Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Polşada ýygnanan dünýä liderleri bilen ukrain meselesine ünsi jemleýär


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 27-nji ýanwarda Polşadaky Oswensim lageriniň bendilerini[ azat edilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärä gatnaşdy..
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 27-nji ýanwarda Polşadaky Oswensim lageriniň bendilerini[ azat edilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärä gatnaşdy..

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Oswensim ölüm lageriniň bendileriniň azat edilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli dünýä ýurtlarynyň liderleriniň Polşada bolan ýygnanyşygynda, rus güýçleriniň soňky aýlarda esasy nyşanasyna öwrülen Pokrowsk şäherine hüjüm edýän wagtynda, öz ýurduna berilýän goldawy güýçlendirmek üçin tagalla etdi.

"Ukraina mundan aňryk berjek goldawyny ara alyp maslahatlaşmak üçin, men Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdym" diýip, Zelenski 27-nji ýanwarda Polşadan X platformasynda paýlaşan ýazgysynda aýtdy.

“Biz esasan howpsuzlyk hyzmatdaşlygyna, Ukraina we tutuş Ýewropa babatynda howpsuzlyk kepillikleri üçin mümkin bolan formatlara ünsi jemledik. Biz ÝB-ne agza bolmak meselesindäki gepleşikler prosesinde hem Fransiýanyň goldawyna bil baglaýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski soňky çykyşynda 2014-nji ýylda Kremliň Krymy ele geçirmegi we bikanun anneksiýa etmegi bilen başlanan hem-de 2022-nji ýylyň fewral aýynda Moskwanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli hüjüminden soň güýçlenen uruşda Russiýa bilen ylalaşyk baglaşmak meselesine has açykdygyny aýtdy.

Ýöne ol Kiýewiň diňe Ukrainada giň howpsuzlyk kepilliklerini üpjün edip biljek, şol sanda ABŞ-nyň gatnaşmagy we ýolbaşçylygy tarapyndan goldanýan Ýewropa parahatçylyk goşunlary ähtimallygy bolan ylalaşyga razy boljakdygyny aýtdy.

Zelenski Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta bilen hem duşuşdy we X platformasynda onuň ukrain liderini "ÝB-niň berk goldawyna" ynandyrýandygyny ýazdy.

“Men ony Ukrainanyň ÝB-ne agza bolmagy ugrunda işlemegini dowam etdirmäge hyjuwlandyrdym. Ukrainanyň şu wagta çenli eden ilerlemesi ajaýyp boldy. ÝB näçe wagt gerek bolsa, Ukraina bilen şonça uzak bile durar" diýip, Kosta aýtdy.

ÝB 27-nji ýanwarda Russiýa garşy Ukraina çozandygy üçin girizilen giň gerimli sanksiýalaryny täzeledi.

“Ýewropa öz sözünde durýar. ÝB-niň daşary işler ministrleri ýap-ýaňy ýene Russiýa garşy sanksiýalaryň möhletini uzaltmak ylalaşygyna geldiler” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Kaýa Kallas X platformasynda ýazdy.

Zelenski Oswensim çäresine gatnaşmaga Kiýewdäki Babiý Ýar holokost ýadygärligine şem goýanyndan soň geldi. Babiý Ýar faşitleriň 1941-nji ýylda iki günüň dowamynda 30,000-den gowrak ýewreýi öldüren ýeri boldy.

"Bu faşistleriň tutuş bir halky ýok etmek, onuň ähli agzasyny öldürmek we ýewreý milletini ýatladýan ähli zady ýok etmek üçin bilkastdan eden synanyşygydy. Alty million pida" diýip, Zelenski X-de ýazdy.

Söweş meýdanynda, Ukrainanyň baş ştabynyň 27-nji ýanwar güni giçlik beren habaryna görä, rus goşunlary Pokrowsk sebitinde azyndan 77 hüjüm etdi, olaryň 65-isi yzyna serpikdirildi, 12 hüjüm henizem dowam edýär.

Pokrowsk, Ukrainanyň Donetsk sebitindäki möhüm logistika merkezi bolmak bilen, rus güýçleri tarapyndan uzak we rehimsiz hüjüm edilen şäher bolup durýar.

Analitikleriň çaklamasyna görä, Pokrowskini basyp alsalar, Donetskdäki indiki esasy ýol ulgamyny ele geçirmek üçin demirgazyga, Kramatorsk şäherine tarap süýşmezlerinden öň, pozisiýalaryny berkitmekden ötri, rus güýçleri biraz arakesme etjege çalym edýär.

Forum

XS
SM
MD
LG