Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda zaýalanan azyk önümleriniň satylmagy ilatyň nägileligini artdyrýar


Türkmenabadyň bazary (Arhiw suraty)
Türkmenabadyň bazary (Arhiw suraty)

Türkmenistanda ýaramlylyk möhleti geçen ýa-da geçip barýan azyk harytlarynyň söwdasynyň öňüni almak boýunça resmi çäreler geçirilmeýär. Tersine hatda döwlet dükanlarynda satylýan harytlaryň ençemesiniň hili ýaramazlaşýar. Bu ýagdaý ilatyň nägileligini güýçlendirýär.

Türkmenabatda zaýalanan azyk önümleriniň satylmagy bilen baglanyşykly dawalar ýüze çykýar. Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatyna görä, ýerli häkimiýetler döwlet dükanlarynyň satyjylaryny zaýalanan ýumurtgany satmaga mejbur edýärler.

"Bu satyjylaryň we şäher ilatynyň arasynda gahar tolkunyna sebäp bolýar. Çüýrän ýumurtgany soňky günlerde şäherdäki hökümet dükanlarynyň tekjelerinde has köp görmek bolýar. Mesele şeýle bir çynlakaý welin alyjylar ýumurtgany satyn almazdan ozal barlamaga mejbur bolýarlar we önümleri satyn almakdan düýbünden ýüz öwürip gaýdýarlar" diýip, habarçymyz 13-nji iýunda habar berdi.

Soňky hepdelerde paýtagtda we welaýat merkezlerinde towuk ýumurtgasy birden arzan bahadan satuwa çykaryldy. Söwda resmileri we bazar satyjylary adatça gyt hasaplanýan bu harydyň bol söwdasynyň birden ýola goýulmagynyň sebäbini onuň ýaramlylyk möhletiniň geçip barýandygy bilen düşündirdiler.

Soňky günlerde Aşgabadyň bazarlarynda ýumurtga adaty bahasyndan dört esse arzan satyldy.

Şeýle-de, habarçylar arzan bahadan satylan ýumurtganyň esli böleginiň zaýalanan bolup çykandygyny habar berdiler.

Türkmenabadyň döwlet dükanlarynyň satyjylary häkimiýetleriň çüýrük ýumurtgany satdyrmak üçin özlerine basyş edýändigini gürrüň berdiler.

Azatlyk bilen anonim gürleşen satyjylaryň biri ýumurtgany satmakdan ýüz öwüren dükanlara ýeňillikli diýlip, arzanrak bahadan satmak üçin getirilýän başga harytlaryň, şol sanda towuk budunyň berilmejekdigi duýdurylypdyr.

Döwlet dükanlarynyň birinde işleýän satyjynyň anonimlik şerti bilen gürrüň bermegine görä, onuň dükanyna getirilen 150 kilograma golaý towuk budunyň ýany bilen bir müň sany ýumurtgany satmak hem talap edilipdir.

Emma satyjylaryň köpüsi zaýalanan ýumurtgany satmakdan ýüz öwürýärler.

"Ilatyň satyn alyş güýji onsuzam pes. Ýokary hilli önümler köpçülige elýeterli däl wagtynda, olara zaýalanan önümleri mejburlyk bilen satmak kyn ýagdaýy hasam agyrlaşdyrýar. Pes hilli önümleri satmak müşderileriň bize ynamyny gaçyrýar we abraýa zyýan ýetirýär" diýip, döwlet dükanynyň işgäri aýtdy.

Döwlet eýeçiligindäki dükanlaryň satyjylary özleriniň hökümetiň syýasatyndan nägiledigini aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, habarçymyz bilen gürleşen satyjylaryň käbiri ýokardan edilýän buýrugy ýerine ýetirmäge borçludygyny aýdýarlar.

Türkmenabatda möhleti geçen ýumurtga söwdasy bilen baglylykda welaýatyň söwda resmilerinden we Türkmenistanyň söwda ministrliginden resmi görnüşde maglumat alyp bolmady.

Türkmenabatly alyjylar hem ýagdaýdan nägile bolýarlar we zaýalanan önümleriň soňky döwürde satuwda has köp duş gelýändigini aýdýarlar.

"Döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň hili ýaramazlaşýar. Bu adamlaryň saglygyna howp salýar. Hökümet bizi zäherläp öldürmek niýeti bar ýaly, eýýäm bütin welaýat zaýalanan ýumurtganyň satylýandygyndan habarly” diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Ýurtda möhleti geçen harytlaryň satylmagy ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Uzaga çeken azyk gytçylygynyň fonunda möhleti geçen harytlar subsidirlenen önüm hökmünde ýa-da ýeňillikli bahadan satylan un, çörek, çag we ýumurtga ýaly önümleriň gapdalyndan goşulyp satyldy.

Bu aralykda ilatyň şol sanda çagalaryň zaýalanan azykdan zäherlenýän halatlary köpeldi.

Subsidirlenen bahadan satylan azyk harytlarynyň hiliniň köplenç pes bolmagyna garamazdan, pes girdejili ilat köpçüligi arzanrak azyga mätäçlik çekýär.

Türkmenistanyň hökümeti 2017-nji ýylyň aýagynda başlanan we şondan bäri saklanyp galýan azyk krizisini we ilatyň durmuş derejesiniň pese gaçmagyny görmezlige salýar. Döwlet ýolbaşçylary, şol sanda söwda resmileri azyk gytçylygyny açyk agzamaýar we problemalaryň sebäpleri barada ilata düşündiriş bermän gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG