Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, "bikanun" diýip atlandyrmak bilen, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen göni parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek mümkinçiliklerini aradan aýyrdy. Bu ýagdaý ukrain liderini Putini 3 ýyla golaýlan urşuň soňlanmagyna çözgüt gözlenmeginden “gorkmakda” aýyplamagyna alyp geldi.
"Siz islendik adam bilen gepleşik geçirip bilersiňiz, ýöne bikanunlygy sebäpli, onuň [Zelenskiniň] hiç zada gol çekmäge hukugy ýok" diýip, Putin 28-nji ýanwarda döwletiň "Rossiýa 1" teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
Şeýle-de, ýüzbe-ýüz gürleşmegiň ýerine, eger-de Zelenski gatnaşjak bolsa, ol bu gepleşiklere “gatnaşjak adamlary bölüp berip biljekdigini” aýtdy.
Putin Zelenskini kanuny lider hasaplamaýandygyny birnäçe gezek aýtdy, ol onuň bäş ýyllyk wezipe möhletiniň geçen ýylyň 20-nji maýynda tamamlanmalydygyny belledi.
Ukrainanyň prezident saýlawy 2024-nji ýylyň 31-nji martynda geçirilmelidi. Ýöne Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan giň gerimli urşy sebäpli, bu ýurt henizem harby kanun düzgüninde ýaşaýar we bu ýagdaý saýlawyň yza süýşürilmegine sebäp boldy.
Konstitusiýa laýyklykda täze döwlet baştutany saýlanýança öz borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirmeli bolan Zelenski Putiniň bu aýdanlaryna urşy soňlamak üçin geçirilmeli gepleşiklere päsgelçilik döredýän rus lideri diýip jogap berdi.
"Şu gün Putin gepleşiklerden gorkýandygyny, güýçli ýolbaşçylardan gorkýandygyny we urşy uzaltmak üçin mümkin bolan ähli zady edýändigini ýene bir gezek tassyklady" diýip, Zelenski sosial mediada ýerleşdiren ýazgysynda aýtdy.
"Häzir biz bu ýerde hakyky parahatçylygy gazanmak mümkinçiliginiň bardygyny görýäris, ýöne hut Putin, parahatçylygyň deregine ýa doly gerimli öldürmegi dowam etdirmek, ýa-da täze giň gerimli çozuşa taýýarlanmaga arakesme almak üçin, gibrid zarbalary urup, ähli zady edýär" diýip, Zelenski aýtdy.
Ukraina Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda başlan giň gerimli çozuşyndan bäri harby kanun düzgünleri astynda ýaşaýar we, uruş döwründe saýlaw geçirmekçi bolsa, kanuna üýtgetme girizmeli bolardy.
Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan giň gerimli urşuny bes etmegi üçin, prezident Donald Trampyň 20-nji ýanwarda bolan kasam kabul ediş dabarasyndan soň bu konflikti soňlamak üçin sahna arkasynda geçirilýän gepleşikleriň ýaýbaňlanýandy baradaky habarlaryň arasynda, Zelenski Birleşen Ştatlaryň Moskwa basyş etmegini gazanmaga çalyşýar.
Tramp wezipesine girişeli bäri, eger Moskwa gepleşik stoluna gelmese, Russiýadan ABŞ-a we beýleki ýurtlara gelýän harytlaryň ählisine agyr salgyt salmak, tarif, goşmaça nyrh we sanksiýa girizmek haýbatyny atýar.
"Eger biz ‘ylalaşyk’ baglaşmasak we muny tiz etmesek, mende Russiýanyň Birleşen Ştatlara we beýleki dürli gatnaşyjy ýurtlara satýan zatlaryna ýokary derejede salgyt salmakdan, tarifleri we sanksiýalary girizmekden başga alaç ýok" diýip, Tramp 22-nji ýanwarda özüniň sosial media web sahypasynda, “Truth Socialda” ýazdy.
Bu haýabatlar Trampyň Putin barada ozal eden öwgüli gürrüňlerine, ABŞ-nyň Ukraina berýän goldawyny tankytlap aýdan sözlerine we urşuň tizden-tiz bes edilmegine bolan ymtylmalaryna garşy gelýär. Trampyň mundan öňki sözleri Ukrainanyň tarapdarlarynyň arasynda onuň, ylalaşyk baglaşmagyň hatyrasyna Kiýewiň bähbitlerini pida berip, ahyr netijede Russiýany güýçlendirip biljekdigi baradaky aladalary döredipdi.
Olarda "hiç bir aýratyn täze elementleri" görmeýändigini aýdyp, Kreml Trampyň aýdan berk sözlerine baş galdyrmady.
Ukraina indi tas bir ýyl töweregi wagt bäri söweş meýdanynda öz berkitmelerini ýitirýär, sebäbi Russiýanyň has uly we has gowy ýaraglanan harby güýçleri ukrain goranyşyny basyp ýatyryp, olaryň köp sanly adam pidasyny çekmegini gazanýar.
Kiýewiň iň uly meseleleriniň biri güýçden gaçan bölümleriniň üstüni doldurmak üçin ýeterlik derejede adam toplamakdan ybarat bolmagynda galýar. Hökümet geçen ýyl erkekleri mobilizlemek ulgamyna gaýtadan seretdi, emma Ukrainanyň öň hatarlardaky güýçlerinde henizem adam güýji gaty azlyk edýär.
Zelenski, ýurduň demografiýa ýagdaýyna ýaramaz täsir etjekdigini aýdyp, goşuna alynýanlaryň ýaşyny 18 ýaşa çenli peseltmäge garşy çykdy.
Forum