Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň “aýylganç tragediýa” atlandyran rus dron hüjümi ukrain sebit paýtagty Sumy şäherinde köp gatly ýaşaýyş binasyna zarba urup, azyndan dokuz adamy öldürdi, 13 adam, şol sanda bir çaga şikeslendi diýip, resmiler aýdýar.
Ukrainanyň prokuratura edarasyna görä, 30-njy ýanwar hüjüminde öldürilenleriň arasynda ýaşlary 61-74 ýaş aralygynda bolan üç sany jübüt bar. Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy halas ediş işleriniň heniz hem dowam edýändigini habar berýär.
Ukrainanyň Howa güýçlerine görä, Russiýa ýurt boýunça gijeki hüjüm tolkunlaryna öwrülen zarbalarda Ukraina garşy 80-den gowrak dron hüjümini amala aşyrdy. Dronlaryň aglabasy goranyş raketalary arkaly urlup ýykyldy, ýa-da elektronik signal petiklemeler arkaly ýoldan çykaryldy.
“Aýylganç tragediýa, aýylganç rus jenaýatçylygy” diýip, Zelenski zarba barada aýtdy.
“Dünýäniň terror boýunça Russiýa basyş etmekde säginmezligi möhüm bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Resmiler binanyň dört gatynda bäş kwartiranyň hem-de 12 sany balkonyň ýumrulandygyny aýtdylar. Zarbada 80-den gowrak penjirä we balkonlara zeper ýetdi, 20-den gowrak awtoulag täsirlendi.
Şeýle-de, bu zarba binanda tok, suw we ýyladyş üpjünçiligini bökdedi, binanyň girelgeleriniň birinde gaz üpjünçiligi kesildi.
Biraz öň, “Suspilne” neşiri hüjümde şikes alan adamlaryň arasynda ýedi ýaşly çaganyň we 18 ýaşly oglanyň hem bardygyny, ejir çekenleriň hemmesiniň keselhana ýerleşdirilendigini habar beripdi.
Sebit dolandyryşynyň başlygy Wladimir Artýuh Sumy şäherindäki köp gatly bina edilen hüjümiň sagat 00:18-de bolup geçendigini, ýaşaýyş jaýyndan 118 adamyň ewakuasiýa edilendigini aýdypdy.
Bu aralykda, rus pilotsyz uçarlary öten agşam Dunaý derýasynyň boýundaky ukrain portlaryna ýene-de hüjüm etdiler. “Odessa INFO” Telegram kanaly Izmail şäheriniň hem-de portunyň töwereginde bolup geçen partlamar barada habar berýär.
Ukrainanyň Howa güýçleriniň serkerdeligi rus goşunlarynyň 31-nji ýanwara geçilen gije Ukraina 102 sany pilotsyz uçar hüjümini gurandygyny habar berdi.
Ýerli wagt bilen ir sagat 9: 00-a çenli ukrain harbylary Harkow, Poltawa, Sumy, Kiýew, Çernihiw, Çerkasy, Kirowohrad, Žitomyr, Hmelnytskiý, Dnipropetrowsk, Mikolaý we Odesa sebitlerinde 59 pilotsyz uçary urup ýykdy, ýene 39 dron ýerli derejede ýitirim edildi.
Odesa sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Kiper rus goşunlarynyň Çernomorsk şäherine eden dron hüjüminde dört adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, hüjüm netijesinde şäher hassahanasyna, hususy ýaşaýyş jaýyna, dolandyryş binasyna, däne ammaryna we ýük awtoulagyna zyýan ýetdi.
Rus güýçleri dronlar, raketalar, dolandyrylýan bombalar we zalp-atyş raketa ulgamlary bilen yzygiderli görnüşde ukrain şäherlerini nyşana alýar.
Köp sanly subutnamalara garamazdan, Russiýa özüniň Ukraina garşy amala aşyrýan giň gerimli çozuşynda raýat desgalaryna bilkastlaýyn hüjüm edýändigini ret edýär.
Muňa garamazdan, ukrain resmileri we halkara guramalary şeýle hüjümleri uruş jenaýatlary hökmünde kesgitläp, olaryň asuda raýatlara, keselhanalara, mekdeplere we möhüm desgalara bilkastlaýyn hüjüm edýändigini nygtaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum