Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilatyň eşikleriniň we goşlarynyň ogurlanmagy bilen bagly hadysalar köpelýär


Türkmenistanda ilatyň guratmak üçin daşarda serip goýan egin-eşikleri we beýleki öý goşlary (Arhiw suraty)
Türkmenistanda ilatyň guratmak üçin daşarda serip goýan egin-eşikleri we beýleki öý goşlary (Arhiw suraty)

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ilatyň guratmak üçin daşarda serip goýan egin-eşikleriniň we beýleki öý goşlarynyň ogurlanmagy bilen bagly hadysalaryň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar.

Ogurlanan eşikler we goşlar köplenç şäheriň “Köneçiler” bazarlarynda satuwa çykarylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

“Men ikinji etažda ýaşaýaryn. Maý aýynyň dowamynda balkonymyň öňündäki kir serilýän tardan iki gezek eşiklerimi ogurladylar. Ogurlyk hadysalary diňe gije däl, gündiz çagy hem bolýar” diýip, şäheriň 2-nji etrapçasynyň ýaşaýjysy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Şuňa meňzeş wakalar bilen şäheriň 1-nji, 2-nji, 3-nji, Bahar, Himik, Derýaçy etrapçalarynyň we 374-nji kwartalynyň ýaşaýjylary soňky dört aýyň dowamynda onlarça gezek ýüzbe-ýüz boldular.

“Esasan täze ýa-da durky ganymat görünýän egin-eşikler, halylar, ýorgan-düşekler we olaryň daşlary ogurlanýar” diýip, Bahar etrapçasynyň ýaşaýjysy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Ilatyň egin-eşikleriniň we beýleki goşlarynyň ogurlanmagy bilen bagly hadysalaryň köpelendigini Azatlygyň şäheriň polisiýa bölümindäki çeşmesi hem tassyklaýar.

“Maý aýynyň başyndan tä iýun aýynyň 5-ne çenli aralykda diňe şäheriň içinde 23 sany egin-eşik ogurlygy, dört sany haly ogurlygy we iki sany düşek ogurlygy hasaba alyndy. Polisiýa arz etmeýänleriň sany hem ýeterlik” diýip, çeşmämiz belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, ogurlanan eşikleriň we beýleki goşlaryň hümmetiniň pesligi zerarly, polisiýa bölümi bu wakalara üns berip, düýpli derňew işlerini geçirmeýär.

“Diňe ertirki nyzamlarda bu ogurlyk hadysalary agzalyp geçilip, bu işler bilen meşgullanmaklyk, şäher etrapçalarynyň asudalygyna gözegçilik edýän polisiýa işgärlerine tabşyrylýar. Biz hem haýsy bir jaýyň howlusyny garawullap duraly?!” diýip, polisiýadaky çeşmämiz belleýär.

Şeýle-de, ol raýatlaryň öz ogurlanan eşiklerini we beýleki goşlaryny şäheriň “Köneçiler” bazarlarynda satuwa çykarylandygyny anyklamagy bilen bagly wakalaryň hem köp bolýandygyny aýdýar.

“Raýatlar öz emlägini köneçileriň elinde tapanda, köne goşlar satylýan bu bazarlarda tiz-tizden dawalar ýüze çykýar. Raýatlar bilen bu goşlary satýanlaryň sögüşip, ýakalaşmagy bilen bagly wakalar hem bolýar. Polisiýa köplenç muňa hem üns bermeýär” diýip, polisiýadaky çeşmämiz belledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň polisiýa bölüminden, welaýatyň Polisiýa müdirliginden resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň dürli künjeginde ilatyň daşarda guratmak üçin serip goýan eşikleriniň ogurlanýandygy barada sosial ulgamlarda hem maglumatlar, wideolar paýlaşylýar.

Ýakynda paýlaşylan wideolaryň birinde bir zenan daşarda dört sany köýnegini serip goýandygyny, aradan iki sagat hem geçmänkä ogurlanandygyny aýdyp, nägileligini bildirýär.

“Gapdalyndaky iki sany köneräk köýneg-ä goýupdyrlar, akja we täzelerimi bolsa ýöredipdirler. Il olary işläp-işläp nähili günlerde satyn alýar... Ogurlardan, talaňçylardan ýadadym...” diýip, zenan belleýär.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik, harytlaryň we hyzmatlaryň ýygy-ýygydan gymmatlamagy ilatyň sosial-ykdysady şertlerini barha agyrlaşdyrýar. Bu ýagdaýlaryň jemgyýetiň esasan hem gowşak gatlagyna ýetirýän täsirleriniň ilat arasynda barha köp duýulýandygyny, habarçylarymyz aýdyp gelýärler.

Bu habarlaryň arasynda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurtda dürli ogurlyk hadysalarynyň ýygjamlaşandygy barada yzygiderli magumatlar gelip gowuşýar.

Aprel aýynyň ahyrynda Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtyň söwda nokatlarynda ilatyň azyk ogurlamagy bilen bagly wakalaryň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýandygyny aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklar we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç hili mesele gozgamaýarlar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hem, ýurtda jenaýat hadysalarynyň ýokarlanmagyny ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG