Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda 'zaýalanan ýumurtgadan' zäherlenýän raýatlar köpelýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde azykdan zäherlenip, hassahana ýüz tutýan adamlar göz-görtele köpelýär. Ýeli lukmanlar olaryň aglabasynyň ýumurtgadan zäherlenýändigini aýdýarlar. Bu waka, sebitiň bazarlarynda satylýan ýumurtgalaryň zaýa çykmagy bilen bagly wakalaryň köpelen mahalyna gabat gelýär.

"Baýramaly hassahanasyna ýüz tutýan adamlaryň ählisinden näme iýendiklerini soranymyzda, olaryň aglabasy ýumurtga iýendigini aýdýar. Hassahana ýüz tutýan näsaglar ysgynsyzlykdan, içgeçmeden ejir çekýärler we yzygiderli gaýtarýarlar. Olara dürli sanjymlar edilýär" diýip, hassahananyň bir lukmany anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Adamlaryň köpüsiniň gaýtadan aýaga galmagy üçin azyndan üç gün gerek bolýar. Bu üç günüň dowamynda olaryň saglyk bejergileri dowam edýär.

"Näsaglar bu bejergi üçin her gününe azyndan 150-200 manat sarp etmeli bolýarlar" diýip, habarçy belledi.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada Baýramalynyň hassahanasyndan we ýerli saglyk bölüminden kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Ýöne habarçymyz soňky günlerde agyz beklände iýmek üçin ýumurtga satyn alýan adamlaryň köpelmegi bilen birlikde, ýumurtgalaryň zaýa çykmagy ýaly wakalaryň hem artandygyny aýtdy.

"Köp adam dok saklaýandygyny, uzak gün ajykdyrmaýandygyny aýdyp, agyz beklände ýumurtga iýýär. Ol esasy satyn alynýan harytlaryň birine öwrüldi. Ykdysady kynçylyklaryň ýiti täsirinden ejir çekýän adamlaryň köpüsi ilat arasynda 'ak ýumurtga' atlandyrylýan arzan ýumurtgany satyn almaga ýykgyn edýär. Ýöne bu ýumurtgalaryň köpüsiniň içinden ýakymsyz ys gelýär ýa-da içinde ganly damarjyklar bolýar. Howanyň gyzmagy bilenmi ýa-da ýumurtgalaryň möhleti geçenmi belli däl. Ýöne bir gezek satyn alan adam, şol ýumurtgadan gaýtadan satyn almaýar" diýip, habarçy aýtdy.

Bellesek, Türkmenistanda 23-nji martdan 20-nji aprele çenli musulmanlaryň mukaddes Remezan aýy dowam edýär we bu aýyň dowamynda mümkinçiligi bolan dindarlar agyz bekleýärler.

Habarçymyz elýeterli ýumurtganyň bahasynyň 1 manada barabardygyny, öý towuklarynyň ýumurtgasynyň 1,60 manada deňdigini hem aýtdy.

"Ýaşaýjylar hiç bir edara ýüz tutmaýarlar. Sebäbi olar haýsy edara ýüz tutmalydygyny, kimi günäkärlemelidigini hem bilmeýärler. Diňe edip bilýän zatlary ýumurtgany satyn almazlyk" diýip, habarçy belledi.

Geçen hepde garaşsyz neşir "Turkmen.news" hem, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki bazarlarda zaýalanan ýumurtgalaryň peýda bolandygyny, bularyň Russiýadan import edilendigini habar berdi.

"Önümleriň [ýumurtgalaryň] hemmesi zaýa däl. 30 sany ýumurtga satyn alanyňyzda, olary saýlap, bäşisini taşlamaly bolýar we galanlaryny iýip bolýar. Muňa garamazdan, rus harydyny satyn alyp gören alyjylaryň köpüsi gaýtadan ýerli önümleri satyn almaga ýykgyn edýär" diýip, neşir öz çeşmesine salgylanyp, 31-nji martda aýtdy.

Türkmenistanyň bazarlarynda we döwlet dükanlarynda zaýalanan ýa-da ulanyş möhleti geçen azyk önümleriniň satuwa çykarylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Ýanwaryň ahyrynda Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz Türkmenbaşy şäheriniň bazarlaryndaky we dükanlaryndaky söwda tekjelerinde ýaramlylyk möhleti geçen azyk önümleriniň ençeme görnüşiniň peýda bolandygy barada maglumat berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar we munuň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtmaýarlar.​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG