzlaryna goşulmaga we ösüşe çenli" diýip, ol aýtdy.

Fon der Leýeniň Ukrainanyň paýtagtyna edýän sapary onuň Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainanyň zyýan ýeten energiýa infrastrukturasyny abatlamaga, gaýtadan dikeldilýän energiýany giňeltmäge we gaçybatalga ýerlerini maliýeleşdirmäge goşmaça 178 million dollar berjekdigini yglan etmeginiň bir gün soňundan amala aşyrylýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän Halkara Energetika Guramasy (IEA) şu hepdäniň başynda, ýurduň ýyladyş desgalaryna we elektrik geçirijilerine urulýan zarbalar sebäpli, Ukrainanyň energiýa infrastrukturasynyň agyr basyş astynda galandygyny duýdurdy.

"Tomus aýlarynda çekip-çydap bolýan ýükler temperatura peselip başlanda we ýylylyk we suw üpjünçiligi gowşanda çydap bolmajak derejede agralyp, bu ýagdaý täsir ýeten ilatyň ýurt içine we daşary ýurtlara göçmegine sebäp bolýar" diýip, Halkara Energetika Guramasy aýtdy.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri 20-nji sentýabrda howa goragçylarynyň 70 sany rus pilotsyz uçaryndan 61 sanysyny we öten agşam atylan dört raketadan birini ýok edendigini aýtdy.

"Howa goranyş ulgamy Dnipropetrowsk, Kiýew, Winnytsýa, Çerkasy, Kirowohrad, Sumy, Poltawa, Iwano-Frankiwsk, Lwow, Hmelnytskiý, Mikolaýiw, Odesa we Herson sebitlerinde işledi" diýip, Harby-howa güýçleri Telegramda aýtdy.

Gije wagtynda edilen soňky hüjümlerde pida bolan, ejir çeken adamlar barada bada-bat berlen habar bolmady.

Lwow sebitiniň resmileri ýokardan gaçan ýarag galyndylarynyň bir obada ýangyna sebäp bolandygyny, üç ulagyň zaýalanandygyny, ýaşaýyş jaýlarynyň penjirelerindäki aýnalaryň döwlendigini habar berdiler.

"Öňki kolhozyň çäginde ýangyn turdy, ýangyn söndürijiler ony derrew öçürdi" diýip, sebitiň harby dolandyryş gullugynyň başlygy Maksym Kozytski Telegramda ýazdy.

Forum

XS
SM
MD
LG