Ukrain resmileri 10-njy sentýabrda ruslaryň giň gerimli dron we raketa hüjümleriniň Kiýewi hem-de ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky möhüm infrastruktura desgalaryny nyşana alandygyny aýtdy.
Bu aralykda, rus resmileri öten agşam Ukrainanyň dron sürüleri bilen amala aşyran hüjümleri zerarly, paýtagtyň golaýynda bir aýalyň heläk bolandygyny, Moskwanyň üç howa menzilinde bolsa, uçuşlaryň togtadylandygyny aýtdylar.
Moskwa sebitiniň häkimi Andreý Worobýow dronlar köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna zarba uranda Ramenskoýe şäherçesinde bir aýalyň heläk bolandygyny, başga-da dört adamyň şikes alandygyny aýtdy.
Onlarça ýaşaýjy agyr zyýan çeken köp gatly binadan ewakuasiýa edildi diýip, resmiler aýtdy.
Ýerli media serişdeleri rus goranyş çeşmeleriniň sözüni getirip, Russiýanyň dokuzdan gowrak sebitinde geçen gije howa goranyş ulgamlarynyň 144 sany ukrain dronyny urup ýykandygyny aýtdylar.
Russiýanyň milli awiasiýa edarasy, ‘Rosawiatsiýa’ dron hüjümleriniň yz ýany, Moskwanyň üç halkara howa menzilinde – Domodedowo, Žukowskiý we Wnukowo aeroportlarynda – howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, uçuşlaryň togtadylandygyny aýtdy.
Şondan birnäçe sagat soňra bu aeroportlaryň kadaly iş tertibine geçendigi aýdyldy.
Bu aralykda, Ukrainanyň Howa güýçleri Russiýanyň geçen gije iki raketa we 46 dron bilen hüjüm edendigini aýtdy. Ol bu dronlaryň 38 sanysyny urup ýykandygyny mälim etdi.
Ukrain paýtagtynyň harby administrasiýasy ýerli wagt bilen daňdan sagat 4:00-de başlap, iki sagat töweregi dowam eden howa duýduryşlaryndan soňra, özüniň howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň Kiýewe tarap gönükdirilen uçarmansyz howa enjamlarynyň ählisini urup ýykandygyny aýtdy.
Kiýew resmileri şähere hiç hili zyýanyň ýetmändigini aýtdy.
Bu aralykda, resmiler Dnipropetrowsk sebitiniň Nikopol şäherçesine edilen gijeki hüjümde 16 ýaşly gyzyň heläk bolandygyny we başga-da üç adamyň şikes alandygyny aýtdylar.
Dnipropetrowsk sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak gyssagly kömek gulluklarynyň bu gyzy ýykylan binanyň harabaçylygyndan çekip çykarandyklaryny, ýöne ony halas edip bilmändiklerini aýtdy.
Demirgazyk-günbatar Sumy sebitiniň harby administrasiýasy rus güýçleriniň möhüm infrastruktura desgalaryna hüjüm edendiklerini, ýöne howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň bu hüjümleriň täsirini ymykly pese gaçyrandygyny aýtdy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy iki tarapyň öňe sürmelerini-de garaşsyz tassykladyp bilmeýär.
Moskwanyň 36 aý bäri dowam etdirýän giň gerimli çozuşynyň möhüm aýratynlygy bolan we tutuş ýurt boýunça ilatly ýerleri, elektrik desgalaryny we beýleki infrastrukturalary nyşana alýan raketa hüjümleri Ukraina tarapyndan amala aşyrylýan serhetüsti dron hüjümleri bilen barha köp garşylyk tapýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum