Dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ogurlyk we talaňçylyk hadysalarynyň gerimi ep-esli ýokarlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary we Lebap welaýatlaryndaky habarçylary ençeme ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berýärler. Şeýle meýiller sosial ulgamlarda hem giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.
Baýramaly etrabyndan bolan birnäçe ýaşaýjy soňky wagtlarda obalardaky täze mellek ýerlerinde esasan gurluşyk harytlarynyň has köp ogurlanýandygyny tassykladylar.
Garagum etrabynyň birnäçe ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen aýry-aýry gürrüňdeşlikde ilatyň mellek ýerlerindäki suw sorujy enjamlarynyň, nasoslaryň, şeýle-de mallarynyň ogurlanýandygyny aýtdylar.
Şäher ýerlerinde hojalyklaryň şahsy goşlarynyň talanylmagy, şol sanda welosipedleriň ogurlanmagy bilen bagly wakalar ýüze çykarylýar.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy, sebit merkezinde metaldan ýasalan poçta gutularynyň has köp ogurlanyp başlanandygyny habar berýär. Öňler bu sebitde üsti açylan şuňa meňzeş ogurlyk meýilleriniň hatarynda lagym ulgamlarynyň metal gapaklary ogurlanýan ekeni.
Bu aralykda, görnüşinden, Türkmenistanda howpsuzlyk kamerasy arkaly surata düşürilip, ýaňy-ýakynda TikTok ulgamynda paýlaşylan bir wideoda gündiz köçede ýöräp barýan bir aýal maşgalanyň erkek adam tarapyndan talanylyşy görkezilýär.
Wideoda görkezilen detallardan çen tutulsa, 07/05/2024 senesinde ir sagat 7:30 töwereklerinde howpsuzlyk kamerasy arkaly düşürilen wideoda, ýaşyrak görünýän bir erkek adam köçede ýöräp barýan bir ýaş gelniň üstüne topulýar. Ol köçede gündiziň güni aýala hüjüm edip, ilkibaşda, gara ellikli çep eli bilen onuň agzyny ýapýar, soňra bolsa, görnüşinden, sag eli bilen ýaş gelniň boýnundaky zynjyryny goparyp alyp, gaçyp gidýär. Aýal maşgala ýere ýykylýar, soňra bolsa dyz çöküp, talaňçynyň yzyndan seredip galýar.
Azatlyk Radiosy sosial mediada paýlaşylan bu wideonyň hakykylygyny tassyklap bilmeýär. Ýöne mundan ozal habarçylarymyz şuňa meňzeş wakalar barada ençeme gezek habar berdiler.
Mary we Lebap welaýatlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar ýurtda ogurlyk we talaňçylyk hadysalarynyň artmagyny dowam edýän ykdysady kynçylyklar we çäklendirmeler bilen düşündirýärler.
Mary welaýatynda welosipedleri ogurlanan bir hojalyk ýitgisini bazarda satlyga çykarylanda tapýar. Olar öz welosipedlerini satlyga çykaran ýaş ýigidi tutup, ele salýarlar. Ogrynyň hossarlarynyň bu hadysa boýunça öňe sürýän wersiýasy jenaýat hadysalarynyň mümkin bolan sebäplerine belli bir derejede çyra tutýar.
“Aslynda, oglumyz iliň zadyna asla birugsat el degirmezdi. Biz bergä girip, işigimizdäki mallarymyzy satyp, ony daşary ýurtlaryň birine işe ugratmakçy bolduk. Emma häkimiýetler oglumyň Lebap welaýatyndan Özbegistana geçmegine rugsat bermediler. Soňra, täzeden çykdajy edip, Türkiýe döwletiniň üsti bilen, Ýewropa ýurtlarynyň birine ugratmakçy bolduk emma ýene-de Aşgabadyň aeroportyndan yzyna gaýtardylar. Geçirmediler, yzyna dolandy. Biz gaty uly bergä girdik, indi bergiden çykmak üçin ogurlyk edip başlandyr” diýip, tigir ogurlygynda tutulan ýaş ýigidiň kakasy aýdýar.
Bu diňe bir waka bolup, sebitlerde hasaba alynýan ogurlyk we talaňçylyk hadysalarynyň her haýsyna iterýän şertler bolmaly, her haýsynyň aňyrsynda, kökünde ýatan sebäpler bar.
Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylar giň ýaýran işsizligiň arasynda, daşary ýurtlara gitmäge çalyşýan ýöne migrasiýa işgärleri tarapyndan ýurtdan çykmagyna rugsat berilmeýän adamlaryň häzirki wagtda has-da köpelendigini aýdýarlar.
“Ogurlyk hadysalarynyň mundan-da beýläki köpelmeginden gorkýaryn. Neşekeşlik döwründe ogurlyk, talaňçylyk nähili bolan bolsa, ýene-de şol hadysalar gaýtalanar diýip howatyr edýärin” diýip, beýleki bir maryly ýaşaýjy aýtdy.
Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda we 2000-nji ýyllarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we neşekeşlik keseli giň ýaýrady. Bu döwürde sosial problemalar, şeýle-de ogurlyk, talaňçylyk hadysalary artdy.
Türkmenistanyň içeri işler edaralary ýurtda hasaba alynýan jenaýat hadysalary barada statistiki maglumatlary köpçülige aýan etmeýärler.
Statistika baradaky Döwlet komiteti işsizligiň derejesini açyp görkezýän hakyky sanlary äşgär etmeýär.
Azatlyk Radiosy ýygjamlaşýan ogurlyk hadysalary boýunça Lebap we Mary welaýatlarynyň polisiýa bölümlerinden resmi teswir alyp bilmeýär.
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Gallup” halkara gözleg instituty 2020-nji ýylda geçiren gözleg-barlag işlerine salgylanyp, Türkmenistany dünýäniň “iň howpsuz” ýurdy hökmünde yglan etdi.
Şol bir wagtda, Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça, “World Prison Brief” neşirine görä, dünýäde ABŞ-dan we Ruwandadan soňra üçünji orunda gelýär.
Giň ýaýran işsizligiň, ykdysady kynçylyklaryň arasynda ogurlyga ýüz urýan raýatlaryň hossarlary bu jenaýatlar bilen baglylykda häkimiýetleri aýyplaýarlar.
“Daşary ýurtlarda gazanç edip, işlemäge barýan adamlary ýoldan alyp galyp, olary özleri jenaýata iterýärler. Türkmenistanda hojalygy ekläp boljak iş tapylsa, hiç kim bala-çagasyndan aýra düşüp, daşary ýurtlara çykmazdy” diýip, Mary welaýatynda ogurlykda tutulan ýaş ýigidiň kakasy aýdýar.
Mundan ozal, geçen aýda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ilatyň guratmak üçin daşarda serip goýan egin-eşikleriniň we beýleki öý goşlarynyň ogurlanmagy bilen bagly hadysalaryň ýygjamlaşýandygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum