Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uzakdan partlatmagyň ikinji tolkuny Liwanda azyndan 20 adamy öldürdi


Rasiýa partlamalarynda ýogalan adamlar jaýlanýar.
Rasiýa partlamalarynda ýogalan adamlar jaýlanýar.

Enjamdaky partlamalaryň ikinji tolkuny azyndan 20 adamyň ölümine we ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, sebitdäki uruş howatyrlaryny ýokarlanmagynyň arasynda, resmiler 18-nji sentýabrda habar berdi.

Howpsuzlyk çeşmesi we bir şaýat ABŞ tarapyndan terror guramasy diýlip belgilenen Hizballanyň agzalarynyň ulanýan aragatnaşyk enjamlarynyň bu toparyň Beýrut berkitmesinde ýarylandygyny aýtdy. Döwlet metbugaty Liwanyň günortasynda we gündogarynda hem şuňa meňzeş partlamalaryň bolandygyny habar berdi.

Partlamalaryň azyndan biri bir gün öň, toparyň ulanýan müňlerçe peýjeri partladylanda öldürilen adamlaryň jaýlanýan ýeriniň golaýynda boldy. Bu hüjümlerde ölenleriň sany 12 adam bolsa, ýaraly bolanlaryň sany 2700-den gowrak adam boldy. Olaryň köpüsiniň Hizballa söweşijileri bolandygy habar berildi.

Liwanyň Saglyk ministrligi 18-nji sentýabrda nyşana alnan enjamlary rasiýa hüjümleri hökmünde sypatlandyrdy.

18-nji sentýabr güni giçlik täzelenen maglumatlara görä, ölenleriň sany 14-den 20-ä çenli ýokarlandy, 450-den gowrak adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas soňky partlamalary Ysraýyldan görýändigini aýdyp, bu hereketiň sebitdäki durnuklylyga howp salýandygyny öňe sürdi.

Hizballa we Liwan hökümeti hem, uzak aralykdan amala aşyrylan çylşyrymly hüjüm bolup görünýän hereketde, Ysraýyly günäkärledi.

17-nji sentýabr hüjüminden ozal Gazadaky Hamasa, şol sanda onuň Liwandaky ýarany Hizbulla garşy alyp barýan söweşiniň maksatlaryny giňeldýändigini aýdan Ysraýyl bu barada hiç bir düşündiriş bermedi.

"Biz söweşiň täze tapgyrynyň başlangyjynda durus, bu batyrlyk, tutanýerlilik we erjellik talap edýär" diýip, Ysraýylyň goranmak ministri Ýoaw Gallant 18-nji sentýabrda Ysraýyl goşunyna ýüzlenip aýtdy. Ol partlaýjy enjamlar barada hiç zat aýtmady, ýöne Ysraýyl goşunynyň we howpsuzlyk guramalarynyň işine ýokary baha berdi we "netijeler örän täsirli boldy" diýdi.

Hizballa 18-nji sentýabrda, peýjer ýarylaly bäri uran ilkinji zarbasynda Ysraýylyň artilleriýa pozisiýalaryna raketalar bilen hüjüm edendigini aýtdy.

Ak tam taraplaryň ählisine ýagdaýlary ýitileşdirmezlik duýduryşyny berdi.

“Biz emele gelen krizis ýagdaýyndan çykmagyň çäresi ýene bir harby operasiýa geçirmekdedir öýtmeýäris” diýip, Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi žurnalistlere aýtdy.

"Biz şindem ýagdaýyň ýitileşmeginiň öňüni almagyň, Liwanda başga bir frontuň açylmagynyň öňüni almagyň iň gowy ýolunyň diplomatiýa degişlidigine ynanýarys" diýip, Kirbi sözüniň üstüni ýetirdi.

“Human Rights Watch” guramasynyň ozalky ýerine ýetiriji direktory Kennet Rot bu hüjümler barada X platformasynda pikirini aýdyp, halkara ynsanperwerlik kanunlarynyň, “hut asuda ilatyň töwekgellige salynmazlygy üçin”, parahat adamlaryň hem ulanyp biljek enjamlary bolan mini-duzaklary ulanmagy gadagan edýändigini aýtdy.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili hat ýazyp, Tähranyň Liwandaky ilçisini hem ýaralan peýjer partlama hüjümine ýakyndan seretjekdigini aýtdy. Şeýle-de, Tähranyň “talap edilýän zerur çäreleri görmek üçin, halkara hukugyna laýyklykda, öz hukuklaryny özünde goýýandygyny” aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken ABŞ-nyň bu hüjümler barada hiç zat bilmeýändigini gaýtalady.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi 20-nji sentýabrda duşuşyp, peýjer partlamalaryny ara alyp maslahatlaşar diýip, Sloweniýanyň BMG-däki ilçisi, 15 agzaly geňeşiň sentýabr aýyndaky prezidenti Samuel Zbogar aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 18-nji sentýabrda peýjer partlamalarynyň "Liwandaky ýagdaýlaryň dramatiki ýitileşmek howpuny” görkezýändigini duýdurdy we mundan sowulmak üçin ähli zatdy etmelidigini aýtdy.

Şeýle-de, ol raýat obýektleriniň ýaraga öwrülmezliginiň örän möhümdigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG